Fransiýa: Syýasatdan Umyt Üzülende!

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof. Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris

1153753
Fransiýa: Syýasatdan Umyt Üzülende!

Hepdäniň syny 

Fransiýa: Syýasatdan Umyt Üzülende!

Günbatar ýurtlarynda syýasata bolan gyzyklanma barha azalýar. Adaty syýasy partiýalar merkezi sag we çep garaýyşlar günsaýyn ejizleýär. Rasist partiýalar bolsa güýçlenýär. Täze we geçmişi bolmadyk topar saýlawdan goldaw tapýar. 2017-nji ýylyň saýlawynda Makron partiýasynyň ýokdugyna garamazdan “Ýöriş” hereketi bilen Prezidentlige saýlanypdy. Görşümiz ýaly fransuz saýlawçysynyň ýörişi onuň bilen çäklenmeýär. Sary ýeňsizliler bilen dowam edýär.

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof. Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Gepleşigimiziň bu sanynda Fransiýa bilen baglylykda günbatar ýurtlarynda syýasata bolan gyzyklanmanyň azalmagy we onuň ýüze çykarjak kynçylyklary, howplary we wehimleri barada durup geçmek isleýärin.

Günbatarda syýasatdan umyt üzülýärmi?

Ýewropada saýlawlara bolan gatnaşyk, saýlawçylaryň syýasata bolan gyzyklanmasynyň günsaýyn azalýandygyny anyk görkezýär. Ýewropa Parlamentiniň saýlawlarynda gatnaşyk mukdarlary 1979-njy ýyldan bäri 65 göterimden 40 göterime çenli aşaklady. Fransiýadaky ortaça gatnaşyk bolsa has hem pes.

Fransiýada 2017-nji ýylda geçirilen prezident saýlawyna bolan gatnaşyk 65 göterime deňdi. 1969-njy ýyldan bäri Fransiýadaky prezident saýlawlaryndaky iň pes gatnaşyk mukdary boldy. Birinji tapgyrda Ýöriş hereketiniň lideri Emmanuel Makron sesleriň 23 göterimini alypdy. Aşa sagçy Milli frontyň lideri Marin Le Pen bolsa 21 göterim ses almagyň hötdesinden gelipdi. İkinji tapgyra galan liderleriň arasyndan Makron saýlawçylaryň 65 göteriminiň sesi bilen prezidentlige saýlanypdy.

Türkiýede 2018-nji ýylda geçirilen prezident saýlawyna bolan gatnaşyk 87 göterimden gowrak boldy. Türkiýede ses mukdarlarynyň ýokary bolmagy, halkyň syýasta, syýasy partiýalara bolan umydynyň görkezijisi hökmünde analiz edilip bilner.

Syýasata ünssizligiň sebäpleri…

Günbatarda saýlawlara bolan gatnaşygyň günsaýyn azalmagy käbir syýasaty öwrenijiler tarapyndan ýaşaýyş şertleriniň ýokarlamagy bilen düşündirilýär. Bu garaýyş belli bir derejede düşnükli. Ýaşaýyş durmuşynyň aşa ýokarlamagy syýasatdan garaşylýan netijäni azaldýandygy üçin syýasy gatnaşygy hem azaldyp biler. Emma umuman günbatar ýurtlarynda we hususan Fransiýadaky netije ýaşaýyş şertleriniň ýokarlamagy bilen düşündirilmäge degişli däl. Günbatar ýurtlarynyň globallaşma tapgyryndan ýeterlik derejede gazanç almandygy üçin globallaşma garşy gönügendikleri, ykdysadyýetleriniň barha aşaklaýandygy bilinýär. Rasist partiýalaryň seslerini barha artdyrmagy, ýaýbaňlanýan köçe ýörişleri onuň ýaşaýyş şertleriniň gowulanmagy bilen düşündirilmejekdiginiň beýleki bir görkezijisi.

Beýleki tarapdan syýasy gatnaşyk ýollarynyň tapawutlanmagy sebäpli hem saýlawlara bolan gyzyklanmanyň azalandygyny beýan etmek bolar. Jemgyýetçilik we hünär guramalarynyň sanlarynyň hem-de funksiýalarynyň artmagy, saýlawçylaryň täze aragatnaşyk tehnologiýalary we sosial media arkaly saýlawlara garaşmazdan düşünjelerini gysga möhletde bermegi şübhesiz möhüm. Emma ol, syýasy häkimiýetiň entegem saýlaw arkaly kesgitlenme hakykatyny üýtgetmeýändigi üçin gatnaşygyň pes bolmagy sebäpli ýüze çykjak howplary ortadan aýyrmaýar.

Halk köpçüliginiň islegleriniň ileri tutulmazlygy, ejizleýän ykdysadyýete çözgüt gözlegleriniň umytlary güýçlendirmezligi, ýaýbaňlanýan rasizm sebäpli tapawutlyklaryň ýaşaýyş giňişliginiň günsaýyn çäklenmegi, galplyk etmekde günäkärlenýän syýasatlarynyň sanyny artmagy syýasata bolan ünssizligiň esasy sebäplerinden käbirleri.

Kadasyzlaşan syýasat: Ölüm hepdesinde mukaddesleşdirilen Sisi

İçeri we daşary syýasatdaky kadasyz, düzgünsiz we durnuksyz beýanatlar hem şübhesiz syýasata bolan umydyň azalmagyna sebäp bolýar. Daşary syýasat taýdan ÝB we oňa agza ýurtlar ýygy-ýygydan başga ýurtlardaky demokratik kemçilikleri, adam hukuklarynyň basgylanýandygyny beýan edýärler. Eýsem şol ýurtlaryň liderleri asuda ilatdan 9 adamyň, entek ýaşajykka ölüm jezasyna höküm edilen hepdesinde Müsürde huntajy general Sisiniň ýer eýeçiliginde ÝB bilen Arap sammitini geçirmekden çekinmändiler. Şol liderler Sisä garşy beýanat hem bermediler. Şeýle bolanda ÝB we oňa agza ýurtlaryň daşary syýasatdaky haýsy tankydynyň ynamlydygyny aýdyp bileris? Daşary syýast taýdan şeýle syýastlardan saýlawçy nähili ýörelgä, umyda, durnuklylyga garaşyp biler?

Fransiýa taýdan seredilende bolsa bir tarapdan daşary ýurt duşmançylygy, yslamafobiýa we anti-semitizm sebäpli azatlyk giňişligi barha kiçelýän bolsa, beýleki tarapdan iň bir başlangyç söz azatlygynyň hem anti-semitizme degişli edilmegi, sionizmi tankyt etmäge jeza bermek synanşyklary azatlyk giňişligini hasam çäklendirýär.

Syýasatdan umyt üzülende…

Fransiýadaky merkezi sag we çepçi partiýalaryň ähmiýetini ýitirmegi netijesinde Makron häkimiýet başyna geçipdi. Sary ýeňsizliler hereketi şol däbi dowam etdirýär. Häzirki wagta çenli 10-dan gowrak adam pidasy, müňlerçe ýaraly we tussag etmeler bilen dowam edýän Sary ýeňsizliler aksiýasynyň azalyp-azalmazlygy biziň temamyz däl. Şol aksiýalaryň syýasy herekete öwrülip, öwrülmejekdigem gyzyklandyrmaýar. Emma syýasatyň saýlawlar arkaly kesgitlenmegine azalýan we köçe hereketlerine artýan gyzyklanma, adaty syýasy partiýalaryň ähmiýetini we ynamyny ýitirýändigini görkezýär. Hususan Fransiýanyň, umuman Fransiýanyň syýasaty şol jähtden uly kynçylyklary başdan geçirýär. Syýasata bolan ynam günsaýyn azalýar. Şol ynamsyzlyk şertleri Ýewropanyň we dünýäniň geljegi taýdan uly howp. Ýewropanyň syýasatynyň umumy çökgünligi bolan bu şertler Ýewropada düýpli näbellilige, garaňkylyga sebäp bolup biler.

Rasist partiýalaryň günsaýyn artýan ses mukdarlary we saýlawdan daşarky tagallalary demokratiýanyň geljegi üçin uly howp bolup durýar. Fransiýada bolşy ýaly aşa sag partiýalar ikinji tapgyra galan partiýalardan biri bolýar. Saýlawçylar ikinji tapgyrda şol partiýalar üçin birleşip bilýär.

Fransuz ýolbaşçylar eger syýasatyň jemgyýetleri üçin ýaňadandan umyda öwrülmegini isleýän bolsalar, imperialist geçmişiň mirasy hökmünde yzgiderli häsýetde başga ýurtlary tankyt etmekden, olara gönükmekden el çekip, öz jemgyýetlerine gulak assynlar. Fransuz jemgyýeti legal we kanuny syýasat arkaly ediljek özgerlişikden umydyny üzäýse, Fransiýany ýakyn tanaýan we buýsanýan, köp sanly adamyň ölmegine sebäp boljak, häzirki binalary ýer bilen ýegsan edip biljek täze bir “ýagtylma” tapgyry garaşýar.

 

 



Degişli Habarlar