Daşary Ýurtly Ýazyjylaryň Atatürk Hakyndaky Eserleri

Giňdir dünýä, geňdir dünýe

1528083
Daşary Ýurtly Ýazyjylaryň Atatürk Hakyndaky Eserleri

 

Birnäçe dilde Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjysy Mustafa Kemal Atatürki gürrüň berýän köp sanly kitabyň ýazylandygyny bilýäňizmi?

1938-nji ýylyň 10-njy noýabrynda dünýeden öten Mustafa Kemal Atatürk, Türkiýe Respublikasynyň tanymal lideridir. Atatürk diňe Türkiýede däl eýsem dünýäniň çar tarapynda öçmejek yz galdyrdy. Birnäçe ýurt onuň durmuşa geçiren işlerinden görelde aldy. Alymlar, ýazyjylar we şahyrlar onuň durmuşa hakynda birnäçe kytap ýazdy.

Atatürkiň ömür beýany hakynda kitap ýazmak üçin iňlis hökümeti tarapyndan Türkiýä ugradylan Lord Kinrossyň ýazan “Atatürk-Bir milletiň täzeden döreýşi atly” kitaby ýakyndan tanalýar. Ilkinji gezek 1960-njy ýylda neşir edilen kitapda Atatürkiň durmuşy, Osman döwletiniň soňky ýyllary we Türkiýe Respublikasynyň ilkinji ýyllary gürrüň berilýär.

Iňlis alymy Andrew Mango hem “Atatürk-Döwrebap Türkiýäniň esaslandyryjysy” atly kitabynda, Atatürküň durmuşyny ähli taraplaýyn gürrüň berýär.

Özü hem harby işgär bolan Amerikaly ýazyjy Austin Baýiň “Atatürk-Döwrebap Türkiýänin esaslandyryjysy, generaldan liderlik dersleri” atly kitabynda, Atatürkiň liderligini, harby zehinini we ukyplaryny gürrüň berýär.

Türk dili we taryhy hakyndaky ylmy işleri bilen ýakyndan tanalýan Klaus Kreiseriň “Atatürk” atly esgeri bolsa Germaniýada birnäçe gezek neşir edilýär. Eser mugallymlar we talyplar üçin esasy goldanma bolup durýar.



Degişli Habarlar