Belarusdaky Soňky Şertler

Ýewraziýa Syn

1497949
Belarusdaky Soňky Şertler

Tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Belarusdaky soňky şertler hakynda maglumat bermek isleýäris.

2020-nji ýylyň 9-njy awgustynda geçirilen Prezident saýlawyndan bäri Belarusda oppozisiýa protest aksiýalaryny dowam etdirýär. Aradan 1,5 aýyň geçendigine garamazdan taraplaryň arasynda dialogyň ýola goýulyp bilinmeýändigi görülýär. Geliň ilki soňky bir aýda Belarusda başdan geçirilen möhüm wakalara ser salalyň.

Awgust aýynyň ikinji ýarymynda Belarusdaky uly fabrik-zawodlaryň işçileri iş taşlaýyş etdiler. Şol günlerde oppozisiýa hökümet bilen gepleşikler geçirmek üçin Utgaşdyryjy geňeş döretdi. Ýurtdaky hökümet şol geňeşiň agzalaryndan Nobel baýragynyň laureaty, ýazyjy Swetlana Alekseýewnadan başga ählisi milli howpsyzlyga wehim salýar günäkärlemesi bilen tussag edildi. Utgaşdyryjy geňeşiň agzalarynyň käbirleri bolsa ýurtdan çykaryldy.

27-nji awgustda Wladimir Putin gerek bolan halatynda Belarusa ugratmak üçin howpsyzlyk güýçlerinden ätiýaç döredilendigini beýan etdi.

31-nji awgustda Latwiýa, Litwa we Estoniýa Aleksandr Lukaşenko bilen birlikde 30 belarus resmisinin ýurtlaryna gelmeklerini gadagan edendiklerini habar berdiler.

Sentýabr aýynyň başlarynda oppozisiýanyň lideri Swetlana Tihanowskaýa Ýewropa Parlamentinde we BMG-niň Howpsyzlyk geňeşinde onlaýn çykyş etdi. Tihanowskaýa Lukaşenkonyň kanunylygyny ýitirendigini öňe sürdi.

10-njy sentýabrda HPG pandemiýa sebäpli Belarusa 940 million dollar kömek bermegi teklibini ret etdi. 14-nji sentýabrda Lukaşenko Soçide Wladimir Putin bilen duşuşdy. Duşuşykdan soň Russiýanyň Belarusa 1,5 milliard dollar kömek berjekdigi beýan edildi. Polşanyň Premýer-ministri Matiz Morawieski ÝB-ne Belarusa Marşal maksatnamasyna laýyklykda 1 milliard ýewro maliýe kömegini bermegi teklip etdi.

14-nji sentýabrda Belarusyn günbatarynda “Slawýan doganlygy 2020” harby türgenleşigi başlady. Şol harby türgenleşige rus esgerleri gatnaşan bolsa, Serbiýa günbataryň basyşy bilen türgenşige gatnaşmakdan ýüz öwürdi.

Ýewropada Howpsyzlyk we Hyzmatdaşlyk Gurmasy Belarusda adam hukuklarynyň basgylanmagyny derňemek üçin 17 ýurtdan wekilleriň degişli bolmagyndaky gözegçilik toparyny döretdi. Oppozisiýanyň käbir agzalary basyş eden we eli gana bulanan mahaly howpsyzlyk güýçleriniň halk köpçülige paş edişmegi üçin iş alyp barýandyklaryny beýan etdiler.

Ýewropa Parlamentinde 574 halk deputaty 2020-nji ýylyň 5-nji noýabrynda iş möhleti gutarýan Aleksandr Lukaşenkony protestçilere eden basyşy sebäpli ykrar etmezlik hem-de sanksiýa goýmak hakynda karar kabul etdi. Günbatryň şol karary Lukaşenko Litwa, Polşa serhetlerini ýapjakdygyny, Ukraina serhedinde gözegçiligi güýçlendirjekdiklerini, geçirilen saýlawyň günbatar tarapyndan ykrar edilmeginiň hökman däldigini beýan etdi.

Wakalardan hem belli bolşy ýaly Belarusda taraplar dialogyň ýerine bloklaşma tarap barýarlar. Günbatar Lukaşenkonyň ýolbaşçylygyndaky hökümete basyş etmek isleýän bolsa, Kreml Lukaşenkony goldamagyň tarapynda. Aleksandr Lukaşenkonyň serhetleri ýapma synanşygynyň iş ýüzüne geçirilmeginiň ýeňil bolmandygyny nygtasymyz gelýär. Serhetler ýapylan halatynda diňe bir Belarus däl, gündogar-günbatar söwda gatnawy bökdeler. Ol bolsa ähli taraplar üçin agyr ýitgi diýmegi aňladýar. Belarusdaky taraplaryň maksadyndan el çekmek islemezligi, meçew berijileriň işe girişmegi bilen ganly çaknyşyklara öwrülme howpyny özünde jemleýär. Lukaşenko kasam ediş dabarasyna taýarlyk görýän bolsa, oppozisiýa onuň wezipeden çekilmegini talap edýär. Şu güýz belaruslaryň geljegi taýdan kesgitleýji bolar.



Degişli Habarlar