Erdoganyň Özbegistana Sapary

Ýewraziýa Syn

1809821
Erdoganyň Özbegistana Sapary
erdoğan özbekistan.jpg
Erdoğan Özbekistan resmi karşılama-1.jpg
Erdoğan Mirziyayev Özbekistan.jpg
Erdoğan Mirziyayev Özbekistan1.jpg
Erdoğan Mirziyayev Hive Özbekistan2.jpg
Erdoğan Mirziyayev Hive Özbekistan.jpg

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R.T.Eroganyň Özbegistana guran sapary hakynda durup geçmek isleýäris.

2022-nji ýylyň mart aýynyň 29-30-y aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R.T.Erdogan Özbegistana resmi sapar gurady. Prezident Erdogan Daşkendiň halkara howa menzilinde Özbegistanyň döwlet Ýolbaşçysy Şawkat Mirziýoýew tarapyndan garşylandy.

Liderler maşgalalary bilen bilelikde Daşkentdäki Täze Özbegistan seýilgähine bardylar we R.T.Erdogan ol ýerdäki Garaşsyzlyk ýadygärligine gül desselerini goýdy.

Prezident Erdoganyň Täze Özbegistan seýilgähine baryp Garaşsyzlyk ýadygärligine gül dessesini goýan ilkinji daşary ýurt lideridigini nygtasymyz gelýär. Mundan beýläk Täze Özbegistan seýilgähi daşary ýurtly liderleriň we wekiliýetleriň saparynda barjak ýerlerinden biri bolar.

Prezident Erdogan gül desselerini goýandan soň Gök köşkde Özbegistanyň Prezidenti Mirziýoýew tarapyndan resmi dabara bilen garşylandy. Resmi garşylama dabarasyndan son Erdogan bilen Mirziýoýew ikiçäk gepleşikler geçirdi. Şol duşuşykda iki ýurduň liderleriniň özara sarpa goýmaga, dostluga we ynama esaslanýan köp ugurly Türkiýe-Özbegistan gatnaşyklarynyň hasam çuňlaşdyrylmagy boýunça pikir alyşdylar. Liderler sebitleýin we halkara meseleler hakynda pikir alyşyp, gün tertibindäki meselelere bolan garaýyşlarynyň birmeňzeşdigini beýan etdiler.

Liderler özara duşuşykdan soň Ýokary derejeli strategik Geňeşiniň ikinji maslahatyny geçirdiler. Liderler şol maslahatda şu ýyl Türkiýe bilen Özbegistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň açylmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilip geçilýändigini we 5 ýyl ozal iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň strategik hyzmatdaşlyk derejesine göterilendigini nygtadylar.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Erdogan iki ýurduň arasyndaky “doganlyga esaslanýan” strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň özra ynam we sarpa goýmagyň esasynda çuňlaşýandygyny beýan etdi. Taraplar özra gatnaşyklary täze derejä, ýagny giň gerimli strategik ýaranlyk derejesine götermek boýunça karar kabul etdiler.

Maslahatdan soň İslege bagly söwda şertnamasyna, Harby hyzmatdaşlyk etmek boýunça çarçuwaly ylalaşyga, şol sanda başgada birnäçe şertnama hem-de teswirnama gol çekişildi.

Prezident Erdogan 2022-nji ýylyň 30-njy martynda Özbegistanyň gadymy şäherlerinden Hywa bardy. Hywalylar tarapyndan şatlyk we şowhun bilen garşylanan Erdogan, Özbegistnanyň Prezidenti Mirziýoýewiň ýoldaşlyk etmeginde taryhy ýerleri gezip gördi. Mälim bolşy ýaly Hywa şäheri 2020-nji ýylda Türki dünýäniň medeni paýtagty bolupdy.

Türkiýe Özbegistanyň söwda gatnaşyklarynda 4-nji orny eýeleýär. Prezident Mirziýoýewiň beýan edişi ýaly özara söwda mukdary soňky 5 ýylyň dowamynda 2 esse, türk maýadarlarynyň Özbegistandaky maýa goýumlary 70 esse, bilelikdäki firmalaryň sany 5 esse artdy.

Özara gatnaşyklaryň giň gerimli strategik hyzmatdaşlyk derejesine göterilmegi taraplaryň goranyş senagaty pudagynda ýakyn hyzmatdaşlyk etmegine şertler döredýär. Daşkentde iki ýurduň Goranmak ministrlikleriniň arasynda gol çekişilen ylalaşygyň mazmuny hakynda maglumat berilmedi. Emma türk goranyş senagatynyň  önümleriniň üpjün edilmegi we olaryň Özbegistanda öndürilmegi iki ýurduň gün tertibinde durýar.

Jemläp aýdanymyzda Prezident R.T.Erdoganyň Özbegistana sapary netijeli geçdi. Gatnaşyklaryň barşy iki ýurduň gatnaşyklaryň hasam ösjekdigini görkezýär.



Degişli Habarlar