Global Perspektiwa 47 Ýerlileşen Oriantalizm

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Dekany Prof. Dr. Kudret BÜLBÜLüň mesele boýunja synyny dykgatynyza ýetirýäris…

1093094
Global Perspektiwa 47  Ýerlileşen Oriantalizm

 

Ýerlileşen Oriantalizm

Günbatarly alymlaryň bir tarapy imperializm bilen bagly, beýleki tarapy egzotiki görünýän gündogar jemgyýetleriniň syýasy, sosial, medeni, dini, etniki, antropologiki we beýleki taraplary bilen bagly geçirýän barlaglary Oriantalizm atlandyrylýar. Adalga gündogar jemgyýetlerine daşardan, ýokardan garaýan we ony täsirli işlik däl, eýsem täsir edilýän madda hökmünde kabul edýän çemeleşmeler üçin ýaramaz many hem aňladýar.

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Dekany Prof. Dr. Kudret BÜLBÜLüň mesele boýunja synyny dykgatynyza ýetirýäris…

Oriantalist barlaglar häzirki döwürde-de ähmiýetini ýitirmedi. Emma görnüş taýdan diýseň özgerdi. Ozallar geçirliş usuly bilen günbatarly alymlaryň gündogara gönüden barlag geçirjek ýerlerine baryp geçirýän işleri häzirki döwürde beýleki möhüm däl. Çünki gündogar ýurtlarynyň alymlary şol işleri ýa-da maglumatlary günbatar ýurtlaryna baryp, gönüden göni olaryň özlerine hödürmekde has erjel çemeleşýärler.

200 ýyllyk gussaly geçmiş

Günbatar medeniýetine ýeterlik derejede utgaşyp bilmedik Türkiýe we Ýaponiýa ýaly ýurtlar 200 ýyla golaý wagt bäri günbatara alym, hünärmen, talyp, ylmy işgär, gullukçy ugradýar. Şu günki günde Afrikadan, Balkan ýurtlaryndan, Ýakyn Gündogardan, Uzak Gündogardan, Latyn Amerikadan köp sanly  ýurt, Hytaý we Hindistan ýaly ýurtlar şol tejribeden peýdalanýar. Şol ýurtlardan diňe bir ýokary okuw mekdeplerinden däl, tas ähli ministrliklerden we döwlet edaralaryndan, bilim, tejribe maksady bilen işgärler günbatar ýurtlaryna ugradylýar. Günbataryň tejribesini, ylymy we tehnologiýany, dolanşygy ýerinde görsünler, peýdalylaryny ýurtlaryna getirsinler diýlen düşünje bilen şol ýurtlar uly çykdajylar edip, köp sanly mejbury çykdajylaryny gaýra süýşürip, şol tejribäni dowam etdirýärler. Eýsem maksada ýetilýärmi? 200 ýyldan bäri günbatara bilim almak üçin ýaşlaryň ugradylýandygyna garamazdan degerli netije çykmaýar. Talyplyk ýyllarymda mugallymlarymdan biri “Ýaponlar günbataryň ylymyny we tehnologiýasyny alyp, ýurtlaryna dolandylar. Biziňkiler bolsa yza şahyr bolup dolandylar” diýýärdi. Günbatara gitmegiň, günbatarda ýitmegiň 200 ýyllyk gussaly hekaýatyny Sezai Karakoç ýedi çagasy bolan bir atanyň obrazy bilen “Erteki” goşgusyndan iňňän ajaýyp suratlandyrýar.

Günbatara gidip, ýurdy barada ylmy iş ýazmak

“Ugradylan ýurtlarynda öwrenenlerini, iş usulyýetini alyp ýurduna dolansyn, ýurdunyň ösmegine goşant goşsun” diýlen tama bilen köp sanly ýurtdan günbatara ugradylan talyplaryň, alymlaryň, ylmy barlagçylaryň, döwlet gullukçylarynyň esasan tamany ödemändikleri hakykatdyr. Ugradan ýurtlaryň uniwersitetleri, döwlet edaralary ugaradan adamlarynyň işleýän ugurlary barada gysgaça barlag geçirseler, şol hakykat ýüze çykar.

Köp sanly ýurtdan günbatar ýurtlaryna giden alymlaryň, döwlet gullukçylarynyň, talyplaryň esasanda jemgyýetçilik ylymlarynda giden ýurtlary bilen bagly temalary däl, köplenç öz ýurtlary bilen bagly temalarda işleýändikleri mälim. Haçanda günbatar ýurtlaryndan birine gidip, ylmy maksat bilen şol ýurtlarda bolanlar ýa-da daşary ýurtlardan Türkiýä dolananlar bilen duşuşamda şol gynandyryjy netijä gabat gelýärin.

Ýurdy üçin Günbatar däl, Günbatar üçin Türkiýe hünärmeni bolmak

Günbatarly däl jemgyýetlerden bilim almak üçin günbatara gidenleriň tapawutly sebäplerden esasan öz ýurtlary bilen bagly temalarda işlemekleri, maksat edinilýänden tapawutly, käte ters netijeleri ýüze çykarýar. Şeýle bolan halatynda şol ýurtlar öz serişdeleri bilen öz tejribelerini günbatara geçirýärler. Gidenler günbatar bilen bagly temada däl, ýurtlary bilen bagly temada işläp dolanan halatynda islenýän netijäni bermeýärler. Ýurtlary bilen bagly temada işländikleri üçin günbataryň ýurtlary bilen bagly gerek bolan ugurlarynda hünärmenine öwrülýärler. Türkiýeden mysal berenimizde; 200 ýyldan bäri ugradylýandygyna garamazdan Türkiýede ABŞ, Germaniýa, Fransiýa ýaly esasan adam ugradylýan ýurtlar boýunça hünärmen sany iňňän çäkli. Muňa garamazdan Türkiýäniň serişdesi bilen günbatar ýurtlarynda okap, Türkiýe boýunça hünärmen bolan adamlaryň sany diýseň köp. Günbatar ýurtlary bilen bagly temalarda hümärmen bolmak kyn, Türkiýäni gyzyklandyrýan ugurlarda şol hünärmenleriň günbataryň radiolarynda, tw-lerinde we gazetlerinde, internet sahypalarynda ýygy-ýygydan görünýändiklerine şaýatlyk edersiňiz.

Günbatarly däl jemgyýetlerden günbatar ýurtlaryna gidenleriň ýurtlaryndaky adam hukuklarynyň basgylanmagy, etniki meseleler, azlyklaryň meseleleri, strategik meseleler, dini hereketler ýaly meseleler boýunça iş alyp baranlar halatynda, indi günbatarlylar tarapyndan edilýän täze oriantalist işlere hajat galmaýar. Çünki günbatarly alymyň dil öwrenip, jemgyýetleriň arasyndaky tapawutlyklary saýgaryp, günbatarly däl jemgyýetdäki meseläni analiz etmegi köp wagt talap edýär we has gymmada düşýär. Emma günbatarly garaýyşa eýe bolan, ýurdunyň serişdesi bilen günbatara giden we ýurduna günbataryň teoriýalaryna we usulyýetine laýyklykda garaýan alymyň şol meselelerde işlemegi, wagt hem-de düşýän gymmaty taýdan has ýeňil we arzan. Ýurdunyň serişdesi bilen günbatara giden adamlary günbatara gerek bolan ugurlarda, günbatar üçin hünärmene öwürmek iňňän akylly iş. Ilki başda görünýän, mese-mälim duýulýan iş däl, iňňän ussatlyk talap edýän iş.

Mesele diňe bir gidilýän ýurt bilen baglymyka? Günbatar üçin edilen işler bilen öz ýurdunda geçiriljek barlagyň, intelligentleriň ýurtdan gitmeginiň, öz-özüňi oriantalizlemegiň ýüze çykarýan netijelerine gepleşigimiziň geljek sanynyda ser salalyň. Emma meseläniň diňe bir gidilýän ýurtdan ýüze çykmaýandygyny, hat-da meseläniň iň az böleginiň günbatar ýurtlaryndan gelip çykýandygyny belläsim gelýär.

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Dekany Prof. Dr. Kudret BÜLBÜLüň günbatarlaşan oriantalizm baradaky synyny dykgatynyza ýetirdik.



Degişli Habarlar