Aýaz Baba

Giňdir dünýe, geňdir dünýe

1755716
Aýaz Baba

Aýaz baba atlandyrylýan Keramatly Nikolanyň Antalýanyň Demre etrabynda ýaşap geçendigini bilýäňizmi?

Hristianlaryň arasynda ynsanperwerliligiň we pespälliligiň simwoluna öwrülen Keramatly Nikolanyň Antalýanyň Kaş etrabynyň golaýyndaky gadymy Patara şäherinde dünýä inendigi rowaýat edilýär. Soň häzirki Demre etrabynyň gadymy Myra şäherine barypdyr we ol ýerde ýaşlyk ýyllarynda ýepiskoplyk derejesine ýetipdir. Täze ýylda arzuwlary hasyl edýän; ähli baýlygyny garyp-gasara paýlan Keramatly Nikola rowaýata görä esasanda çagalaryň, garyplaryň, ýolagçylaryň we deňizleriň howandary bolupdyr.

Demräniň Myra etrapçasynda ýaşaýanlar onuň hormatyna aradan çykmagyndan soň buthana gurupdyrlar we lahidiniň şol ýerde baky galjakdygyna ynanypdyrlar. Buthananyň diwarlaryna “Keramatlaryň Keramatlysy” atlandyrylan Keramatly Nikolanyň edendigine ynanylan gudratlaryň suratyny çekipdirler. Buthana wagtyň geçmegi bilen Demre çaýynyň daşmagy sebäpli ýykylypdyr. 1956-njy ýylda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde ýüze çykarylypdyr. Her ýyl hristian ortodoks ynanjyna uýýan zyýaratçylar ölen güni bolan 6-njy dekabrda Keramatly Nikolany hatyralamak üçin Demrä gelip, dini çäre geçirýärler. Buthana 1994-nji ýyldan bäri muzeý hökmünde halka hyzmat edýär.



Degişli Habarlar