Buldan bizi

Türkiyäniň Özboluşly Önümleri

1914113
Buldan bizi

Türkiyäniň Egeý sebitindäki senagat şäheri bolan Denizli welaýatynyň Buldan etraby, esasan hem elde dokalan önümleri bilen meşhurdyr.

Etrapdan adyny alan we geçmişi ençeme asyr ozala daýanýan Buldan Bizi, Buldanyň etrap häkimliginiň ýüz tutmagy netijesinde 2010-njy ýylda Türkiýäniň geografiki taýdan hasaba alynan önümleriniň arasyna goşuldy.

Buldan bizi örän inçe ýüplükden ýasalan, der siňdiriji aýratynlygy bolan we “Bükük biz” hem diýip atlandyrylýan dokalan matadyr.

Buldan biziniň öndürilmeginde ulanylýan ýüplük, ýüň ýa-da pagta ýüplükler ýuwmak, boýag, guratmak we saramak ýaly işlerinden geçirilýär.

Şol işleriň tamamlanmagyndan soň, ýüplükler bükülip, bükük ýüplük görnüşine geçirilýär.

Bükmek derejesi matanyň ulanylyş ýerlerini hem kesgitleýär. Buldan bizini dokamak işlerinde türklere mahsus motiwler ulanylýar, esasan hem çigildem, gwozdika ýaly gülleriň motiwleri saýlanýar.

Esasan hem ak reňkiň üstüne gyzyl reňk başda bolmak bilen, syrçanyň gök reňki, aýwa we sary zagpyran reňkleri ulanylýar.

Önümçilik tapgyryndan çykarylan Buldan bizi sabynly gyzgyn suwda ýuwulanyndan soň, keseligine çekilýär we ýygyrtly görnüş aýratynlygyna eýe bolýar.


Etiketkalar: #Denizli , #Buldan bizi

Degişli Habarlar