Aktual Analiz

Siriýadaky çakynyşyksyz zolaklardan biri bolan Idlibde başdan geçirilen soňky çaknyşyklar Astana tapgyryny çykgynsyzlaşdyrýar

892766
Aktual Analiz

 

Türkiýäniň, Russiýanyň we Eýranyň hemaýatkärliginde dowam edýän Astana tapgyrynda Siriýadaky dartgynlygy azaltmak üçin başlangyçlar edildi. Astana tapgyry Siriýada 6 ýyldan geçen çaknyşyklaryň bes edilmegi we parahatçylyk üçin häzirki wagta çenli edilen iň esasy tagalla boldy. 3 ýurduň arasynda gazanylan ylalaşyk bilen Siriýanyň birnäçe ýerinde çaknyşyksyz zolaklar yglan edildi, şeýlede Soçide Siriýadaky ähli teniki we dini gatlaklaryň wekilleriniň gatnaşmagynda Milli Barlyşyk Kongresiniň geçirilmegi barada karara gelindi. Emma Siriýadaky çakynyşyksyz zolaklardan biri bolan Idlibde başdan geçirilen soňky çaknyşyklar Astana tapgyryny çykgynsyzlaşdyrýar.

Siriýanyň hökümeti we onuň tarapynda durýan ýaragly toparlaryň Russiýanyň awia goldawy bilen başladan Idlib operasiýasynda köp sanly etrapçany alandyklary görüldi. Abu Zuhur howa menziline golaý baran ýaragly toparlar siriýaly oppozisionerleriň garşy hüjümi netijesinde az hem bolsa yza serpikdirildi. Türk Daşary işler ministrligi Siriýanyň hökümetiniň Idlibe guran operasiýasynyň dartgynlygyň azaldylmagy baradaky ylalaşyga bap gelmeýändigini beýan etdi.

Türkiýe Russiýadan Asada basyş edip, operasiýanyň bes edilmegini isleýär. Idlibdäki Türkiýe tarapyndan goldanýan oppozision toparlaryň herekete geçip, hüjüm guramagy hem şol çäkde Russiýa we Asada duýduryş hökmünde häsýetlendirilip bilner.

Beýleki tarapdan Prezident R.T.Erdoganyň soňky günlerde Afrin barada berýän beýannamasy Afrina operasia guralma ähtimallygyny güýçlendirdi. Prezident Erdogan Afrin we Munbiç operasiýasynyň duýdansyz başlap biljekdigini nygtap: “Enşalla ertir-bir gün, gysga möhletde Afrinden we Munbiçden başlap Siriýadaky beýleki terror öýjüklerini hem ýeke-ýekeden ýumurarys” diýdi. Prezident Erdoganyň beýanatlaryna goşmaça Faýlak Aş Şamyň wekiliniň Azat Siriýa Goşunynyň 20 müň agzasynyň Afrin operasiýasy üçin taýardygyny habar bermegi möhümdi.

Prezident Erdfoganyň ABŞ-na garşy “Terrorçylar bilen aramyzda durmaň, ganhor sürüsi bilen aramyza girmäň. Eger şeýle bolman halatynda ýüze çykmagy ähtimal islenmeýän wakalardan biz jogapkär däl. Terror guramalarynyň bazalaryndaky baýdaklaryňyzy özüňiz aýyryň. Şol baýdaklary biz gowşurmaly bolmaly. Terrorçylaryň egin-eşiklerindäki belgileriňizi söküp alyň. Ýogsam terrorçylar bilen bilelikde şolary hem ýere gömmeleli bolmaly” diýmegi, Türkiýäniň egilşiksizligini görkezmegi taýdan iňňän möhümdi.

ABŞ soňky beýanatlaryna görä ÝPG-niň gözegçiligindäki ýerlerde 30 müň adamlyk täze bir goşun döretmegi meýilleşdirýär. “Serhet gorag goşuny” atlandyrylýan başlangyç ABŞ-nyň Siriýanyň territorial bitewiligini goldamakdan ýüz öwürendigini we ÝPG bilen bolan ylalaşygynyň DAİŞ-den soň hem dowam etdirmegi meýilleşdirýändigini görkezýär. Şeýlelikde Türkiýe, Russiýa, Eýran, siriýaly oppozionerler we Siriýanyň hökümeti ABŞ-nyň goşun döretmek baradaky kararyna berk reaksiýa bildirdiler.

Türkiýäniň, Russiýanyň we Eýranyň hemaýatkärligindäki Astana tapgyrynyň esasy maksady Siriýanyň territorial bitewiligini goramakdan ybarat. ABŞ-nyň Siriýa, Yrak we Türkiýe serhedinde ornaşjak we ÝPG-den emele geljek täze bir goşun döretmek baradaky meýilnamasy Astana tapgyryna doly garşy çemeleşme. Siriýadaky çaknyşyk we söweş şertlerinde bir terror zolagynyDAİŞ-e garşy göreş ady astynda döretmäge synanşýan ABŞ-nyň Siriýada günsaýyn ýalňyzlaşýandygy görülýär. ABŞ ýalňyzlygyny Saud Arabystany, Birleşen Arap Emirlikleri we Ysraýyl bilen gidirmäge synanşýar.

Afrikdäki ÝPG partizanlarynyň ABŞ bilen däl eýsem Russiýa bilen ýakyn gatnaşyk edýändigi we sebitlerinde rus harby bazalarynyň ýerleşýändigi bilinýär. Afrin operasiýasy üçin ABŞ-nyň däl, eýsem Rýssiýanyň hemaýaty ÝPG-ni goraýardy. Prezident Erdoganyň beýanatlaryndan soň Russiýadan oňyn reaksiýalar geldi. Pentagonyň metbugat sekretary bolsa žurnalistlerden biriniň soragyna jogap berýärkä Afrin etrabynyň ABŞ-nyň operasiýa zolagyna degişli däldigini aýtdy.

Türkiýäniň Afrin etrabyndaky ÝPG-ä garşy Azat Siriýa Goşuny bilen bilelikde operasiýa başlatmagyna garaşylýar. Afrin operasiýasynyň gerimi we göwrümi bilinmeýär. Emma Afriniň golaýyndaky ýerler alynyp, Afrinde ÝPG-ä degişli pozisiýalar gabaw astyna alynar. Afriniň golaýyndaky ýerler ÝPG-niň gözegçiliginde hem bolsa ilatyň esasy bölegi araplardan ybarat. ÝPG-niň hüjümleri sebäpli asuda ilat öýlerinden gaçyp, Türkiýe serhedindäki düşelgelerde ýaşaýar. Düşelgelerde ýaşaýan ýerli halk uzak wagtdan bäri Türkiýeden we Azat Siriýa Goşunyndan Afriniň golaýyndaky etrapçalaryň ÝPG-den halas edilmegini isleýär.

Umuman alnanda Siriýada dartgynly şertler dowam edýär. Astana tapgyry käbir düşnüşmezliklere garamazdan dowam edýär. Siriýanyň hökümetiniň düzgün bozmalaryna garamazdan hemeýatkär ýurtlar tapgyryň dowam etdirilmeginde ygrarly görünýär. Beýleki tarapdan ABŞ-nyň ÝPG arkaly döretmegi meýilleşdirýän goşunyna garşy Russiýa, Eýran, Türkiýe, siriýaly oppozisionerler we Siriýanyň hökümeti berk reaksiýa bildirildi. Prezident Erdoganyň beýannamalaryna laýyklykda Türkiýäniň Afrin operasiýasynyň her pursatda başlamagy mümkin.



Degişli Habarlar