Koronawirus we Ýakyn Gündogaryň Geljegi

Hepdäniň Syny

1388908
Koronawirus we Ýakyn Gündogaryň Geljegi

             

 

 

 

Koronawirus we Ýakyn Gündogaryň Geljegi

         Koronawirus bütin dünýäde çaltlyk bilen ýaýramaga dowam edýär. Global epidemiýa öwrülen hassalyk 800 müň adama ýokaşdy. Köp sanly ýurduň syýasy, ykdysady we jemgyýetçilik gurluşyna agyr zar urmaga başlady. Esasanda güýçli döwlet guramalaryna eýe bolmadyk, saglygy goraýyş ulgamy ejiz bolan Ýakyn Gündogar ýurtlary uly kynçylyk çekýär.

         SETA-nyň Daşary syýasaty öwrenijisi Jan Ajunyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

         Koronawirus dünýäniň galan böleginde bolşy ýaly Ýakyn Gündogarda-da ýaýramaga dowam edýärkä, sebitiň syýasy, ykdysady we jemgyýetçilik gurluşyna agyr zarba urmaga başlady. Esasanda döwlet guramalary ýeterlik derjede güýçli bolmadyk, ykdysady şertleri pes, saglyk ulgamy ösmedik döwletler wirus sebäpli agyr ýitgi çekýär. Şol çäkde çäkde öňe saýlanýan iki ýurt Siriýa we Ýemen. Şol ýurtlar dowam edýän içerki çaknyşyklar sebäpli onsuz hem ýeterlik derejede ejizlediler hem-de epidemiýa garşy göreşmäge güýçleri ýok. Hassalary testden geçirip kesgitlemäge, karantin çärelerini görmäge şertleri ýok. Siriýa häzirki wagtda hökümet, oppozisionerler we PKK degişli zolak hökmünde üç dolanşyga degişli bolsa, Ýemende-de şertler tapawutsyz.

Eýran bolsa korona epidemiýasyna garşy ýeterlik döwlet guramalaryna eýe bolmadyk  beýleki ýurt. Epidemiýanyň ýaýramagynyň öňi alynyp bilinmeýär emma serişdeler netijesiz sarp edilýär. Eýran sebitde entegem wekilçilikler söweşine maýa goýup, syýasy abraýyny ýitirmäge dowam edýär.

Aýratynam nebitiň nyrhy soňky ýyllaryň iň aşak çägine düşdi. Ol häzirki şetlerde ABŞ-nyň sanksiýalaryny başdan geçirýän Eýran üçin beýleki bir zarba. Elbetde nebitiň nyrhynyň arzanlamagy Ýakyn Gündogarda diňe bir Eýrana däl, Yraga we beýleki Aýlag sebitinde ýerleşýän ýurtlara hem uly ýitgi çekdirýär.

Yrak býujetiň 90 göterimi nebitiň girdejisine garaşly bolan, etniki we messep dartgynlygynyň möwjeýän ýurdy hökmünde uly howpa sezewar. Wirusyň uzak möhletli ýaýramaga dowam etmegi territorial bitewiliginiň dargamagy bilen netijelenip biler.

 Baý Aýlag ýurtlary serişdelerini özlerini goramak üçin sarp etjek hem bolsalar, önümçilige eýe bolmandyklary üçin azyk ýetmezçiligini başdan geçirip bilerler. Netijede nebit eksportyna garaşlylyk we ejiz döwlet guramalary Ýakyn Gündogarda haos emele getirip biler.

Döwlet býujetiniň esasy bölegini nebit eksportyndan alynýan girdejä bagly bolan Yrak we Eýran bilen bilelikde Aýlag ýurtlaryna uly ykdysady çökgünlik howpy abanýar. Koronawirus sebäpli ýüze çykan global ressesiýa şertleri nebitiň hyrhynyň 20 dollara çenli aşaklap, adybir ýurtlaryň býujetlerini dolandyrylmasyz ýagdaýa getirdi. Sanksiýalara garşy göreşýän Eýran üçin bu şertler has agyr netijeleri ýüze çykardy. Wirus ýaýradygy saýyn jemgyýetçilik wakalar hem başlap biler. Eger wirus häzirki depginde ýaýramaga dowam etse, Ýakyn Gündogarda Türkiýe ýaly güýçli döwlet guramalaryna eýe, önümçilik ykdysdyýeti bilen azyk howpsyzlygyny üpjün edýän birnäçe ýurt pozisiýasyny gorap saklar.



Degişli Habarlar