Yslamy Öwreneliň

Hakyky ady İblis bolan şeýtan, jynlar ýaly otdan ýaradylandyr. Borjy allaga gulluk etmeklikdir

631995
Yslamy Öwreneliň

Adam ogly ýaradylmazdan ozal perişdeler bilen birlikde ýaşapdyr. Adam Atanyň ýaradylmagyna görübilmezçilik edipdir. Allanyň “Adama sejde ediň” diýlen buýrugy ýerine ýetirmändir. Kitiwliligi we gopbamsylygy sebäpli synagy geçip bilmedikleriň hataryna goşulypdyr. Şondan soň oňa allanyň huzuryndan kowulan, haýyrdan we gözelliklerden daşda bolan manylarynda “Şeýtan” diýilipdir.

Gurhan şeýtanyň adam ogly üçin aç-açan duşmandygyny, adamy elmydama erbet we gelşiksiz işlere gönükdirýändigini, allanyn adamlary hem-de şeýtany biri-birinin duşmany hökmünde ýeriň ýüzüne inderendigini habar berýär. Muhammet pygamber hem hadyslaryndan birinde “Şeýtan ganyň aýlanyşy ýaly adamyň içinde aýlanar” diýmek bilen, şeýtan bilen adamyň arasyndaky gatnaşygy adam bilen ganyn arasyndaky gatnaşyga meňzedipdir. Gan, nähili bedenimiziň ähli ýerini aýlanýan bolsa, şeýtan hem adama damarlaryndaky gan ýaly ýakyn bolar we şeýlelikde ony hidaýatdan aýyrmak üçin bar güji bilen tagalla eder. Şol sebäpli adam yzgiderli häsýetde şeýtana we onuň allaryna ünsi çemeleşmelidir.

Şeýtan, özi üçin synaga sebäp bolan we ondan galmagyna sebäp bolan adamlary hakdan çeýleşdirip, jähenneme ugratmak üçin elinden geleni etjekdigini aýtdypdyr. Bu barasynda gurhanyň aýatlaryndan birinde “Eger meni azdyran bolsaňyz, men hem gidip seniň dogry ýolyň ugrunda olara duzak guraryn. Soň olara öňlerinden, yzlaryndan, saglaryndan we sollaryndan sokjarylaryn we olaryň köpüsiniň şükür etmejekdigini görersiňiz” diýilýär.  Hezreti pygamber hem musulman haýyrly iş etmäge karar berende, şeýtanyň onuň aňyna dürli-dürli bahanalary salyp, ony şol haýyry etmekden ýüz öwürmäge synanýandygyny aýdypdyr. Bu aýatdan we hadysdan şeýtanyň esasy arzuwynyň adam oglunyň allanyň öňünde ýitirmegini amala aşyrmakdygyna göz ýetirmek bolýar.

Gurhandaky Adam Atanyň we aýalynyň şeýtan bilen synaglaryny beýan edýän aýatlara ser salanymyzda şeýdanyň adamdaky kemçilikleri bilýändigi we olardan peýdalanýandygy görülýär. Şeýtan şertlere görä adamy käte ýalan wadalar bilen, käte allanyň bagyşlaýyjylygyna ynandyryp, ýalňyş ýollara gönükdirýär. Şeýtanyn adamlara gönüden täsir ýetirme güýji we kuwwaty ýok. Onuň täsiri adamlaryn kemçiliklerinden, harsydünýäliginden we soňy gelmeýän arzuwlaryndan gelip çykýar.

Yslam düşünjesinde şeýtan ähli erbetlikleriň tymsalydyr. Erbet we gelşiksiz hereketler şeýtana, gowy we ýerlikli hereketler melege degişlidir. Gurhanda köp sanly haram etmiş, erbetlikler we ýagşylyklary terk etmek şeýtany erbetlikler hökmünde beýan edilýär. Şeýlelikde erbetligin şeýtanlaşmakdygyna üns çekilýär. Şol sanda gurhanda birnäçe şeýdanyň bardygy aýdylýar. Ol hem erbetligi simwollaşdyrýan köp sanly şeýtanyň bardygy manysyny aňladýar. Musulmanyň durmuşy ähli taraplaýyn şeýtanlara garşy göreşmekdir.

Şeýtanyň esasy özboluşlylygy ulumsylykdyr. Adam Ata näme üçin sejde etmeýändigi soralanda “Men ondan has haýyrly. Çünki meni otdan ýaratdyň. Ony bolsa palçykdan ýaratdyň” diýip jogap beripdir. Bu ulumsylyk we buýsanç şeýtanyň allanyň huzuryndan kowulyp, näletlenmesine sebäp bolupdyr. Gurhanda şeýtan gürrüň berilýärka esasy derslerden biri, buýsanja we ulumsylyga özüňi aldyrmazlykdyr.

Şeýle-de şeýdan adamlary ýoldan çykarjakdygyny, boş hyýallara gark etjekdigini beýan edipdir.

Şeýlelikde aldatmak hem şeýdanyň özboluşlyklaryndan biridir. Şeýtana gelşirilýän ähli sypatlar we işler musulmana gelişmez. Ol ömür boýy olara üns bermeli, şeýtan bilen ortak bolmaly däl.

Şeýtanyn başga bir özboluşlygy hem adama was-wasa bermegidir. Adamyň aňyny bulaşdyryp, ony ýalňyşlyga we erbetlige gönükdirmäge synanşar. Gelşiksiz işleri we haramlary gowy ýaly görkezip, ony harama gönükdirer. Esasanda ybadatlar meselesinde musulmany biynjalyk eder. Ony ybadatdan çetleşdirmäge, allaga bolan borjuny birkemsiz berjaý etmeginiň öňüni almaga synanşar. Täretine, namazyna şübhe goşar. Adaty ýagdaýda ýadyna düşmejek zatlary namaz okaýarka ýadyna salyp, namazdaky huzury bozar. Ybadatdan lezzet almagyna päsgel berer.

Emma muňa garamazdan musulman şeýtanyň öňünde ýalňyz goýulmandyr, ýagşylygy ündeýän melekleri oňa ýoldaş edipdir. Ähli şeýtanlaryň şerinden allaga sygynmagy islenýär. Beýik biribar öz adyny agzaýan bendelerini gorajakdygyna söz beripdir. “Eger şeýtandan gelen erbet pikir dürtse, allaga sygyn, çünki ol eşidýändir, bilýändir. Allaga sarpa goýýanlar şeýtan özlerine was-wasa beren halatynda pikir eder, hakykaty görer” diýilýän aýat, musulmanyň şeýtanyň öňünde etmeli işlerini aç-açan beýan edýär.



Degişli Habarlar