Garabag Ýeňişi

Ýewraziýa Syn

1531955
Garabag Ýeňişi

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Azerbaýjanyň Garabag ýeňişi hakda durup geçmek isleýär.

2020-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Ermenistanyň hüjüm etmegi sebäpli Daglyk Garabagda güýçli çaknyşyklar başlapdy. Şuşa şäheriniň Azerbaýjanyň goşunlary tarapyndan halas edilmeginden soň Ermenistan ýeňilişi boýun almaga we hüjümleri bes etmek hakyndaky ylalaşyga gol çekmäge mejbur bolýar. Russiýanyň töwellaçylyk eden üçtaraplaýyn ylalaşyga 2020-nji ýylyn 10-njy noýabrynda gol çekilişildi.

44 gün dowam eden söweşiň netijesinde Azerbaýjanyň goşunlary basylyp alynan 7 raýony, Şuşa bilen bilelikde şäheri halas etdi. Daglyk Garabagyň hukuk derejesi bolsa gepleşikler netijesinde kesgitlener. Ylalaşyga laýyklykda Agdam raýony 20-nji noýabra, Kelbejer 25-nji noýabra, Laçin 1-nji dekabra çenli boşadylar. Ýerinden ýurdundan jyda düşürilen bosgunlar BMG-niň Bosgunlar boýunça ýokary komissarlygynyn gözegçiliginde Daglyk Garabaga we etraplardaky öýlerine dolanyp bararlar.

Ylalaşygyň 3-nji maddasyna laýyklykda Daglyk Garabagdaky front liniýasyna we Laçin koridoryna jemi 1,960 esgerden, 450-den gowrak ulagdan ybarat Rus parahatçylyk güýjü ornaşdyryldy. Rus parahatçylyk güýji sebitde 5 ýyl möhlet bilen iş alyp barar. Aýratynam Türkiýäniň we Russiýanyň Goranmak ministrleri ylalaşyga gözegçilik etmek üçin Türk-Rus gözegçilik merkeziniň dördilmegi hakyndaky ylalaşyga gol goýdular.

Gol çekişilen ylalaşygyň 9-njy maddasy Nahiçewan Awtanomiýasyny Azerbaýjana birikdirjek transport koridorynyň açylmagyny nazarda tutýar. Şeýlelikde Türkiýe, Azerbaýjan we Orta Aziýa bilen gury ýerden birleşer. Kars-Ygdyr-Nahiçewan demir ýoly taslamasy iş ýüzüne geçen halatynda nobatdaky ädim Nahiçewany Bakuwa birikdirjek demir ýolunyň çekilmegi hem gün teritibine geler.

Gazanylan ylalaşykdan soň Ermenistan dartgynlaşdy. Ýerawanda halk Premýer-ministr  Nikol Paşinýanyň wezipeden çekilmegi üçin protest aksiýalaryny guraýar. Howpsyzlyk we razwedka güýçleri hem oppozisiýanyň wekillerini hökümeti agdarmaga synanşmakda aýyplap, tussag edýär.

Söweş günlerinde ermeni hüjümleri sebäpli Azerbaýjanda asuda ilatdan 100-den gowrak adam ýogalypdy. Ermenistan asuda ilata hüjüm edip, harby we gumanitar jenaýat işledi.

Ylalaşyga laýyklykda basyp alan ýerlerinden çekilýän ermenileriň öýleri, mekdepleri, tokaýlary ýakyp, ýumurmagy aslyna seredilende olaryň bu ýerleri öz ýurdy hökmünde görmeýändiklerini görkezýär. Muňa garamazdan azerbaýjanlylar 1994-nji ýylda sebitden sürülýärkä öýleriniň açarlaryny ýanlaryna alyp, günlerden bir gün hökman yza dolanjakdyklaryna ynanypdy. Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň beýan edişi ýaly Ermenistan basyp alan ýerlerine ýetiren zeperi üçin jerime tölemeli bolar.

Azerbaýjanyň Prokuroturasy Daglyk Garabaga Azerbaýjanyň goşunlary bilen söweşmöek üçin Siriýadan, Liwandan we Yrakdan gelen PKK/PÝD/ÝPG terror guramalarynyň agzalaryna garşy jenaýat işini gozgady. Imperial güýçleriň Garabagy ýaňadandan terror öýjügine öwürme niýeti puja çykaryldy. Söweşiň netijesinde sebitde kesgitleýiji güýjün Russiýa we Türkiýedigi, günbatar ýurtlarynyň sebitdäki pozisiýasynyň ejizländigi ýüze çykdy. Daglyk Garabag ýeňişi Türk dünýäsinde ynam döretdi. Wagty gelende basylyp alynan beýleki türk topraklary hem halas ediler. Türk dünýäsiniň bitewileşme tagallalary mundan beýläk hasam güýçlener.



Degişli Habarlar