Türki Dilli Döwletleriň Energetika Pudagyndaky Hyzmatdaşlygy

Ýewraziýa Syn

1481659
Türki Dilli Döwletleriň  Energetika Pudagyndaky Hyzmatdaşlygy

 

Türki Dilli Döwletleriň Energetika Pudagyndaky Hyzmatdaşlygy

 

Tapgyrlaýyn gepleşigimiziň bu sanynda Türkiýäniň Ýewraziýa sebitindäki türki dilli döwletler bilen energetika pudagynda edýän hyzmatdaşlygyna ser salmakçy.

2020-nji ýylyň 21-nji awgustynda Prezident R.T.Erdogan Gara deňizde tebigy gaz tapandyklaryny beýan etdi. Ilkinji görkezijilere görä 320 milliard metr kub bolandyggy beýan edilen şol tebigy gaz ätiýajy, Türkiýe Respublikasy üçin iňňän möhüm ähmiýete eýe. Energetika üpjünçiliginde daşary ýurtlara garaşly bolan Türkiýe soňky ýyllarda pudaga goýan maýa goýumlary bilen indi tebigy gaz we nebit öndürýän ýurtlaryň hataryna goşular.

Türkiýe strategik ýerleşişinden peýdalanyp, ýurduny gündogar bilen günbataryň arasyndaky energiýa geçiş liniýasyna öwürmegiň hötdesinden geldi. Ýewraziýa ýurlaryndan Russiýa, Azerbaýjan we Eýran bilen bu pudakda düýpli hyzmatdaşlygy ýola goýan Türkiýäniň täze döwürde Hazaryň aňyrsyndaky doganlyk ýurtlar bilen hem energetika pudagynda hyzmatdaşlygyny ösdürmegine garaşylýar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkiýe Ýewraziýa sebitindäki türki dilli döwletler bilen energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça dürli ylalaşyklara gol çekişdi. Başga bir söz bilen aýdylanda türki dilli döwletleriň arasynda energetika pudagynda hyzmatdaşlyk üçin degişli hukuk binýady bar. Türki dilli döwletler energetika pudagynda özara we sebitleýin derejede bir-birleri bilen hyzmatdaşlyk edýärler. Mysal üçin Türkiýäniň degişli bolan Merkezi Aziýa Sebitleýin Ykdysady Hyzmatdaşlygynyň Energetika ministrleriniň derejesindäki ilkinji maslahatyny 2019-njy ýylda Özbegistanda geçirlipdi. Türkiýe türki dilli döwletleriň agza bolan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Energetika klubynyň döwürleýin başlyklygyny ýerine ýetirdi. Emma türk dünýäsinde energetika hyzmatdaşlygy islenýän derejä göterilmegi üçin Türk Geňeşiniň çäginde energetika pudagynda käbir anyk başlangyçlar edilmeli. Mysal üçin şol başlangyçlar türki dilli döwletlerde bar bolan elektrik energiýasy pudagynda, elektrik geçirijileriniň birikdirilmegi, elektrik energiýasyndan bilelikde peýdalanmak, GES-leriň gurulmagy ýaly işler bilen başladylmaly. Soňlugy bilen bolsa tebigy gaz, nebit, kömür ýaly ýerasty baýlyklar, gaýtadan işlenýän energiýa serişdeleri boýunça hyzmatdaşlyklar giňeldilip bilner. Türki dilli döwletleriň arasynda energiýa howpsyzlygynyň döredilmegi galkynyşyň we hyzmatdaşlygyň mizemez başlangyja esaslandyrylmagynyň kepillendirijisi bolar.

Türkiýe Respublikasy öz energiýa islegini kanagatlandyrmak we energiýa üpjünçiligini diwersifikasiýalaşdyrmak üçin GES-lerden ýadro beketlerine çenli dürli energiýa pudaklarynda maýa goýýar. Hazar deňizine kenardaş türki dilli döwletler Türkiýe bilen nebit we tebigy gazyň günbataryň bazarlaryna ýetirilmegi boýunça uzak ýyllardan bäri geňeşmeler geçirýärler. Şol çäkde Trans Hazar turba göterijisiniň gurulmagy möhüm. Türkistanda ýerleşýän türki dilli döwletleriň ýadro energiýa beketlerinde peýdalanylýan urany öndürmekde dünýäde ilkinjileriň hatarynda durýar. Strategik önüm häsýetine eýe bolan uranyň işlenmegi boýunça hem doganlyk ýurtlar hyzmatdaşlyk edip bilerler.

Türkiýe Ýewraziýa sebitindäki doganlyk ýurtlar bilen bilelikde Hytaý, Günorta Aziýa ýurtlaryna uzap gidýän energiýa geçirijilerine şärik maýa goýumçy hökmünde goşulmaly. Gündogar bilen günbataryň arasyndaky energiýa üpjünçiliginde üstaşyr geçiriji hökmünde türki dilli döwletleriň eýe bolan ähmiýeti hemmelere mälim. Energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi Türk Geňeşiniň pozisiýasyny hem güýçlendirer.



Degişli Habarlar