Iblibde we Halas Edilen Zolaklarda Koronawirusa Garşy Göreş

Hepdäniň syny

1395969
Iblibde we Halas Edilen Zolaklarda  Koronawirusa Garşy Göreş

Koronawirus dünýäde giňden ýaýramaga dowam edýän bolsa, uzak ýyllardan bäri başdan geçirýän içerki uruşda agyr ýitgi çeken Siriýada ýüze çykarmagy ähtimal pajyga uly alada döredýär. Hökümetiň we terror guramasy PKK-nyň gözegçilik edýän zolaklary bilen bilelikde Idlib we beýleki halas edilen zolaklar taýdan-da koronawirus uly howp hökmünde kabul edilmeli. Türkiýe şol sebitlere ähli şertleri bilen kömek bermäge synanşýan hem bolsa, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň başda durmagyna halkara jemgyýetçiligi wirusa garşy göreşmek üçin 5 milliondan gowrak adamy öz içine alýan opposizion etraplara kömek bermeli.

SETA-nyň Daşary syýasaty öwrenijisi Jan Ajunyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Uzak ýyllaryň dowamynda agyr söweş şertlerini başdan geçiren Idlib we Türkiýe tarapyndan gönüden gözegçilik edilýän Afrinden Rasulaýna çenli uzap gidýän halas edilen zolaklarda bäş milliondan gowrak ilat ýaşaýar. Hökümetiň we terror guramasy PKK-nyň wagtal-wagtal hüjümlerine sezewar bolýan şol etraplar häzirki wagtda koronawirus howpyny başdan geçirýär. Türkiýe Idlibden daşgary oppozision toparlaryň gözegçiligindäki etraplarda saglygy goraýyş ulgamyny dikelden hem bolsa, ilatyň gürlügi we uruş şertleri göz öňünde tutulanda henizem uly kynçylyklaryň bardygy görülýär. Idlibde bolsa şertler hasam agyr. Welaýatda üç milliondan gowrak ilat ýaşaýar. Sebite 2019-njy ýylyň awgust aýyndan bäri hökümet, Russiýa we Eýran hüjüm guraýar. Sebite guralýan harby operasiýalarda azyndan 1,5 million adam ýurdundan jyda düşen bolsa, şolaryň bir milliony Türkiýe-Idlib sehet zolagyndaky düşelgelerde, agyr şertlerde ýaşaýar. 300 müň Idlibli bolsa beýleki halas edilen zolaklarda bosgunlykda ýaşaýar.

Operasiýalaryň dowamynda sebitdäki hassahanalara we klinikalara hüjüm guralyp, hatardan çykaryldy. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň görkezijilerine görä sebitdäki 300 saglygy goraýyş nokadynyň azyndan ýarysy şol hüjümlerde ýok edildi.

Netijede hem saglyk üpjünçiligine agyr zeper ýetirilmegi, hem ilatyň gürlügi we bosgun düşelgelerindäki şertler taýdan sosial distansiýa düzgüniniň berjaý edilme mümkin bolmanlygy Idlibi koronawirusdan goragsyzlyga mejbur edýär. Şol çäkde halkara jemgyýetçiligi ähli şertleri bilen Idlibe we beýleki oppozision zolaklara kömek bermeli. Eger şeýle bolman halatynda ýüzlerçe müň adam ýogalar.

 



Degişli Habarlar