Türkiýe-Orta Aziýa Demir Ýol Hyzmatdaşlygy

Ýewraziýa Syn

1418288
Türkiýe-Orta Aziýa Demir Ýol Hyzmatdaşlygy

 

Türkiýe-Orta Aziýa Demir Ýol Hyzmatdaşlygy

 

Tapgyrlaýyn gepleşigimiziň bu sanynda Türkiýäniň Orta Aziýa ýurtlary bilen demir ýol gatnawy boýunça edýän hyzmatdaşlygy hakynda durup geçmek isleýäris.

Aprel aýynyň ikinji ýarymynda Türkiýeden Orta Aziýa döwletlerine demir ýol arkaly iki ýük otlusy ugradyldy. Şol ýük otlulary Türkistanyň merkezine barmagy taýdan möhümdi.

2020-nji ýylyň 18-nji aprelinde 82 konteýnerden ybarat bolan uzynlygy 940 metre barabar ýük otlusy Karstan Özbegistana tarap ugrady. Nobaty bilen Gruziýa, Azerbaýjana, Gazagystana, Türkmenistana we Özbegistana baran şol otly, bu liniýada uly mukdarda türk harytlaryny alyp giden ilkinji otludy.

2020-nji ýylyň 30-njy aprelinde bolsa Bilejik welaýatynyň Bozüýük etrabyndan Gyrgyzstanyň Oş şäherine 30 wagon, 60 konteýnerden ybarat bolan we alliýumin elektrik kabelini alyp giden otly ýola düşdi. Şol otlynyň özboluşlygy bolsa Türkiýeden bir gezekde iň uzak aralyga (5500 km.) giden ilkinji eksport otlysy bolmagy.

Şeýle oňyn waklara goşmaça, şol gün Türk Geňeşine agza we synçy ýurtlaryň ulaglar ministrleri wideo konferensiýa görnüşinde maslahat geçirdiler. Ulaglar pudagynda ýüze çykýan kynçylyklaryň çözülmegi boýunça pikir alyşylan maslahatda Türk Geňeşiniň Ulaglar boýunça utgaşdyryjy Topary atly işjeň güýjüň döredilmegi boýunça ylalaşyk gazanyldy.

2020-nji ýylyň 6-njy maýyda Türk geňeşine agza we synçy ýurtlaryň ykdysadyýet ministrleri wideo konferensiýa görnüşinde maslahat geçirdiler. Maslahata gurama agza ýurtlaryň gümrük edaralarynyň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar we taraplar aralarynda ýüze çykmagy ähtimal bökdençlikleriň aýrylmagy boýunça bilelikdäki İş maksatnamasynyň düzülmegi üçin ylalaşyk gazanyldy. Maslahatda aýratynam Orta koridorda köp modly gatnawyň ösdürilmegi, Baku-Tibilisi-Kars demir ýolundan netijeli peýdalanylmagy hakynda pikir alyşyldy.

Soňky aýlarda bütin dünýä ýaramaz täsir ýetirýän pandemiýa howa we gara ýoly gatnawyny bökdedi. Şol sebäpli ýurtlar demir ýol gatnawyna ýönelmäge başladylar. Türkiýe gündogar bilen günbataryň arasynda tranzit ýurt bolma maksadyna laýyklykda uzak ýyllardan bäri Orta Koridor liniýasyny ösdürýär. Pandemiýa döwründe şol liniýadaky demir ýol gatnawy ösdi. Degişli infrastruktura bar bolany üçin Türkiýe pandemiýa bökdençligini adamsyz demir ýoly arkaly ýeňip geçmegiň hötdesinden geldi. Pandemiýa we onuň ýaramaz täsirlerlerine garşy göreşde degişli enjamlar hem-de Türkiýäniň öndürýän harytlary Orta Aziýa ýurtlaryna eksport edilmäge başlandy.

Şol ýükler Hazar ýakasyndaky ýurtlaryň üstaşyr sebite ýetirilýär. Şol liniýadan has netijeli pedalanylmagy üçin Hazar deňiziniň kenaryndan doly öwrümli demir ýolunyň gurulmagy iňňän ýerlikli bolar. Sebäbi howa şertleri sebäpli Hazar deňizide Ro-Ro gatnawy käte bökdençlige sezewar bolýar. Bu alternatiw demir ýol torunyň gurulmagy ýükleriň Hazarda düşürip, gaýtadan ýüklenmegini ortadan aýyrar we Hazaryň hem-de daşky gurşawynyň hapalanmagyna hem ýol berilmez. Türkiýe-Türkistan demir ýolunyň ösmegi geljekki ýollarda şol liniýanyň Hytaýy we Günorta Aziýa ýurtlaryny Ýewropa birikdirýän iň gysga ugur bolmagyny üpjün eder.



Degişli Habarlar