Şypaly Ösümlikler

Giňdir Dünýe-Geňdir Dünýe

1450306
Şypaly Ösümlikler

 

Türkiýäniň şypaly we aromatly ösümlik ýetişdirmekde öňbaşçy ýurtlardan biridigini bilýäňizmi?

Şypaly we aromatly ösümlikler, keselleriň öňüni almak, sagdyn ýaşamak ýa-da keselleri bejermek üçin dermanlyk ösümliklere berilýän umumy at.

Eýe bolan ekologik şertleri sebäpli ençeme ösümlik görnüşiniň watany bolan Türkiýe, şypaly we aromatly ösümlikler taýdan hem iňňän baý.

Türkiýede tebigy şertlerde ýygnalýan ösümlik görnüşlerinden 100-e golaýy eksport edilýär. 20 töweregi şypaly we aromatly ösümlik ekilip ýetişdirilýär. Türkiýäniň esasan eksport edýän ösümlikleri käkilik oty, lawr, çaý, anason, tmin, şalfeý, gyzyl burç, gök nar we ösümlik çaýlary. Şolardan käkilik oty, tmin, lawr we gök nar eksport etmekde Türkiýe dünýäniň esasy ýurtlaryndan biri. Ýylda 4-7 tonna aralygynda amala aşyrylýan eksport mukdary bilen dünýäde iň köp käkilik oty eksport edýän Türkiýe, 10-16 million dollar aralygynda girdeji alýar.


Etiketkalar: #eksport , #ösümlik , #şypaly

Degişli Habarlar