Gallipoli Milli Goraghanasy

Giňdir dünýe, geňdir Dünýe

1821463
Gallipoli Milli Goraghanasy

I Jahan urşunda taryhyň iň pajygaly söweşlerinden birini başdan geçiren Gallipoli ýarym adasynda milli goraghananyň bardygyny bilýäňizmi?

Gallipoli ýarym adasynyň günortasyndaky 33,000 gekdarlyk meýdan taryhy geçmişi, tebigy baýlyklary we Çanakgala söweşiniň şehitleri üçin gurlan Şehitler ýadygärligi bilen bilelikde “Milli goraghana” hökmünde dizaýn edildi. Dardanel bogazynyň Ýewropa böleginde ýerleşýän goraghana, 1973-nji ýylda gurulýar we BMG tarapyndan ykrar edilendir. Şol meýdanda 250 müňden gowrak Awstrliýa, Täze Zelandiýa, iňlis we fransuz esgerleriniň ýany bilen 60 müňden gowrak türk esgeriniň söweş gubyry hem-de ýadygärlikleri ýerleşýär.

“Taryhy goraghana” we “medeni gymmatlyk” derejesi bilen bellige alynan söweş meýdanlary, gubyrlar we ýadygarlikleriň ýany bilen gämiler, toplar, bukylar, galalar we diwarlar hem gelenleriň ünsüni çekýär. Goraghananyň içinde b.e.ozalky 4 müňünji ýyla degişli galyndylaryň ýerleşýän arheologik zolak bar.

Hem taryhy hem-de ruhy taýdan möhüm ähmiýete eýe bolan Çanakgala Şehitlik Ýadygärligi Gallipoli ýarym adasynda, Dardanel bogazynyň ujunda ýerleşýär. 1915-nji ýyldaky Çanakgala söweşinde pida bolan türk esgerleriniň hatyrasyna gurlan ýadygärlik kaşaň dört sütünden we gümmezden ybarat. Belentligi 41,7 metre barabar bolan ýadygärlik 1954-nji gurulmaga başlanýar we 1960-njy ýylyň 21-nji awgustynda açylýar.



Degişli Habarlar