Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň Wengriýa Sapary

Ýewraziýa Syn

1506890
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň Wengriýa Sapary

Tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Jeenbekowyň Wengriýa guran sapary hakynda durup geçmek isleýäris.

2020-nji ýylyň 28-29-njy sentýabry aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Jeenbekow Wengriýa sapar gurady. Resmi garşylama dabarasyndan soň Prezident Jeenbekow we Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban özara hem-de toparara gepleşikler geçirdiler. Duşuşyklardan soň Prezident Jeenbekow we Orban Gyrgyz Respublikasy bilen Wengriýanyň arasynda bilelikdäki strategik hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekişdiler. Şeýlelikde Wengriýa Gyrgyz Respublikasynyň Ýewropadaky ilkinji strategik hyzmatdaşy boldy. Taraplaryň arasynda Gyrgyz-Wenger Ösüş Gaznasyny döretmek, iki taraply salgytlandyrmanyň öňüni almak, maýa goýumlara hemaýat etmek we artdyrmak, Wengriýada gyrgyz raýatlarynyň bilim almagy üçin berilen 75 kontingentiň 150-ä ýetirilmegi, ykdysadyýetiň digitallaşdyrylmagy, saglygy goraýyş pudagynda hyzmatdaşlyk etmek ýaly jemi 15 ugurda ylalaşyga gol çekişildi.

Prezident Sooronbaý Jeenbekow saparynyň çäginde Wegriýanyň Milli Mejlisiniň başlygy Laszlo Kower we Wegriýanyň Prezidenti Ýanos Ader bilen özara duşuşyklar geçirdi. Şol duşuşyklarda özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary seljerildi.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Jeenbekow soň Budapeştiň Meri Gergeli Karasoni bilen bilelikde şäherdäki seýilgähe meşhur ýazyjy Çingiz Aýtmatowyň adynyň dakylmagyna bagyşlanan dabara gatnaşdy. Saparyň dowamynda wengerlerin Çingiz Aýtmatowy gowy tanaýandyklary we onuň eserlerini ýakyndan tanaýandyklary ýüze çykdy.

Sooronbaý Jeenbekow Wengriýanyň Premýer-ministri Orban bilen bilelikde Türk geňeşinin Budapeştdäki ofisine bardy. Türk geňeşiniň Budapeştdäki ofisinde Çingiz Aýtmatowyň surat sergisi açyldy. Prezident Sooronbaý Jeenbekow Türk geňeşine agza döwletleriň liderleriniň arasynda guramanyň Budapeştdäki ofisine baran ilkinji lider boldy.

Prezident Sooronbaý Jeenbekowyň Wengriýa saparynyň çaginde 29-njy sentýabrda iki ýurduň işewürleriniň gatnaşmagynda Gyrgyz-Wenger Işewürler Maslahaty geçirldi. Maslahatda birnäçe ylalaşyga gol çekişildi.

 

Gyrgyz-Wenger gatnaşyklary 1992-nji ýylda başlangyna garamazdan iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar islenen çäge ýetmändi. Soňky gezek Gyrgyz Respublikasynyň wagtlaýyn dolanşygynyň Prezidenti Roza Otunbaýewa 2011-nji ýylda Wengriýa sapar gurapdy. Wengriýanyň Premýer ministri Wiktor Orban 2018-nji ýylda Gyrgyz Respublikasyna guran saparyndan soň gyrgyz-wenger gatnaşyklary ösmäge başlaýar. Orban şol saparynyň dowamynda Türk geňeşiniň sammitine we Bütindünýä çarwa oýunlary festiwalynyň açylyş dabarasyna gatnaşypdy. 2019-njy ýylyň sentýabr aýynda Bişkek şäherinde söwda we ykdysady gatnaşyklar boýunça Gyrgyz-Wenger Hökümetara toparynyň ilkinji maslahaty geçirildi. 2020-nji ýylyn fewral aýynda Wengriýanyň Bişkek şäherindäki ilçihanasynyň binasynyň açylyş dabarasy geçirildi.

Gyrgyz Respublikasy bilen Wengriýa häzirki wagta çenli esasan oba hojalygy we derman senagaty pudaklarynda hyzmatdaşlyk edýärdiler. Gyrgyz-wenger  Galkynyş gaznasyna Wengriýa 50 million dollar karz berjekdigini beýan etdi. Şol gazna saýasynda iki ýurduň ykdysady gatnaşyklary täze derejelere göteriler. Jeenbekow saparynyň dowamynda Bişkek-Budapeşt uçar saparynyň açylmagy boýunça ylalaşyk gazanyldy. Şol karar iki ýurduň gatnaşyklarynyň ösmegine uly goşant goşar. Prezident Sooronbaý Jeenbekowyň Wengriýa saparynyň netijeli geçendigini aýtmak ýerlikli bolar.



Degişli Habarlar