Yslamy öwreneliň

Beýik alla inderen kitaplarynda adam oglunyň durmuşynyň düzgünleriniň esaslaryny olara habar berdi

622656
Yslamy öwreneliň

Şol esaslar adamyň dünýä we ahyret bagtyýarlygyny üpjün etmekligi göz öňünde tutýar. Gurhan allanyň şol maksada laýyklykda adamzada ugradan soňky ylahy kitabydyr we Hezreti Muhammediň gudratydyr.

Yslam alymlary gurhany şeýle häsýetlendirýärler: Gurhan, beýik alla tarapyndan wahýi arkaly Hezreti Muhammede arap dilinde günbe-gün inderilen, nesilden nesile yzgiderli geçirilen, Fatiha süresi bilen başlap, Nas süresi bilen gutarýan, okalmasy iňňän bähbitli ybarat bolan, 6,236 aýatdan we 114 süreden ybarat, allanyň kelamy bolan kitabyň adydyr.

Hezreti pygamber “Her bir pygambere hökmany suratda iman edilýän gudratlar berilendir. Maňa berilen gudrat bolsa allanyň maňa wahýi eden gurhanydyr” diýýär. Gudrat bolmagynyň netijesi hökmünde inderilen gününden başlap adamlarda çuňňur täsir galdyrmagydyr.

Gurhan arap edebiýatynyň gülläp sen döwründe inderilendir. Beýil biribar ynanmaýanlary “Gurhanyň ýekeje süresine meňzeş süräni” getirmäge çagyrypdyr, emma olar munuň hötdesinden gelip bilmändirler. Şu günki güne çenli hiç kim meňzeşini ýazyp bilmändir. Ol hem gudrat bolmagynyň netijesidir. Beýik alla bu barasynda soňky sözi şu aýaty bilen aýdypdyr: “ähli adamlar we jynlar şu gurhana meňzeş kitaby ýazmal üçin jemlenşsinler, biri-birine isleýişlerçe goldaw bersinler, ýene-de ýazyp bilmezler.”

Allanyň sözi we kitaby bolan gurhan dürli aýatlarda özüni şeýle kesgitleýär: “Ol “sözleriň iň owadanydyr”. Musulmanlaryň berk ýapyşmagy üçin allanyň ýüpidir. Döwülmeýän “berkden berk gulpdyr”. Şypanyň çeşmesi, hidaýadyň ýolbeledi we rehnediň sebäpkäridir. “Adamlar üçin öwüt-ündew we hidaýat ýolbeledidir.” Muhammet pygamber bulary tassyklaýan hökmünde: “Sözleriň iň dogrusy, allanyň kelamy; ýolbeletligiň iň gowusy Muhammediň ýolbeletligidir” diýip buýurypdyr.

Muhammet pygamber gurhany 23 ýylyň dowamynda özüne gelişi ýaly aýatlar we süreler görnüşinde adamlara wagyz edipdir, wahýi kätiplerine ýazdyrypdyr we ýat tutdurypdyr. Pygamber döwründe dürli zatlaryň üssüne ýazylan aýatlar, ilki halyf Abu Bekir döwründe ýygnalyp, kitap hökmünde ýazylypdyr we Hezreti Osman döwründe köpeldilipdir. Muhammet pygamberden biziň döwrümize çenli ýazmaça we ýatdan yzgiderli häsýetde gelip ýeten gurhan, mukaddes tekstleriň arasynda alladan gelişi ýaly goralyp saklanan ýeke-täk kitapdyr. Bu barasynda aýatlardan birinde: “Şol kitaby biz inderdik we onuň hemaýatkäri hem elbetde biz” diýilýär.

Gurhan ilki bilen adamlary allany bilmäge we oňa ynanmaga çagyrýar. Yslam dininiň ynanç, ybadat, ahlak we hukuk bilen bagly hökümleri hem şol kitapda beýan edilýär. Gurhan allanyň birliginden we sypatlaryndan, ahyret durmuşyndan, jennetden we dowzahdan habar berýär. Adamyň aňyna ýüzlenýär, öz ýaradyşyly we dünýädäki öwüşgünliligi çuňňur analiz etmäge çagyrýar. Adamyň düşünjesine sygmaýan metafiziki jähtiň bardygyny ýatladýar. Aýatlardan birinde ol barasynda: “Bu aýatlaryny pikir etmekleri we akyllylaryň ders almaklary üçin saňa inderilen mübärek kitapdyr” diýilýär.

Şol sanda öwüt bermegi üçin ozalky pygamberler we milletler barada maglumat berilýär. Dogryny ýalňyşdan tapawutlandyrýan manysyny aňladýan “Furkan” adyna laýyklykda dogrylary we ýalňyşlary okaýanyň öňüne goýar, ýerlikli netije çykarmagyny üpjün eder. Ýatlatma manysyny aňladýan “zikr” adyna laýyklykda bolsa adama dünýäsini we ahyretini tanyşdyrýar. Adamyň dünýä inmezinden ozalyny we ölüminden soň näme boljakdygy baradaky nämälim mowzuklary düşündirýär.

Gurhanda allanyn möminlere parz kylan ybadatlary we amallary bilen haram kylan etmişleri aç-açan nygtalýar. Gurhan allanyň birligi baradaky ýörelgesine laýyklykda adalatly we ahlakly bolmagy endik edinen, jogapkärçilikli hereket edýän sosial şahslary we jemgyýetleri döretmegi maksat edinýär.

Pygamberimiz gurhany okaýan musulmany hem ysy hem-de tagamy gowy bolan miwä meňzedipdir. “Siziň iň haýyrlyňyz gurhany öwrenenleriňiz we öwredenleriňizdir” diýmek arkaly ummadyny gurhany öwrenmäge höweslendiripdir.

Aňynda gurhan barada hiç bolmadyk adamy “haraba öwrülen öýe” meňzedip, duýduryş beripdir.



Degişli Habarlar