Özbegistanyň Prezidentiniň Russiýa Sapary

Ýewraziýa Syn

1739630
Özbegistanyň Prezidentiniň Russiýa Sapary

Tapgyrlaýyn gepleşigimiziň bu sanynda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Russiýa Federasiýasyna resmi sapary hakynda durup geçmek

2021-nji ýylyň 19-njy noýabrynda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Russiýa sapar gurady. Moskwada Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen duşuşan Mirziýoýew, özara gatnaşyklaryň bar bolan derejesine kanagatlanma bildirdi. Mirziýoýew aýratynam iki ýurduň arasyndaky söwda mukdarynyň 7 milliard dollara golaýlandygyny beýan etdi. Kremlde geçirilen duşuşykdan soň iki ýurduň arasynda 18 şertnama gol çekişildi.

Saparyň çäginde iki ýurduň arasynda 3 sany ýokary derejeli maslahat geçirildi. Russiýa-Özbegistan Sebitleýtin Hyzmatdaşlyk Forumynyň 2-njisinde 14 milliard dollarlyk ylalaşyga gol goýuldy. Russiýa strategik hyzmatdaşlyk edýän ýurtlary bilen Sebitleýin Hyzmatdaşlyk Forumlaryny ýygy-ýygydan geçirýär we şol forumlar diňe bir ýerli dolanşyklar bilen çäklik bolman, ähli ugurlary öz içine alýan, gysga möhletde özara gatnaşyklaryň lokomotiw pozisiýasyny eýeleýän guramaçalyga öwrülýär.

2-nji Russiýa-Özbegistan Bilim Forumynda 35 ylalaşyga gol çekişildi. Özbegistanda Russiýanyň 15 ýokary okuw jaýynyň şahamçalary iş alyp barýar. İki ýurdun ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary geçen ýylyň maý aýynda Buhara şäherinde ylmy maslahat geçiripdi. Soňky birnäçe ýyldan bäri gol goýulan hökümetara ylalaşyklara laýyklykda russiýaly mugallymlar Özbegistanda rus dilinde dersler berýär. Bilim pudagynda Russiýanyň Özbegistan bilen hyzmatdaşlygy ýokary derejede dowam edýär.

2-nji Russiýa-Özbegistan Media Forumynda iki ýurduň media pudagyndaky hyzmatdaşlygyny giňeltjekdigi, daşarky propoganda garşy tejribe alyşjakdygy beýan edildi. İki ýurduň döwlet ýolbaşçylary maglumat howpsuzlyggy boýunça bilelikdäki jarnama gol goýdular.

2021-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Özbegistanyň Kanot Şarg howaýollary kampaniýasy Daşkent-Sçi ugry boýunça ilkinji saparyny amala aşyrdy. Ulaglar pudagynda Russiýa Özbegistan üçin strategik ähmiýete eýe bolup durýar.

Sapar bilen bagly habarlar Mirziýoýewiň Prezidentlige saýlanandan soň ilkinji resmi saparyny Russiýa guranjyfy nygtalýar. Şu ýerde Mirziýoýewiň Prezidentlige saýlanandan soň ilkinji daşary ýurt saparyny Türkiýä gurandygyny nygtap geçmek ýerlikli bolsa gerek. Prezident Mirziýoýew 12-nji noýabrda Stambulda Türk döwletleri guramasynyň 8-nji sammitine gatnaşypdy.

Özbegistanyň Prezidentiniň Diwany iki ýurduň arasynda şu ýyl 50-den gowrak ýokary derejeli özara saparyň guralandygyna ünsleriçekdi. Ol hem özara gatnaşyklaryň ösmegine goşant goşýar. Mysal üçin Özbegistanda iş alyp barýan rus firmalarynyň sany 2 müňden geçdi we Russiýa Hytaýdan son Özbegistana maýa goýan ikinji ýurt. Russiýa we Özbegistan mundan beýläk özara söwda gatnaşygynda tapgyrlaýyn häsýetde Amerikan dollardan el çekmek we ýerli pul birliklerinden peýdalanmak hakynda karar kabul etdi.

Prezident Şawkat Mirziýoýew döwründe Russiýa-Özbegistan gatnaşyklary hakykatdan hem täze bir derejä göterildi. Ruslaryň Özbegistanda atom energiýa bekedini gurmagy onuň açyk görkezijisidir. Şonuň bilen birlikde Özbegistan Kollektiw howosuzlyk ylalaşygy guramasy, Ýewraziýa ykdysady hyzmatdaşlygy ýaly Russiýanyň öňbaşçylyk edýän guramalaryna goşulman, öz garaşsyz syýasatyny alyp barmakda ygrarlydygyny görkeýär.



Degişli Habarlar