Orduda aryjylyk

Giňdir dünýe, geňdir Dünýe

1861361
Orduda aryjylyk

Türkiýäniň iň köp bal öndürýän şäheriniň Ordudygyny bilýäňizmi?

Saglyk taýdan peýdaly bolan bal, tebigatyň adama hödürleýän esasy sowgatlaryndan biri. Asyrlaryň dowamynda adamzat taryhy ýaly gadymydygy bilinýän balyň, ulanylýan ugurlary hem iňňän giň. Ençeme hassalyga peýdalydygy bilinýän bal, tebigy süýji hökmünde-de ulanylýar.

Türkiýe, bal önümçiliginiň giňden ýaýran ýurtlaryndan biri. Aryçylygy daglyk we baýyrlyk zolaklarda dowam etdirýän Türkiýe, dünýä bal önümçiliginde Hytaýdan soň ikinji orunda durýar. Türkiýäniň Gara deňiz sebitinde ýerleşýän Ordu bolsa,  Türkiýede bal öndürmekde birinji ýerde durýar. Orduda fundukdan soň esasy girdeji alynýan önümlerden biri bal. Soňky ýyllarda ortaça 18 müň tonna bal öndürýän Ordu, Türkiýäniň bal önümçiliginiň 15 göterimini amala aşyrýar. Ýewropa bal eksport edýän Ordunyň aryly gowa sany dünýädäki 84 ýurtdan, bal önümçilik mukdary bolsa 95 ýurtdan ýokarda.


Etiketkalar: #girdeji , #Ordu , #önümçilik , #bal

Degişli Habarlar