Türk Taryhynyň Parlak Ýyldyzlary

Mimar Sinan

613646
Türk Taryhynyň Parlak Ýyldyzlary

Türk arhitektura taryhynyň we medeniýetiniň iň tanymal ussady gürrüňsiz Mimar Sinandyr. Onuň dünýä arhitektura taryhyna goşant goşan eserleri entege çenli arhitektura mekdeplerinde we uniwersitetlerinde okadylýar. Mimar Sinan Kaýseri welaýatynyň Gesi etrabynyň Agyrnas obasynda eneden doguldy. Osmanly taryhy belliklerine görä Agyrnas obasy hristiýan türkleriň ýaşaýan obasydy. Kakasynyň ady anyk bilinmesede ejesiniň adynyň özüniň ilkinji gaznasyna adyny dakan Kamer Hatyn ýa-da Emine Hatyn diýip çak edilýär.

Sinan 1512-nji ýylda Agyrnasda türk hristiýan okuwçysy hökmünde öwrenje mekdebine alyndy, 1521-nji ýyldaky Belgrad söweşinden ozal ýanyçar boldy. Ol goşunda gulluk eden wagty Eýran, Siriýa, Yrak, Müsür, Balkanlar, Wengriýa we Günorta Awstriýa ýaly ýerleri görüpdir. Geljekgi alym Kanuny Soltan Süleýmanyň Eýran saparynda duşmanyň topraklarynda razwedka geçirmek maksady bilen Wan kölüniň beýleki kenaryna geçmek üçin 3 sany gaýyk ýasapdyr, içine bolsa toplar we tüpeňler ýerleşdiripdir. Kanuny Solan Süleýmanyň 1538-nji ýyldaky Moldowiýa saparyndan ozal Prut derýasynyň üstünde 13 günde uly we beýik köpri gurup, soltanyň takdyryna mynasyp bolupdyr, Dunaý derýasynda-da birnäçe köpri gurupdyr. Goşunda logistika wezipesinde bolan Sinan bilimini inžener we arhitektor hökmünde tamamlady. Ol 1539-njy ýylda Baş arhitektorlar wezipesine saýlanan wagty 49 ýaşyndady. Bundan soňky 50 ýylyň dowamynda Sinan bütin imperiýany geň galdyran ençeme bina gurupdyr. Giden ähli ýerinde gören eserlerini ýakyndan derňän Sinan olardan alan mysallaryny türk arhitekturasynda ulanypdyr.

Italiýada Renessans arhitektorlarynyň arzuwy bolan merkezi gupbaly bina meselesini gupba ussady Mimar Sinan başarnykly ýagdaýda çözüpdir. Mimar Sinan ilkinji eserlerinde Osmanly arhitekturasynyň Iznik, Bursa, Edirne nusgalaryny mysal alypdyr. Mimar Sinanyň Baş arhitektor wezipesine bellenmeden ozal guran 3 eseri köpleriň ünsüni özüne çekipdi. Olar Halapdaky Hüsrewiýe kompleksi, Gebzedäki Çopan Mustafa kompleksi we Stamulda Hürrem Soltan üçin gurulan Haseki kompleksidir.

Mimar Sinanyň Baş arhitektor wezipesine belleneninden soň guran 3 uly eseri onuň sungat ussatlygynyň ösendiginiň görkezijisidir.  Ol eserleriň ilkinjisi Stambuldaky Şazada metjidi we kompleksidir. Şazada metjidi bundan soň gurulan ähli metjitlere nusga bolupdyr. Ikinji eser Süleýmaniýe metjididir. Bu eser Mimar Sinanyň Stambuldaky iň ajaýyp we owadan eseridir. Özüniň aýdyşy ýaly şägirtlik döwründe, ýagny 1550-1557-nji ýyllar aralygynda guruldy. Üçünji bolsa Selimiýe kompleksidir. Kopmpleks 1 metjitden, 2 medreseden we 1 mekdepden ybaratdyr. Mimar Sinanyň iň uly eseri 86 ýaşynda guran we ussatlyk eserim diýip aýdýan şol kompleksdäki Selimiýe metjididir. Eser 1575-nji ýylda dolulygyna gurulyp gutarylypdyr.

Mimar Sinan Baş arhitektor bolanyndan soň biri-birinden tapawutly ugurlarda iş alyp bardy. Käwagt bolsa köne binalary abatlady. Şol babatdaky iň uly we görnükli işi Aýasofýa boldy. Ençeme gezek gupbasy çöken we ýumrulan Aýasofýany ýaňadandan gurup, täp-täze görnüşe öwürdi we ony dolulygyna sungat eserleri bilen bezedi. 1573-nji ýylda Aýasofýanyň gupbasyny oňaryp, töweregine goşmaça diwarlar ördi we binanyň şu günki güne çenli gelip ýetmegini üpjün etdi. Ol köne owadan binalaryň töwereginde soňradan gurulan jaýlary ýumurtdyrdy. Şol sebäpli Zeýrek metjidiniň we Rumili galasynyň golaýyndaky käbir öýleri we dükanlary ýumurtdyrdy. Stambulyň köçelerini giňeltdi, öýleriň gurluşygy we başgada lagymlary birikdirdi. Köçeleriň kiçiligi sebäpli ýüze çykýan ýangynlara ünslei çekip, şonuň bilen baglanşykly perman çap etdirdi. 1588-nji ýylda Stambulda aradan çykan Mimar Sinan Sülemaniýe metjidiniň golaýyndaky özüniň guran sada aramgähinde jaýlandy.

Mimar Sinanyň guran eserleriniň arasynda 81 metjit, 55 medrese, 26 hapyz ýetişdirilýän mekdep, 17 aramgäh, 17 ymarathana, 3 hassahana, 5 suw ýoly, 20 kerwensaraý, 36 köşk, 8 ammar we 48 hammam bolmak bilen jemi 375 eseri bar. Bularyň arasyndaky Edirnedäki Selimiýe metjidi ÝUNESKO-nyň Bütündünýä miras sanawyna alyndy. Ussadyň bulardan daşary ençeme binanyň gurluşygynda goşan goşandynyň bardygy hemmä mälimdir.



Degişli Habarlar