Baklawanyň türk datlysy hökmünde bellige alynandygyny bilýäňizmi?

Giňdir Dünýe-Geňdir Dünýe

1493361
Baklawanyň türk datlysy hökmünde bellige alynandygyny bilýäňizmi?

 

Baklawa

 

Baklawanyň türk datlysy hökmünde bellige alynandygyny bilýäňizmi?

Ýakyn Gündogardaky, Gündogar Ortaýer deňizindäki, Balkanlardaky we Kawkazdaky her bir halk baklawany öz milli datlysy hökmünde tanyşdyrýar. Adybir sebitleriň bir wagtlar Osman hâkimiýetinde ýaşandygy göz öňünde tutulanda, baklawanyň Osman datlysydygyny aýdyp bileris. Emma baklawanyň gelip çykyşy iňňän irki döwürlerden gözbaş alýar.

Çarwa türkleriň sajyň üstünde bişiren çelpeklerini çöregiň ýerine iýendikleri bilinýär. Şu günki günde-de Türkiýäniň ençeme sebitinde öýlerde sajyň üstünde çelpek bişirilýär. Çelpegi esasy azyklardan biri hökmünde sarp eden çarwa türkler,  birin-birin ýaýylyp, bişirilen çelpekleriň arasyna gaýmak we bal ýaly azyklardan goýup, datly bişiripdirler. Şol datlylar baklawanyň ilkinji görnüşi hökmünde kabul edilýär.

Ýewropa Bileleşigi Komissiýasy tarapyndan 2013-nji ýylyň 8-nji awgustynda türk datlysy hökmünde bellige alynan baklawa, biziň döwrümizde Gaziantep şäherine mahsus hasap edilýär.


Etiketkalar: #bellige almak , #datly , #baklawa

Degişli Habarlar