Türk daşary syýasatyna syn 49

Türkiýe-Ukraina gatnaşyklary

1103062
Türk daşary syýasatyna syn 49

 

Türkiýe bilen Ukrainanyň arasynda geosyýasy ykdysady gatnaşyklara, syýahatçylyk pudagyndan Krym tatarlarynyň ýagdaýyna çenli birnäçe ýakyn arabaglanşyk bar. Biz hem synymyzyň bu günki sanynda Türkiýe-Ukraina gatnaşyklaryny we şol gatnaşyklaryň türk daşary syýasatyna ýetirýän täsirini analiz etmekçi

Karatekin uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň mugallymy Dr. Jemil Dogaç Ipegiň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Türkiýe, 1991-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Ukrainanyň garaşsyzlygyny ykrar etdi. Iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar bolsa 1992-nji ýylyň 3-nji fewralynda başlady. Türkiýe-Ukraina gatnaşyklary 2011-nji ýylda döredilen Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşi mehanizmi bilen strategik hyzmatdaşlyk derejesine göterildi. İki ýurduň arasynda 2012-nji ýylyň 1-nji awgustynda wizasyz syýahat döwri başlady. 2016-njy ýylyň görkezijilerine görä, Türkiýäniň Ukraina edýän eksporty 1,25 milliard dollara, Ukrainadan importy bolsa 2,55 milliard dollara barabar bolmak bilen jemi söwda mukdary 3,8 milliard dollara ýetdi.

Ykdysadyýetden goranyş senagatyna, syýahatçylyk pudagyndan medeniýete çenli birnäçe ugurda ösmäge dowam edýän Türkiýe-Ukraina gatnaşyklary, 2014-nji ýylda Russiýanyň Krymy anneksirlemegi bilen birlikde strategik derejä göterildi. 2013-nji ýylda Ukrainada başlan krizisiň başyndan bäri ýurduň territorial bitewiligini nygtan Türkiýe, Krym türkleriniň hak-hukuklarynyň goralyp saklanmagy üçin halkara derejesinde tagalla etdi. Resmi Ankara mundan başgada Garadeňizde kenardaşy bolan iki döwletiň  Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky dartgynlygyň çözülmegi üçin tagalla eden bolsada 2015-nji ýylda Russiýanyň Siriýa krizisine degişli bolmagy we sebitdäki harby operasiýalary sebäpli tapawutly etaby başlatdy.

Esasan Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda başdan geçirlen “uçar krizisi” iki ýurduň arasynda esasy mesele ýagdaýyna geldi. Şol etapda Türkiýe bilen Ukrainanyň arasyndaky gatnaşyklarda uly ösüş edildi. Wagtyň geçmegi bilen Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky krizis çözüldi, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar ýaňadandan kadalaşmaga başlady.

NATO agza ýurtlar tarapyndan harby enjam alyp bilmedik Türkiýe soňky ýyllarda goranyş senagaty taýdan uly göçüm etdi. Ukraina bolsa hem ýurdunyň gündogarynda dowam edýän çaknyşyklar hem-de Russiýanyň täze harby göçümleri sebäpli Ukrainanyň ýaragly güýçlerini güýçlendirmäge çalyşýar. Goranyş senagatynda uly tejribä eýe bolan Ukraina bilen dünýäniň iň güýçli ýaragly güýçlerinden birine eýe bolan Türkiýäniň goranyş we howpsyzlyk maksatnamalary iki ýurdy biri-biri üçib esasy hyzmatdaş ýagdaýyna getirýär.

Türkiýe bilen Ukraina 2014-nji ýylda harby we tehniki taýdan hyzmatdaşlyk edilmegi üçin baglaşylan şertnamanyň möhledini uzatdy. Şertnama laýyklykda radar önümçiligi, sowutly ulag, harby uçar, raketa ulgamlary, uçarmansyz howa ulagy ýaly birnäçe ugur boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmegi meselesinde ylalaşyk gazanyldy. Şol etapda Türkiýe, Ukrainanyň ýaragly güýçlerine gymmaty 20 million türk lirasyna barabar bolan harby enjam  kömegini berdi. Ukrainanyň goranyş senagaty pudagynda iş alyp barýan Ukroboronprom bilen Türk Aselsan firmasynyň arasynda hyzmatdaşlyk edilmegi üçin ylalaşyk gazanyldy. Gazanylan ylalaşyga laýyklykda Aselsanyň Ukrainanyň ýaragly güýçlerine habarlaşmak üçin döwrebap tehnalogiýa laýyklykda öndürlen rassiýa berjekdigi nygtaldy. 2018-nji ýylyň iýul aýynda goranyş senagaty boýunça edilýän hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi maksady bilen 1-nji Türkiýe-Ukraina goranyş senagaty hyzmatdaşlyk maslahaty geçirildi.

Syýahatçylyk pudagyndaky ösüş iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ähli taraplaýyn ösmegine itergi berýär. 2012-nji ýylda wizasyz syýahat döwrüniň başlamagynden soň iki ýurduň arasynda 2017-nji ýylyň iýun aýynda bolsa pasportsyz syýahat döwrüne geçildi. Pasportsyz syýahat iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda ýetilen sepgidi açyk aýdyň görkezýär. Ukrainadan daşary ýurtlara syýahat edýänleriň 70 göterimi Türkiýä gelmegi saýlap aldy. 2018-nji ýylda bolsa 1,3 million ukrainaly syýahatçy Türkiýä geldi, üstümizdäki ýylyň ahyryna çenli şol sanyň 1,5 milliona ýetmegine garaşylýar. Şol görkezijilere görä, Ukraina, Türkiýä iň köp syýahatçy ugradýan 7-nji ýurt. Türkiýeden Ukraina giden syýahatçylaryň sany bolsa 2018-nji ýylda 300 müňe ýetdi.

Soňky ýyllarda Türkiýäniň Ukrainada durmuşa geçirýän işleri netijesinde ukrainanyň halkynyň türk diline bolan gyzyklanmasynyň artmagyna sebäp boldy. Ýaňy ýakynda Kiýewde açylan Ýunus Emre medeniýet merkezinde “Ukrainada has köp Türkiýe, Türkiýeden has köp Ukraina” şygary bilen türk dili kurslary açyldy.

Ankara Türkiýe-Ukraina gatnaşyklarynyň esasy halkalaryndan biri bolan Krym tatarlaryna ähli taraplaýyn goldaw berýär. Türkiýe, Ukraina krizisiniň başyndan bäri Krym tatarlarynyň lideri we Ukrainanyň halky deputaty Mustafa Abdüljemil Kyrymogly bilen ýakyndan aragatnaşyk saklaýar. Ukrainada ýaşaýan Krym tatarlary, Ahiska ýagny mesheti türkleri ýaly Türkiýede ýaşaýan ukrainalylar hem özara gatnaşyklaryň ösmeginde esasy rol oýnaýar.

Türkiýede Stambul uniwersitetiniň çäginde Ukrain dili we edebiýaty bölümi açyldy. Mundan başgada käbir  okuw jaýlarynda ukrain dili öwredilýär. Türkiýede 12 sany Ukraina jemgyýeti döredildi. Ukraina habarlar gullugy Ukrainform paýtagt Ankarada iş alyp barmaga başlady.

Syýasy, ykdysady, harby, diplomatik we medeni taýdan ýakyndan gatnaşyk edýän Türkiýe bilen Ukrainanyň arasyndaky gatnaşyklar iki ýurt üçin hem diýseň möhüm. Garadeňize kenardaş bolan iki ýurt özara gatnaşyklaryny strategik hyzmatdaşlyga öwürdi. İki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar geljekde hem pugtalanmak bilen dowam eder

Karatekin uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň mugallymy Dr. Jemil Dogaç Ipegiň Türkiýe-Ukraina gatnaşyklary baradaky synyny dykgatyňyza ýetirdik



Degişli Habarlar