Stambulda ýerleşýän Soltan Ahmet metjidinin bütin dünýä meşhurdygyny bilýäňizmi?

Giňdir dünýe, geňdir dünýe 20.12.2021

1752548
Stambulda ýerleşýän Soltan Ahmet metjidinin bütin dünýä meşhurdygyny bilýäňizmi?

Stambulda ýerleşýän Soltan Ahmet metjidinin bütin dünýä meşhurdygyny bilýäňizmi?

Stambulda meýdanlardan birine ady dakylan Soltan Ahmet metjidi 17-nji asyryň esasy binagärlik eserlerinden biridir. Topgapy köşküniň we Aýasofýanyň ýanynda ýerleşýän kaşaň bina, Soltan Ahmet 1-njiniň buýrugy bilen döwrüň baş binagäri Sedefkar Mehmet Aga tarapyndan gurlan naýbaşy eserdir. Gurluşygyna 1609-njy ýylda başlanýar we 1617-nji ýylda gutarýar. Osman döwründe alty minarasy bolan ýeke-täk metjitdir. Osman metjitlerinden esasy faktorlardan biri bolan gümmez, Soltan Ahmet metjidinde hasam kaşaňdyr. Soltan Ahmet metjidindäki 260 penjiräniň ýerleşdirlişi sebäpli uly gümmez hamala diýersiňiz asylgy duran ýaly görünýär. Bu metjit ähli metjitlerde ýagty we giňdir.

Içerki we daşky bezegleri bilen diňe bir Türkiýede däl, eýsem eçeme ýurtda özüni tanadan Soltan Ahmet metjidi, mawy, gök we ak reňkli müňlerçe Iznik syrçasy bilen bezenendigi üçin daşary ýurtlarda “Mawy Metjit” hökmünde tanalýar. ÝUNESKO tarapyndan Dünýäniň Miras sanawyna goşulan bina, Türkiýäniň taryhy baýlyklarynyň esasylaryndan biridir.



Degişli Habarlar