Türk Dünýäsinden Habarlar

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň 10-njy bölüminde ýenede biz siz bilen bilelikde. Gepleşigimiziň nobatdaky sanynda hem Türki dilli döwletlerden bize gelip gowuşan möhüm habarlary siziň dykgatyňyza ýetirmekçi

688750
Türk Dünýäsinden Habarlar

Ilkinji habarymyz Türkiýeden gelip gowuşdy. Prezident Erdogandan Berdimuhamedowa hat.

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan Türkiýe-Türkmenistan diplomatik gatnaşyklaryň 25 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hat iberdi.

Ata Watan Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny tanan ilkinji ýurt bolmagyň Türkiýe Respublikasy üçun aýratyn bir buýsançdygyny we bagtdygyny bellän Erdogan: “Syýasy ygtyýar we erjellik bilen çuňlaşan iki taraplaýyn we köp ugurly hyzmatdaşlygymyzyň öňümizdäki 25 ýylda has hem berkäp dowam etjekdigine ynanýaryn. Sebitde asudalygyň dowamy üçin bilelikde işleşmegimiz, geçmişde bolşy ýaly häzirki wagtda hem örän möhümdir” diýip belledi.

Prezident Erdogan hatynda: 3-nji gezek Türkmenistanyň Prezidentligine saýlanmagy sebäpli Berdimuhamedowy gutlady we dost we dogan türkmen halkyna durnuklylyk we asudalyk diledi.

 Türkiýe-Türkmenistan diplomatik gatnaşyklaryň 25-nji ýyllygy sebäpli Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly türkmen kärdeşi Raşit Meredowa gutlag ýüzlenmesini iberdi..

Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Mustafa Kapujy tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine gowşurylan hatda kärdeşi Meredowa we Türkmenistanyň halkyna ýagşy dilegler iberen Çawuşogly sebitleýin asudalygyň dowamy üçin hyzmatdaşlygyň wajypdygyna ünsleri çekdi we iki taraplaýyn gatnaşyklaryň güýçlenip mundan soň hem dowam etjekdigine ynanýandygyny belledi.

Garaşsyzlygyň yglan edilmeginden soň 1991-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Garaşsyzlygy tanan we edil yz ýanyndan ýagny, 1992-nji ýylyň 29-njy fewralynda Türkmenistan bilen diplomatiki gatnaşyklary ýola goýan we paýtagt Aşgabatda ilçihana açan ilkinji ýurt Türkiýe boldy.

Geçen hepde hem Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýet bilen Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň resmileri Ankarada özara duşuşyk geçirdiler we birnäçe möhüm syýasy meseleleriň üstünde duryp geçdiler.

 

Nobatda Özbegistandan gelen habarymyz bar. Özbegistanyň 2017-nji ýyldan tamasy uly.

Özbegistan 2017-nji ýylyň programasynyň çäginde şu ýyl 4 milliard 505 million dollarlyk daşary ýurt maýa ulanmagy maksat edinýär.

Özbegistanyň Ministrler kabinetiniň mejlisiniň maslahatyndan soň berilen beýanatda hökümediň 2017-nji ýyldaky programasynyň çäginde şu ýyl ýurtda 199 taslama üçin 4 milliard 505 million dollar möçberinde daşary ýurt maýa ulanmagy maksat edinýändigi habar berildi.

Beýanatda şu ýyl 79 taslama üçin hökümediň kepilligi bilen 1 milliard 854 million dollarlyk daşary ýurt maýasynyň ulanylmagynyň meýilleşdirilýändigi, 120 taslamada bolsa 2 milliard 651 million dollarlyk gönüden daşary ýurt maýasynyň ulanyljakdygy mälim edilýär.

Daşary ýurt maýalaryň esasan hem energetika pudagyna goýulmagynyň maksat edinilýändigi bellenýän beýanatda jemi 37 aýry energetika taslamasy üçin 2 millaird 470 million dollarlyk daşary ýurt maýasynyň ulanylmagynyň meýilleşdirilýändigi bellenýär.

Şu ýyl Özbegistanda iň köp maýa goýmak isleýän ýurtlaryň arasynda Russiýa birinji orunda bolup, rus maýa goýumlarynyň esasy böleginiň energetika pudagynda ulanylmagyna garaşylýar.

Rus Lukoil kärhanasy Özbegistanyň şu ýylky taslamalary üçin 1 millaird 217 million dollarlyk maýa goýmagy meýilleşdirýän bolsa, Russiýanyň Gazprom kärhanasy bolsa 1,3 milliard dollarlyk tebigy gaz gözleglerini geçirmegi meýilleşdirýär.

Özbegsiatnyň hökümeti 2017-2021-nji ýyllar aralygynda Bütindünýä bank, Aziýanyň Galkynyş banky we Yslam galkynyş banky ýaly halkara maliýe guramalaryndan jemi 7,7 milliard dollarlyk kredit ulanmagy maksat edinýär.

Hökümediň berýän hasabatyna görä 2016-njy ýylda ýurdyň ykdysadyýetine goýulan daşary ýurt maýalar, 2015-nji ýyla garanyňda 11,3 göterim artyp, 3,7 milliard dollara ýetdi.

 

Nazarbaýew Nobel Parahatçylyk sylagyna dalaşgär görkezildi.

Bazel Parahatçylyk ofisi Nursoltan Nazarbaýewi we Kairbek Kuýukowy Nobel Parahatçylyk sylagyna dalaşgär hökmünde hödürledi.

Şweýsariýanyň Bazel şäherinde ýerleşýän Parahatçylyk we energetika ylmy-derňew institudynyň müdüri Alyn Ware facebook arkaly beren beýanatynda Gazagystanyň Prezidenti Nursoltan Nazarbaýewi we ATOM taslamasynyň hormatly ilçisi gazagystanly suratkeş Kairbek Kuýukowy ýadro ýaraglarynyň ortadan aýrylmagy üçin eden tagallalary sebäpli Nobel Parahatçylyk sylagyna dalaşgär hökmünde hödürländigini mälim etdi.

Beýanatda Nazarbaýewiň dalaşgärligine mundan başgada iňlis syýasatçy Bill Kiddiň hem goldaw berendigini habar berdi.

Beýanatda Nazarbaýewiň ýadro ýaragsyzlandyrma babatynda örän wajyp kararlar kabul edendigi we 22 ýyl bäri ýadro ýaragsyz dünýä üçin uly işler edendigi bellenýär.

 

Soňky habarymyz bolsa Azerbaýjandan gelip gowuşdy.

Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde 1926-njy ýylda geçirilen I Türkologiýa geňeşiniň 90 ýyllygy sebäpli “Türkologiýa ylmy-medeni hereketde umumy gymmatlyklar” atly konferensiýa geçirildi.

Türkologlar 90 ýyl soň Baku Türkologiýa geňeşiniň geçirilen ýeri bolan şol wagt Ismailiýe gaznasyna degişli bolan şu günki günde bolsa Azerbaýjanyň milli ylymlar akademiýasynyň dolanşyk geňeşiniň ýerleşýän binasynda bir ýere jemlendiler.

Türkiýeden baran wekiliýetiň başynda bolan Türk dili guramasynyň başlygy Prof.Dr Mustafa Kaçalin konferensiýanyň açylyşynda eden çykyşynda Baku Türkologiýa geňeşinde Türk dünýäsiniň umumylyklarynyň ara alynyp maslahatlaşylýandygyny we şolaryň şu günki günde hem dowam edýändigini nygtady.

Ömrüniň aglaba bölegini türkologiýa bilimine bagyş eden 131 adamyň geňeşe gatnaşýandygyny we häzirki wagta çenli 17 maslahatyň geçirilendigini ýatladan Kaçalin şol alymlaryň käbirleriniň SSSR zamanasynda basyşlara we sürgüne sezewar galandyklaryny beýan etdi.

Türk dili guramasynyň geňeşiň resminamalaryny 1998-nji ýylda çap edendigini ýatladan Kaçalin 1926-njy ýylda geňeşiň türklük üçin öwrülişik nokadynyň bolandygyny nygtady.

Prof.Dr. Ahmet Bijan Erjilasun bolsa 90 ýyl ozal bolan geňeşiň geçirilen binasynda bolmakdan örän hoşaldygyny belledi.

90 ýyl ozal Türk dünýäsiniň ileri tutulýan meseleleriniň bu binada ara alynyp maslahatlaşylandygyny ýatladan Erjilasun Türki dilli ýurtlaryň ilki bilen bilime ähmiýet bermelidigini nygtady.

1926-njy ýylyň 26-njy fewralynda geçirilen I Baku Türkologiýa geňeşinde Türk dünýäsinde umumy elipbiý, edebi dil we terminologiýa ýaly temalaryň üstünde durulyp geçildi. Geňeşde Türkiýä Prof. Dr. Fuad Köprülü we Ali Beý Hüseýinzade wekilçilik edipdi.



Degişli Habarlar