Türkiýäniň Nukdaýnazaryndan Ýakyn Gündogar

Alžir

622675
Türkiýäniň Nukdaýnazaryndan Ýakyn Gündogar

1962-nji ýylda garaşsyzlygyny alan Alžir, 1990-njy ýyla çenli bir partiýaly respublikan rejimi bilen dolandyryldy. Garaşsyzlyk göreşine öňbaşçylyk eden Milli azat ediji front (FLN) döredilen syýasy ulgamyň özenini emele getirýärdi. 2-nji Jahan urşundan soň täze garaşsyz bolan ýurtlaryň arasynda rowaçlanan merkezi meýilleşdiriji sosialist ykdysady ösüş modeli kabul edilipdi. Emma gurlan ykdysady we syýasy ulgam 1980-nji ýyllarda çykgynsyzlaşypdy. Şol çykgynsyzlygy ortadan aýyrmak üçin prezident Şadili Bin Jedid ulgamyň syýasy we ykdysady liberalizasiýa üçin başlangyçlar etdi.

Emma şol başlangyçlar netije bermedi. 1991-nji ýylda geçirilen umumy saýlawlarda Yslamy salamat frontunyň üstün çykmagy sebäpli harby agdarlyşyk edildi. Harby agdarlyşykdan soň bolsa Alžir 10 ýyl dowam eden pajygaly içerki urşy başdan geçirdi. Harby agdarlyşykdan soň ýaňadandan bir partiýaly ulgama dolanyp barylmady. Emma FLN ýüze çykan köp partiýaly ulgamyň özeni bolmagynda galdy.

Ykdysady liberallaşma bolsa durnukly erkin bazar ykdysadyýetiniň ýerine syýasy elitalar bilen ýaran telekeçi gatlagynyň we dost-ýar kapitalizminiň ýüze çykmagyna sebäp boldy. Soňky günlerde Alžirdäki ykdysady ýagdaý, şertleriň barha agyrlaşýandygyny görkezýär.

Soňky döwürdäki ykdysady özgerlişik başlangyçlarynyň halkara maýadarlarynda ynam döredendigini görkezýär. Alžiriň syýasy we ykdysady elidatalary daşary ýurt maýasynyň özleriniň ykdysady we söwda durmuşyndaky gözegçiliklerini ellerinden aljak faktor hökmünde kabul edýärler. Maýadary oýlandyrýan sebäplerden biri hem Alžiriň dünýäde galplygyň iň bir ýaýbaňlanan ýurtlaryndan biri bolmagy.

Soňky ýyllarda maliýe we söwda ýetmezçilikleri artmaga dowam edýär hem-de ýurduň walýuta ätiýajy günsaýyn azalýar. Şeýle-de Alžiriň pul birliginiň hümmeti 30 göterime çenli aşaklady. 2015-nji ýylda 3,7 göterime barabar bolan ösüş depgininiň şu ýyl 1,9 göterime düşmegine garaşylýar. Nebitiň nyrhynyň aşaklamagy we azalýan uglewodorod eksporty sebäpli Alžirde söwda ýetmezçiligi ýüze çykdy. 2014-nji ýylda 4,3 milliard dollar daşary söwda artykmajy bolan bolsa 2015-nji ýylda 1,37 milliard dollar söwda ýetmezçiligi emele geldi. 2016-njy ýylda-da şol ýetmezçilik artmaga dowam edýär.

Ýaş ilatyň 20 göteriminden gowragynyň işsizdigi sebäpli ýurtda iş üpjünçiliginiň döredilme mejburlygy häzirki ykdysady ösüşiň depgininiň güýçlendirilmegini talap edýär.

Üstümizdäki ýylyň ortasynda hökümet ýurtda höküm sürýän nebite esaslanýan ykdysady gurluşy diwersifikasiýalaşdyrmagy göz öňünde tutýan täze ösüş modelini kabul etdi. Şeýlelikde ykdysadyýetiň uglewodorod önümlerine bolan aşa garaşly bolmakdan halas etmek nazarda tutulýar. Şol önümler milli girdejiniň üçden bir bölegini, hökümetiň girdejileriniň üçden iki bölegini we eksportyň 95 göterimini emele getirýär.

Emma bu täze ykdysady ösüş modeliniň islenýän netijeleri berjekdigini aýtmak diýseň kyn. Dolanşygyň hili, hukugyň üstünliginiň üpjün edilmegi, galplyga garşy göreş we edarada önjeýlilik ýaly kriteriýalar taýdan seredilende umytly bolmak üçin sebäp görünmeýär. Ýurtda zerur görülýän sosial, syýasy we ykdysady özgertmeleriň edilmeginiň öňündäki esasy bökdençlik gönüden göni iş başyndaky rejimiň esasy faktorlarynyň gazanylan bähbitlerini goramakdaky ygrarlylygy.

Entek ähli detallary beýan edilmedik maksatnama gönüden göni rejimiň esasy guramalaryna gözegçilik edýän we şol bähbitlerini goramakdaky erjel gatlaklar tarapyndan taýarlandy. Şol gatlaklaryň bähbitlerine degmän bolsa ykdysady-maliýe özgertmäniň durmuşa geçirilmegi mümkin däl. Şol gatlaklar tarapyndan taýarlanan ykdysady özgertme maksatnamasynyň bolsa olaryň bähbitlerini çäklendiriji düzgünleri getirmegi münkin däl.

Şeýlelikde täze modeliň daşary ýurt sermaýasyny Alžire getirmege höweslendirmegine garaşylmaýar. Şeýle-de ýerli telekeçiligi höweslendirjek işjeň bazar ykdysadyýetini döretmek taýdan-da ýeterlik bolmagyna garaşylmaýar.

Hökümetiň çykdajylarynyň çäklendirilmegi we salgytlaryň, gümrük paçlarynyň artdyrylmagy sebäpli maýa goýuma hem-de sarp edişe ýaramaz täsir ýetirip biler. Häzirki wagtda görülen kosmetiki çäreleriň gynansagam görülmegi düýpli utgaşyklyk kararlaryny has-da gijä goýmakdan başga funksiýasy ýok.


Etiketkalar: #Alžir , #syýasy , #ykdysady , #ilat

Degişli Habarlar