Yslamy öwreneliň

Yslam dini adamyň durmuşyny “ýakyn durmuş” manysyny aňladýan we wagtlaýyn bolan dünýä durmuşy bilen “soňky durmuş” manysyny aňladýan we ebedi bolan ahyret durmuşy hökmünde iki bölege bölýär

622660
Yslamy öwreneliň

Emma ikisini biri-birinden dolulygyna garaşsyz göz öňünde tutman, olary baglanşdyryýar we deňagramlaşdyrýar. Diňe bir ölümden ozalky durmuşyň bolmaýşy ýaly hakykatlara gözlerini ýumýan, dünýä durmuşyndan üzňe we dünýäniň ahyretiň taýarlyk ýeri bolandygyny ünsden düşürýän durmuş hem bolup bilmez.

Gurhan yslamyň dünýä we ahyret durmuşyna bolan garaýyşyny hem-de olaryň ikisinin arasyndaky gatnaşygy birnäçe aýatynda beýan edýär. Umuman alnanda yslamyň metarialist garaýyş bilen dine bir dünýäni ýa-da dünýäden üzňe ruhanylygy öňe sürmeýändigi, orta ýoly saýlap alandygyny görmek bolýar. Aýatlardan birinde “Allanyň sana yhsan eden bu baýlygy bilen ebedi ahyret ýurduny abadanlaşdyrmak üçin tagalla et, emma dünýäden hem nesibäňi almagy ýatdan çykarma” diýilýär. Aýat ilkinji nobatda ahyret bagtyýarlygy üçin tagalla etmeklikdigini nygtap, bu dünýäni hem ýatdan çykarmazlygy, allanyň beren nygmatlaryndan başga adamlara-da berip, dünýäniň has eşretli ýagdaýa getirilmegini maslahat berýär.

Yslam düşünjesine görä dünýä durmuşy iňňän möhüm. Eýsem baky bolan ahyret durmuşyna ýetilýän ýer dünýädir. Dünýä adamyň durmuşyna görä gowy ýa-da erbet hökmünde hümmetlenýär. Adam ahyretde diňe bu dünýäde mahaly edenleriniň netijesini alar. Adamyň bu dünýäde eden kiçijik hem bolsa ýagşylygy ýa-da ýamanlygy ahretde öz alnyna çykar. İl arasynda hadys hökmünde aýdylýan “Dünýä ahyretiň ekin meýdanydyr” diýilýän söz, şol hakykaty doly beýan edýär. Şeýlelikde jennet adamyň tohumyny bu dünýäde mahaly eken bakjasy, jähennem bolsa oduny bu dünýäde mahaly alyp giden ýangyn ýeridir.

Yslamyň dünýä durmuşyna bolan garaýyşynda ünsi çekýän beýleki bir husus bolsa dünýäniň synag ýeri bolmagy. Dünýä allaga bendelik etmek üçin ýaradylan adamyň ýaradylma maksadyna näderejede hyzmat edýändigini, ygtyýaryny nähili peýdalanýandygyny we kimiň gowy amallar edýändigini ýüze çykarýan synag meýdanydyr. Gurhanda “Ol haýsyňyzyň has gowy iş etjekdigiňizi synamak üçin ölümi we durmuşy ýaratdy. Ol beýikdir, geçirimlidir” diýlip, bu barasynda nygtalýar. Adamlar bu dünýäde ähli şertde synalyp, iman edenleriň görkezen ýokary ahlagy bilen jennede ýakyn barandyklary, inkär edenleriň bolsa inkärleri we erbetlikleri sebäpli dowzaha ýakyn barandyklary ýüze çykýar.

Gurhany we hadyslary okanymyzda ahyreti göz öňünde tutmaýan, diňe dünýä durmuşyny pikir edýän musulmanyň ýazgarylýandygyny görmek mümkin. Şeýle ýaşaýyş adamy allany ýatlamakdan, ýaradylyş maksadyndan çeýleşdirýän oýun, güýmenje, baýlyk, çaga-çoluk bilen ýöne ýerden öwünmek, aldadyjy we geldi-geçer panylyk, adamlary gombamsylyga, özünden çetleşmäge we synagdan galmaklyga alyp barýan ýaşaýyş usuly hökmünde häsýetlendirilýär. Aýatlarda garalanýan we ýazgarylýan, baýlyk, çaga we beýleki dünýä nygmatlary däl, adamyň diňe şolara üns berýän dünýä durmuşyny saýlap alyp, ahyretden çetleşmegi dolulygyna dünýewileşmeklikdir. Hezreti pygamber şeýle dünýä durmuşynyň allanyň öňünde siňegiň ganadyndan hem gymmatsyzdygyny habar berýär. Hadyslardan birinde Muhammet pygamber dünýä we ahyret durmuşyny deňize garşy bir damja suw mysaly bilen deňeşdiripdir. Şeýlelikde iki durmuş hem deň derejede görülip, dünýä we ahyret durmuşynyň aasynda deňagramlylyk göz öňünde tutulmaly däl. Tersine denagramlyk bu dünýä hem o dünýä hem laýyk bolan derejesinde berilmeli.

Hezreti Muhammet takdyr edilen rysgalyň adamlara hökmany suratda beriljekdigini mälim edip, dünýewi isleglerde orta ýoluň saýlanyp alynmagyny, haramlaryn terk edilip, halal bolanlaryň alynmagyny maslahat beripdir. Hadyslardan birinde bolsa: “Dünýä ähmiýet bermezlik diýmek adamyň halan zatlary özüne haram etmegi ýa-da emlägini paýlap gutarmagy diýmek däldir. Tersine dünýä ähmiýet bermezlik eliňdäki zatlara allanyň öňündäkilerden has köp ynanmagyňdyr” diýmek bilen dünýä-ahyret denagramlygynyň nähili düzüljekdigini görkezipdir.

Musulmana gelişýän bu dünýä bagly bolmazlyk, tersine baky bolan ahyret durmuşy üçin tagalla etmek, yzgiderli taýarlyk görmeklikdir.


Etiketkalar: #yslam , #din , #gurhan , #aýat , #Alla , #dünýä

Degişli Habarlar