Aktual Analiz

Obama wezipesinden aýrylmazdan birnäçe aý ozal Ýewropanyň demirgazygynda we Balkanlaryň günbatarynda täsin syýasy we harby dartgynlyklar boldy

791905
Aktual Analiz

ABŞ-nyň ozalky prezidenti Barak Obama wezipesinden aýrylmazdan birnäçe aý ozal Ýewropanyň demirgazygynda we Balkanlaryň günbatarynda täsin syýasy we harby dartgynlyklar ýüze çykypdy.

Ýyldyrym Beýazyt uniwersitetiniň taryh bölüminiň mugallymy Erdal Şimşegiň mesele baradaky analizini dykgatyňyza ýetirmekçi.

Birdenkä ruslaryň uruş ýa-da harby barlag uçarlarynyň NATO agza Demirgazyk Ýewropa ýurtlarynyň howa giňişligini bozandygy baradaky habarlar gelip gowuşdy. Şol habarlardan soň ABŞ we NATO berk diplomatik ýüzlenmeleri çap etdiler. Gysga wagt soň ABŞ Ýewropa ýarag getirmegi gün tertibine getirdi.

Bu mesele ara alynyp maslahatlaşylýarka rus uçarlarynyň bu gezek Gündogar Ýewropada we Balkanlarda ýerleşýän NATO we ÝB-ne agza ýurtlaryň howa giňişligini bozandygy baradaky habarlar halkara gulluklary tarapyndan berildi. Emma käbir habar gulluklarynyň geçmişde şeýle meçew beriji habarlary bermegi sebäpli şeýle habarlara şübheli çemeleşildi. Emma şol bir wagtda dünýäniň iň bir ynamdar habarlar gulluklarynyň başynda durýan Türkiýäniň resmi habarlar gullugy “Anadoly gullugy” hem şol habarlar giňişleýin görnüşde agzalarynyň dykgatyna ýetirdi.

“Anadoly gullugynyň” şol habarlaryndan soň Balkanlaryň ýaňadandan ýarag ammaryna öwrüljekdigi barasynda uruşlar we halkara gatnaşyklar boýunça işleýän jurnalistler hem jemgyýete açyk media organlarynda hem-de toparlaýyn maillerde düýpli diskussiýalary geçirdik. Şol diskussiýalaryň netijesinde Balkanlaryň we Gündohar Ýewropanyň ýaňadandan ýarag ammaryna öwürljekdigi pikiri ýüze çykdy.

Bu pikir ortaça 25 ýylyk uruş we halkara gatnaşyklar jurnalistikasy tejribesi bolan biziň mamladygymyzy ýüze çykardy. ABŞ Gündogar Ýewropa müňlerçe tonna ýarag, ok-däri we harby ulaglary üýşürdi.

Şol ýaraglaryň getirilmeginden soň birdenkä rus uçarlarynyň hem Fransiýanyň hem-de Britaniýanyň howa giňişligini bozandygy baradaky habarlar gelip gowuşdy.

Britaniýa berk garşylyk görkezdi. Dessine Harby deňiz we howa güýçlerine “öňüni alyjy çäre görmek” barada buýruk berdi. İňlis harby howa we deňiz güýçleri birnäçe aýlap ýurduň hem deňiz hem-de howa giňişligini goramak üçin hüşgärlik derejesinde garaşýar.

Dünýä şu wakalar bilen gümra bolup ýörkä ABŞ-nyň harby gämileriniň Hytaýyň guryýer suw giňişligini, Hytaýyň harby gämileriniň Ýaponiýanyň guryýer suw giňişligini, Ýapon harby gämileriniň Hytaýyň we Russiýanyň guryýer suw giňişligini bozandygy barada habarlar gelip gowuşdy. Agybir ýurtlar iň bir döwrebap ýaraglar bilen üpjün edilen harby gämilerini Hytaý deňizine, Ýapon deňizine we Ýuwaş ummanyna ugratdy. Ruslar, Hytaý we ýaponlar bilen kesişýän gara suwlary serhetlerini goramak üçin käbir çäreleri gördüler.

Şol döwürde rus harby uçarlary Türkiýe bilen birlikde Gara deňize kenardaş ýurtlaryň howa giňişligini bozmaga synanşdy. Russiýa tarapyndan serhetleri bozulan ýurtlaryň ählisiniň NATO agza we şol bir wagtda ABŞ bilen hyzmatdaş bolmagy ünsleri çekiji.

Ruslaryň Gara deňizdäki şol synanşyklaryna garşy ABŞ Gara deňizdäki harby güýjüni has-da artdyrmak üçin işe girişdi. NATO Türkiýede Russiýa garşy harby baza açmagy teklip etdi. Türkiýäniň lideri R.T.Erdogan şol teklibi eliniň tersi bilen itdi. Ýogsam Türkiýe hem şol pespäl oýunyň bir bölegini emele getirmelidi.

Soň Demirgazyk Koreýanyň  raketa synaglary we Amerikanyň Koreý deňizine harby güýç getirmegi baradaky habarlar gelip gowuşdy.

Soň Filippin, Arakat bogazy, Hindistan-Pakistan dartgynlygy we Hindi okeanynda dartgynlyk ýüze çykdy. Sebitde ýerleşýän ýurtlaryň esgerlerine taýarlykly bolmaklary üçin buýruk berildi. Bu taýarlyk şertleriniň düşýän gymmaty diýseň agyr. Yzgiderli hüşgärlik şertleri döwletleriň býujetlerine diýseň uly agram salýar. Şu wakalar başdan geçirilýärkä jurnalist hökmünde şaýatlyk eden, Gündogar Blogynyň ýykylmagyndan ozalky şertler gözümiň öňünde janlandy.

ABŞ-nyň şol wagtky Prezidenti Reýgen bilen Sowet Soýuzynyň lideri Brejnewiň “Ýyldyzlaryň söweşi” taslamasy ýadyma düşdi. Şol döwürlerde iş üpjünçiliginde artykmaçlyk bardy. Tehnologiýa ösüpdi we el güýjüne bolan isleg azalýardy. Täze inwistision merkezler döremäge başlapdy. Emma zähmetkeş arkalaşyklary we guramalary şol özgerlişige garşy göreşýärdiler.

Kärdeşler arkalaşyklarynyň iştaşlaýyşlary günbataryň iň güýçli iki döwleti bolan ABŞ we Britaniýa bilen kommunist blogyň esasy ýurtlaryndan biri bolan Polşada iştaşlaýyş tolkunlary güýçlenmäge başlapdy. “Arkalaşyk” atly kärdeşler arkalaşygynyň başlygy Leh Walesanyň Polşada başladan iştaşlaýyşy bilen Owganystandaky ýeňiliş Russiýadaky kommunistik ulgamy dargatdy.

Britaniýanyň “Demir Leýdi” lakamly premýer ministri Margaret Tetçer bilen ABŞ-nyň prezidenti Reýgen harby goşunyň goldawy bilen iştaşlaýyşa garşy göreşdiler. Üstünligem gazandylar.

Şeýlelikde 1947-nji ýylda oýlanyp tapylan önümçilik modelinden el çekilip, tehnologiýanyň hökmürowanlyk edýän önümçilik usulyna geçildi.

İndi bolsa dünýädäki inwistitsion güýjüň çägi diýseň ýokarlady. Ýaponiýanyň, ABŞ-nyň we Ýewropanyň maýasyna garşy Hytaý, rus, koreý we türk inwistitsion merkezi emele geldi. Şol inwistitsiýanyň önümçilik usulyna döwrebap bazar şertleri we düzgünleri ýetmeýär.

Önümçilik we paýlaşma düşünjesini özgerden inwistitsiýa dünýäniň ýaňadandan dizaýn edilmegi üçin bizi aktýorlardan biri hökmünde saýlap alana meňzeýär. Sebabi esasanda ABŞ-nyň we ÝB-niň döwlet ykdysadyýetleri çökdi. ABŞ-nyň diňe döwlet karzlary 20 trillion dollara barabar. ÝB-ne agza ýurtlar Germaniýadan daşgary ýa bankrot boldy ýa-da bolmagyň bosagasynda dur. Muňa garamazdan inwistitsiýalary döwletlerinden has güýçli. Täze önümçilik we sarp ediş usulyna geçişiň gansyz bolmagyny tama edýärin. Eýsem ganhoryň barmagynyň yzy wakadan öň anyklandy…



Degişli Habarlar