2012-nji ýylda başlan “Türkiýe stipendiýalary” maksatnamasy

Türkiýäniň Buýsanç Çeşmeleri 09

2012-nji ýylda başlan “Türkiýe stipendiýalary” maksatnamasy

 

 

Tapgyrlaýyn gepleşigimizde üç hepdeden bäri Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş halklar edarasy (ÝTB) hem-de onuň alyp barýan işleri barada maglumat berýäris.

Gepleşigimiziň şu sanyndan başlap ÝTB tarapyndan iş ýüzüne geçirilýän köp sanly taslamalaryň arasynda özboluşly ýere eýe bolan we 2012-nji ýylda başlan “Türkiýe stipendiýalary” maksatnamasy barada gysgaça maglumatlary bermekçi.

“Türkiýe stipendiýalary” talyplary diňe bir stipendiýa bilen üpjün edýän däl, şol wagtda ýokary okuwa ýerleşdirýän maksatnama. Ine şol aýratynlygy bilen dünýädäki stipendiýa maksatnamalaryndan tapawutlanýar.

2018-nji ýylyň hasabatlaryna ser salanymyzda 164 ýurtdan 138 müň abutruýentiň ýurdumyza ýokary bilim almak üçin ýüz tutandygyny görýäris we ýokary okuw jaýlaryny tamamlap, ýurtlaryna dolanandyklaryny, Türkiýe we Türkiýede ýokary bilim barada oňyn garaýyşlaryny öz raýatlary bilen bölüşendikleri üçin şol sanyň ýylsaýyn artýandygyny görýäris.

2000-nji ýyllaryň başyndan bäri Türkiýäniň daşary syýasatdan medeniýete, ykdysady galkynyşdan sosial syýasatlara ähli ugurlarda edýän başlangyçlary, halkara bilim pudagynda-da beýan tapdy we uly üstünliklere ýetildi.

Türkiýe stipendiýalary aýlyk töleglerden daşgary uçar petegi, okuw jaýynyň tölegi, umumy saglyk ätiýaçlandyryşy, umumy ýatak jaý we türkçe dil kursy ýaly üpjünçilikleri öz içine alýar. Şol sanda talyplara ylmy, sosial, medeni we sport şertleri hem hödürlenýär.



Degişli Habarlar