Yslamy öwreneliň

Alla tagala adamy dünýä durmuşynda ýeke-ýaşňyz goýmandyr, ilçi hökmünde pygamber ugradypdyr, pygamberleri arkaly kitaplary inderip, olary hidaýada ýetirmegi nazarda tutupdyr

606496
Yslamy öwreneliň

Adam, aňly-düşünjeli jandar hökmünde ýaradylypdyr. Köp sanly ukyby bar. Emma allanyn buýrukdyr gadagançylyklaryny bilmek, haka we dogra düşünmek, alla nähili ybadat ediljekdigini öwrenmek üçin pygamberler we kitaplar gerekdi. Alla her bir döwürde adamlaryň arasynda saýlan pygamberlerini ugradyp, şol wajyplygy berjaý edipdir. Gurhanda: “Kasam edýän, biz her bir ummada “Allaga gulluk ediň, hetden aşa geçmekden çetde duruň” diýip, pygamberler ugratdyk” diýilmek bilen pygamberleriň ugradylyş sebäpleri beýan edilýär.

Beýik biribar adamlaryň arasynda iň haýyrlylaryny pygamber hökmünde belläp, adamlaryň bendelik borçlaryny berjaý etmekleri baradaky bahanalaryny ortadan aýyrypdyr. Buşlaýyjy we duýduryjy hökmünde ugradylan pygamberler allanyn adamlara bolan köp sanly lutufyndan biridir. Gurhanda bu barasynda şeýle diýilýär: “Kasam edýän, alla möminlere öz arasyndan; olara aýatlaryny okaýan, olary saplaýan, olara kitaby we hikmedi öwredýän pygamber ugradyp, uly lutuf etdi. Eýsem olar ozal ýalaňaçdy we ýoldan çykypdy.”

Pygamberlik işlemek bilen ýetilýän dereje däl. Allanyň lutufydyr. Alla şol wezipe üçin saýlan guluny ähli erbetliklerden gorar we wezipä laýyk kylar.

Beýik alla ähli gullaryndan pygamberlerine iman etmeklerini isleýär. Şeýlelikde pygamberlere iman etmek, imanyň esaslarynyň biridir. Pygamberlere iman edilmegi ýany bilen olaryň alladan getiren habarlarynyň hem ykrar edilmegini we şol buýruklaryň ýerine ýetirilmegini talap edýär. İlçini inkär etmek, ony ugradany hem inkär etmek manysyny aňladýar. Pygamberleriň arasynda tapawut goýmagyň, birine ynanyp beýlekisine ynanmazlygyň hem adamy dinden çykarjakdygy gurhanda beýan edilýär. Hezreti Pygamber bu barasynda, gurhan pygamberleriň diňe bir bölegini agzap geçipdir. Emma ger bir ummada duýduryjy hökmünde hökmany suratda bir pygamberiň ugradylandygyny beýan edipdir. Adam oglunyň dünýä inişinden Hezreti Muhammet ugradylýança ähli pygamberler şol bir dini, ýagny yslamy wagyz edipdirler. Kime, nirede we haçan ugradylsa ugradylsynlar, ähli pygamberleriň ýüzlenmesi birdir. Ählisini biri-birini tassyklapdyr, pygamberleriň hiç haýsysy beýlekisiniň aýdanyny ýalana çykarmandyr.

Adamlary allanyň dinine çagyran pygamberleriň başlangyç borçlary we tagallalary olary jähennem odundan goramaklykdyr. Hezreti Muhammet bu barasynda şeýle diýýär: “Meniň siziň bilen bolan gatnaşygym ýakan oduna mör-möjekler we kebelekler düşmäge başlanda olaryň öňüni almaga synanşýan adamyňka meňzeýär. Men sizi otdan goramak üçin guşagyňyzdan tutýaryn.siz bolsa meniň elimden halas bolup, oda girmäge synanşýarsyňyz.”

Pygamberler beýleki adamlardan bolmadyk ýokary ukyplara eýe, ýokary ahlakly, saýlama adamlardyr. Hemmeler tarapyndan görelde alynyp bilinjek nusgawy adamlardyr. Sap häsýetli we dogry ýyldan gyşarmajak häsýetde ýaralandyr. Yzgiderli häsýetde gowulyga, ýagşylyga çagyrarlar. Dogrulyk, ynamlylyk, akyllylyk, günä etmezlik we alladan alan buýruklaryny ummadyna bolşy ýaly habar bermek pygamberlerin umumy özboluşlyklarydyr.

Yslamda pygamber allanyn habarlaryny adamlara ýetirmekden jogapkär ilçileri we gullarydyr. Olary ylah hökmünde garamak bolmaz. Allanyň habar berenlerinden daşgary gaýyby bilmezler. Allanyn rugsady we hödür-keremi bolan gudratlardan daşgary peýda bermek ýa-da zyýanyn öwezini dolma güýçleri ýokdyr.

Alla pygamberlere pygamberlikleriniň subutnamasy bolan käbir gudratlary bagşedipdir. Oduň Hezredi Ybraýymy ýakmazlygy, Hezreti Musanyň hasasyny deňize uranda deňiziň ýarylyp olara ýol bermegi ýaly gudratlar adamlaryň gözüniň öňünde bolupdyr. Şol ajaýyplyklara garamazdan pygamberlere ynanmazlyga dowam edýänler, olary ýaňsylaýanlar, zulum edenler bolupdyr.

Pygamberler medeniýetiň ruhy faktorlarynyň esasyny emele getirýän dini wagyz edişleri ýaly medeniýetin maddy faktorlarynyň hem öňbaşçysy bolupdyrlar. Käbir sungat görnüşlerinde we usullarda ýol görkezipdirler. Mysal üçin İdris pygamber biçimçiligi, Nuh gämi gurluşygyny, Dawut demirçiligi we sowut ýasamagy, Lukman tebipligi adamzada öwredipdir.

Pygamberlerin adamlardan bolmagy diniň düşünilmegini we onuň berjaý edilmegini ýeňilleşdiripdir. Çünki pygamberler diniň buýruklaryny gönüden göni berjaý edip, görkezipdirler.

Dogruçyllyk, ynamdarlyk ýaly möhüm häsýetler pygamberler tarapyndan gyşarnyksyz berjaý edilipdir, ýokar ahlak düşünjesi ornaşdyrylypdyr.

Adamlardan hiç zada garaşman allanyň razylygynyň iň ýokary sylag bolandygyny subut edipdirler.

Ýakup pygamber umydy, Ýusup pygamber çydamlylygy, Musa pygamber hukugy, Eýýup pygamber bolsa sabyrlylygy bilen ummatlaryna we bütin adamzada unudulmajak dersler beripdir.


Etiketkalar: #yslam , #pygamber , #Muhammet , #adam , #Alla

Degişli Habarlar