Wulkaniki hereket

Çünki

2148594
Wulkaniki hereket

Gepleşigimiziň bu günki sanynda netijeleri jandarlar üçin betbagtçylyklara sebäp bolýan wulkaniki hereket hakynda durup geçmekçi. Wulkanlar atylýar, çünki, diýip söze başlaýarys…

Wulkanlar, ýer gabygynyň içindäki magmalaryň we gazlaryň ýeriň ýüzüne tarap göterilmegi hem-de erkine goýberilmegi netijesinde atylýar. Ýer gabygynyň aşagyndaky magma, ýokary ýylylyk we basynç astynda suwkluk görnüşinde bolýar. Magma, ýer gabynyň içindäki magmadik otaglarda üýşýär we şol otaglarda basynç emele getirýär. Basynç ýokarladygy saýyn ýokary hereket etmage başlaýar. Netijede ýeriň ýüzüni zarba bilen deşýän şol material ýeriň ýüzüne çogup çykýar.

Magmatiki gazlar umuman suwuň bugy,  kömürturşy gazy we azot ýaly birleşmelerdir. Magma ýokary çykdygy saýyn, düzümindäki gazlar hem basynç astynda eräp, onuň bilen bilelikde hereket edýär. Ol hem güýçli partlama netijesinde gazlaryň ýer gabygyny deşip, magmany ýeriň ýüzüne çykarmagyna sebäp bolýar. Şol partlamalaryň güýji gaýalary kilometrlerçe ýokary itip, daglaryň emele gelmegine sebäp bolýar. Wulkanik daglar tufalar we lawa akymlary ýaly ençeme wulkaniki maddalaryň ýeriň ýüzünde sowamagy bilen emele gelýär. Türkiýedäki Nemrut, Erjiýes we Süphan bilen Italiýadaky Etna we Wezýuw, Ýaponiýadaky Fuži, Indoneziýadaky Tambora daglary muňa mysal bolup durýar.

Partlama netijesinde wulkanik materiallar atmosfera atylýar. Şol materiallaryň arasynda kül we lawa bölekleri bilen wulkaniki bombalar atlandyrylýan uly gaýa bölekleri hem-de ýanyjy wulkaniki külden hem-de gazdan emele gelýän piroklastik erginler bardyr. Partlamalaryň güýji magmanyň akyşyna, ýeriň ýüzüne çykan materillaryň düzümindäki gazyň mukdaryna we wulkanyň umumy gurluşygy baglylykda üýtgeýär. Geologik tapgyrlaryň tebigy netijesi bolan wulkan atylmalarynyň çäginde tebigy we emele baýlyklara güýçli täsir ýetirýär.

Wulkanlar, geologik wagt birliginde uzak ýyllaryň dowamynda emele gelýär. Dünýäniň emele geliş tapgyrlarynda wulkaniki işjeňlik has ýygydan görülýär. Şol döwürde wulkanlar planetamyzyň ýokarky gatlagyny we atmosferany şekillendirip, şu günki görnüşe gelmegine goşant goşýar. Mysal üçin dünýäniň irki döwürlerindäki wulkaniki hereketler atmosferadaky gazlaryň we suwuň bugunyň emele gelmeginde möhüm rol oýnapdyr.


Etiketkalar: #atmosfera , #wulkan

Degişli Habarlar