Türkiýäniň we Ýewraziýanyň gün tertibi

Gazagystan latyn elipbiýine geçýär

821945
Türkiýäniň we Ýewraziýanyň gün tertibi

Ýewraziýanyň strategik ähmiýete eýe bolan ýurtlaryndan biri bolan Gazagystan latyn elipbiýine geçýär. Biz hem gepleşigimiziň bu sanynda Gazagystanyň latyn elipbiýine geçişi barada durup geçmek isleýäris.

Atatürk uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň asisenti, doktor Jemil Dogaç İpegiň mesele hakyndaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

 

Gazagystanda latyn elipbiýine geçmek üçin taýarlyklar dowam edýär. Bu tapgyrda nähili elipbiýiň ýüze çykjakdygy bolsa Ýewraziýada we türk dünýäsinde uly gyzyklanma döredýär. Men dilçi däl, emma halkara gatnaşyklarda-da elipbiýiň iňňän möhümdigini aýdyp bilerin. Çünki elipbiýler dünýäde jemgyýetiň ornuny beýan etmegi taýdan iňňän möhüm. Aslyna seredilende türki dillerde ýazmak üçin birnäçe elipbiýden peýdalanmak mümkin. Tehniki taýdan seredilende elipbiýiň dildäki sesleri näderejede beýan edýändigi möhüm.

Gazagystanyň Prezidenti Nursoltan Nazarbaýew latyn elipbiýine geçmek baradaky pikirini 2012-nji ýylda çap edilen 2050-nji ýyla çenli bolan döwür üçin stretegik meýilnamasynda beýan edipdi. Elipbiýiň 2025-nji ýylda doly çalyşjakdygyny aýtdy. 2018-nji ýylda ylymda we bilimde latyn elipbiýine geçmäge başlanyp, onuň 2025-nji ýylda doly tamamlanmagy nazarda tutulýar. Ykdysady taýdan elipbiý çalyşygy üçin 600 million teňňe (1,8 million dollar) serişde bölünip berildi.

Türki diller üçin latyn elipbiýiniň ulanylmagy täzelik däl. Kuman kitaby 14-nji asyryň başlarynda gypjak dialektinde latyn harplary bilen ýazylypdy. Türkiýe Respublikasy 1928-nji ýylda laýyn elipbiýine geçdi. Sowet Soýuzynyň dargamagyndan soň 1991-nji ýylda Azerbaýjan we Türkmenistan, 2001-nji ýylda Özbegistanda şol ýörelgä eýerdi.

Ýakyn taryha seredilende 1926-njy ýyldaky Bakuw Türkologiýa gurultaýynda kabul edilen kararlar bilen türk dünýäsinde gysga möhletde amala aşyrylan latyn elipbiýine geçiş tapgyry, türk dünýäsinde dil we elipbiý birliginiň bölekleýin hem bolsa başdan geçirilen döwri boldy. Türkiýede 1928-nji ýylda edilen elipbiý çalşygynyň esasy maksatlaryndan biri hem şol tapgyryň daşynda galmazlykdy. Latyn elipbiýiniň bütin türki halklar üçin umumy elipbiý hökmünde resmileşmeginden birnäçe ýyl soň Sowet Soýuzynda bu işe nägilelik bildirilmäge başlanýar. SSR-iň merkezi ýerine ýetiriji geňeşi 1935-nji ýylyň iýun aýynda latyn elipbiýine geçmegiň uly ýalňyşlykdygyny we onuň jogapkäriniň bolsa Täze elipbiý toparydygyny yglan etdi. Ol, onsuz hem iňňän gysga dowam eden Türk dünýäsinde latyn elipbiýi birligi döwri üçin soňuň başlangyjy boldy. Şol araky döwrüň soňy uruş ýyllarynda iş ýüzüne geçirilmäge başlanan her bir türki dilli halk üçin fonetiki ýazuw düzgünine esaslanýan 18 sany kril elipbiýi kabul edildi.

Gazagystanda dilçi alymlaryň işleri netijesinde taýarlanan elipbiý teklibi parlamentiň garamagyna hödürlendi. Ozal 42 harpdan ybarat bolan gazak elipbiýi Parlamente hödürlenen elipbiý bilen 25 harpa çenli azaldyldy. Emma gazak dilindäki sekiz sesiň seslendirilmegi üçin iki harpyň bilelikde ulanylmagy saýlanyldy. Ömer Halisdemir adyndaky uniwersitetiň alymy Turgaý Demiriň pikiriçe ol elipbiýdäki harp sanyny azaltmak üçin netijeli bir usul bolmak bilen birlikde gazakça ýazmagy we okamagy kynlaşdyryp biler. Elipbiý düzülýärkä bir sese bir harp ýörelgesiniň ýanynda türki halklara ýakynlaşmak hem esasy ýörelgelerden biri hökmünde göz öňünde tutulsa peýdaly bolar. Şonuň üçin Türkiýedäki we Azerbaýjandaky sesler bilen bir meňzeş bolan gazakça sesleriň şol elipbiýlerdäki harplar kabul edilip bilner.

Elbetde meseläniň syýasy tarapy hem bar. Russiýanyň rusça gepleşilýän etraplara bolan gyzyklanmasy diýseň ýokary. Russiýa elbetde Gazagystanyň kril elipbiýinden latyna geçmegini islemez. Onuň öňüni almak almak üçin käbir göçümleri etmegi hem ähtimal. Russiýanyň gazak halkynyň bu erkin islegine düşünjelilik bilen çemeleşmegini tama edýäris.

Elipbiý, bir tarapdan Gazagystan üçin syýasy bir meseledir. Gazagystan owal-ahyr Soweý Soýuzynyň galyndylary bilen ýaşamalymy? Ýogsam özüniň hem degişli bolan Türk dünýäsi we günbatar jemgyýeti bilen hereket edermi? Türkiýe, Azerbaýjan we Türkmenistan latyn elipbiýine geçdi. Gazagystanyň hem şeýle meýilnamasy bar. Türk dünýäsiniň beýleki sebitleri latyn elipbiýine geçýärkä Gazagystanyň Türk dünýäsiniň esasy böleginden aýry galmagy elbetde ýerlikli bolmaz.

Gazagystanyň latyn elipbiýine geçmegi ýurduň ruhy we medeni ösüşi taýdan taryhy öwrülşik nokadyny emele getirýär. Taryhy geçmişi, medeniýeti we topraklary bilen birlikde dil elmydama milletiň-döwletiň esasy jebislik ýörelgesidir. Bu ugurda Gazagystanyň garaşsyzlygyny yglan eden gününden bäri Prezident Nazarbaýewiň gazak diliniň kämilleşmegine aýratyn uly ähmiýet berýändigini görýäris.

Gazagystan elipbiý çalşygy bilen bilelikde günbatar medeniýetine has-da ýakynlaşar. Şeýle-de elipbiý çalşygy latyn elipbiýine geçen beýleki türki dilli döwletler bilen Gazagystanyň ylmy we medeni gatnaşyklaryna oňyn goşant goşar. Türk dünýäsiniň aksakaly, dana Nursoltan Nazarbaýewiň öňbaşçylygynda Gazagystanyň latyn elipbiýine geçmegini Gazagystanyň dünýäniň ösen ýurtlarynyň arasynda öz ornuny berçinleşdirmek we Türk dünýäsinde medeni bileliş maksadyna laýyk edilen başlangyçlardan biri hökmünde kabul edip bileris.



Degişli Habarlar