Koronawirus we Halkara Hyzmatdaşlyk

Hepdäniň Syny

1391255
Koronawirus we Halkara Hyzmatdaşlyk

 

Koronawirus we Halkara Hyzmatdaşlyk

Koronawirus epidemiýasy dünýä zarba urmaga dowam edýär. Epidemiýanyň haçan we haýsy şertlerde gutarjakdygy hakynda gowy we garaňky çaklamalar bar. Gowy çaklama epidemiýanyň maý aýynyň ahyrynda gözegçilik astyna alynjakdygy hakynda. Garaňky çaklama bolsa dürli taraplaýyn seljerilmeli. Şuňa laýyklykda epidemiýanyň gözegçilik astyna alynmagy bir ýyla çenli uzap biler we bir ýylyň dowamynda ikinji tapgyra geçilmegi ähtimal. Beýleki tarapdan garaňky çaklamanyň köptaraply netijeleriniň bolma ähtimallygy hem ýokary. Korona global jemgyýetçilik saglyk pudagyna ýetirjek zeperiniň ýany bilen global ykdysadyýetiň hem agyr ressesiýa duçar bolmagyna sebäp bolar.

Epidemiýanyň merkezine öwrülen ABŞ, ýagdaýyň agyrlygyny düşürdirmek üçin ýeterlik. Trampyň beýanatyna seredilse ABŞ gören çäreleriniň netijesinde 2 million adamyň ölmeginiň öňüni alddy. Emma Trampyň beýan eden sanlary beýle göwün göteriji däl. ABŞ epidemiýada 100-200 müň raýatynyň aradan çykjakdygyny çaklaýar. Epidemiýanyň merkezinden aýrylyp, gowulanma we dikeliş tapgyryna geçendigini beýan eden Hytaýyň bolsa bu tapgyrda nädereje aç-açan çemeleşýändigi jedelli. Ençeme hünärmen Hytaýyň sanlary gizleýändigini öňe sürýär. Her ýurt öz milli göreşini alyp barasa-da çözgüt ýene-de halkara derejesinde bolmaga mejbur. İndi ähli döwletler muňa düşünýär. Eýsem ol nähili bolar? Esasy jogap tapylmaly sorag ine şu.

SETA-nyň Howpsyzlyk Barlaglary bölüminiň Direktory Dosent Dr. Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Halkara hyzmatdaşlygynyň epidemiýanyň esasan-da fewral we mart aýlaryndaky tapgyry göz öňünde tutulanda göwün göteriji däldigini aýdyp bileris. Her bir ýurt ilkinji nobatda öz meselelerini çözmek üçin tagalla etmegi saýlap aldy. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy ýaly epidemiýa meselesinde iň ygtyýarly we güýçli pozisiýa eýelemeli guramalar hem degişli çäreleriň görülmeginde garaşýan tamany ödemedi. Ol hem guramanyň tankyt edilmegine sebäp boldy.

Halkara hyzmatdaşlygynda häzirlikçe öňe saýlanýan Hytaý ençeme ýurda epidemiýany gözegçilik astyna alandygyny öňe sürmeginiň yzýanyndan kömek berdi. Hytaý Italiýanyň başda durmagynda eneçeme Ýewropa ýurduna saglyk enjamlary kömegini berdi. ÝB gurama hökmünde karar kabul edip, ony iş ýüzüne geçirmekde gowşak hereket etdi. İtaliýanyň, Ispaniýanyň we Fransiýanyň käbir şäherleriniň döwlet guramalarynda ÝB-niň baýdaklary aýryldy we ýurduň baýdaklary asyldy. Ýewropa kömek ugradan diňe bir Hytaý bilen çäkli däl. Russiýa hem kömek ugradan ýurtlardan biri boldy.  Öz şertleri boýunça ynamdar maglumatlar ýok hem bolsa, rus harby ulaglary lukmançylyk enjamlaryny ýetirmek üçin Rimiň köçelerinde göründi. Ýewropanyň taryhy taýdan garaşylmadyk ýagdaý. Türkiýe hem ençeme ýurda kömek ugradan ýurtlaryň hatarynda. Mälim bolşy ýaly Hytaýda epidemiýanyň agyrlaşan günlerinde ilkinji bolup kömek ugradan ýurt Türkiýedi. Ankara ABŞ-nyň başda durmagynda ençeme Ýewropa we Ýakyn Gündogar ýurtlaryna lukmançylyk enjamlary boýunça kömek berdi.

Halkara hyzmatdaşlygynyň iň esasy nokady belkem epidemiýa garşy göreş bilen bagly bolany. Korona garşy göreş boýunça sanjymyň tapylmagy bilen bagly käbir şatlykly habarlar gelip gowuşýan hem bolsa, heniz kanagatlandyryjy çözgüt tapylmady. Lukmançylyk bilelike maglumat öndürilýän ugurlaryň başynda durýar. Emma döwletler häzirlikçe pandemiýa garşy göreşde sanjymy ilkinji nobatda özleriniň tapmagy üçin tagalla edýärler. Korona testi kesgitleýiş komplektiniň iň çalt we ynamdar netije görkezmegi üçin uly bäsdeşlik bar. Beýleki tarapdan ugur şol bir wagtda global derman bazary taýdan hem iňňän möhüm. Gizlilik, tapgyryň uzyn bolmagy we ynamdarlyk bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň öňüne geçýär.

Halkara hyzmatdaşlygyň korondan soňky esasy ugruny bolsa ykdysadyýet emele getirýär. ABŞ 2 trillion dollardan gowrak serişde bölüp berip, epidemiýanyň ykdysady täsirlerini azaltmak isleýär. Global derejede epidemiýa garşy göreşmek üçin bölünip berilen serişdäki mukdary tas 5 trillion dollara barabar. Emma epidemiýanyň global ykdysadyýete nähili zyýan ýetirjekdigi näbelli bolmagynda galýar. Şeýlelikde hem milli ykdysadyýetler hem-de global ykdysadyýet taýdan çekilen ýitginiň kesgitlenmeginden soň global ykdysady ulgamyň kadalaşmagy bir ýyldan gowrak wagt alar.

Bu döwürde iň möhüm zat bolsa halkara hyzmatdaşlyk. Onuň üçin Hytaý-ABŞ söwda söweşiniň dessine bes edilmegi we iki ägirt güýjüň ykdysady ulgamyň kadaly işlemegi üçin hyzmatdaşlygy saýlap almagy möhüm. Beýleki tarapdan Halkara Pul Gaznasy we Bütindünýä Banky hem-de beýleki ykdysady düzümler bilelikde göreş usulyýetini kesgitlemeli.

Halkara hyzmatdaşlygyň beýleki bir möhüm ugry bolsa häzirki wagtda dowam edýän çaknyşyk zolaklary bilen bagly. Liwiýadan Ýemene, Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika sebitlerinde çaknyşklaryň bes edilmegi üçin korondan soňky döwürde has netijeli başlangyçlar edilmeli. Global bosgunlar meselesiniň esasy sebäbi häzirki wagtda dowam edýän içerki çaknyşyklar. Korona ýaly ýaýrama depgini iňnän ýokary bolan global epidemiýanyň bosgunlar meselesi bilen birleşmegi dünýä syýasatyna öwezi dolunmasyz zeper ýetirip biler.

Korona epidemiýasynyň netijeleri uzak möhletli diskussiýalar sebäp bolar. Koronadan soň bolsa ýaşaýan dünýämizi ýaňadandan pikir etmäge mejbur bolarys. Netije çykaryp, adam oglunyň ýalňyşlyklaryny düzetmegi üçin henizem wagt bar.

 



Degişli Habarlar