Türkiýäniň we dünýäniň gün tertibi

Türkiýede Oraza baýramynyň yz ýanyndan, 20-nji iýulda guralan uly terrorçylykly waka başdan geçirildi

384333
Türkiýäniň we dünýäniň gün tertibi


Türkiýede Oraza baýramynyň yz ýanyndan, 20-nji iýulda guralan uly terrorçylykly waka başdan geçirildi. Siriýa serhedindäki Suruç etrabynda guralan kamikaze hüjümi sebäpli 31 adam ýogaldy, 100-e golaý adam ýaralandy. Hüjümde ýogalan ýa-da ýaralanan ýaşlaryň ynsanperwer kömek kampaniýasynyň çäginde Kobani etrabyna barýan topardygy bilinýär. Hüjümi guranyň şahsyýeti anyklandy. Premýer ministr Ahmet Dawutogly hem beren beýanatynda hüjümçiniň şahsyýeti barada durup geçdi.
Käbir synçylar hem ýaşlaryň alyp barýan işlerine salgylanyp hüjümiň Siriýanyň demirgazygynda dowam edýän PÝD-IŞID urşunyň beýany, çaknyşygyň Türkiýä ýaýramagynyň alamaty bolandygyny öňe sürdi. Eýsem terror guramasy IŞID bir ýyla golaý wagt bäri Siriýanyň demirgazygyndaky kürt, türkmen we arap ilatly ýerlerine hüjüm edýär. Hatda Kobani ýaly etraplary gözegçilik astyna alypdy. Şondan bäri sebitde IŞID bilen kürtleriň arasyndaky çaknyşyklar möwjeýär. Bu çaknyşyk elbetde Türkiýäniň serhet howpsyzlygyna hem zyýan ýetirýär we serhetdäki şäherlere howp salýar.


Suruçdaky waka Siriýadaky içerki urşuň tapawutly görnüşde goňşy ýurtlary hem öz içine almaga başlandygyny görkezýär. Siriýanyň gözegçilikden çykmagy sebäpli IŞID ýaly terror guramalarynyň diňe howa operasiýalary bilen ýok edilmegi mümkin däl. Şol sanda ýerli toparlaryň we sebitleýin güýçleriň arasynda hyzmatdaş edilip, bilelikde iş alynyp barylmagy möhüm. Şol çäkde dürli kombinasiýalar göz öňünde tutulyp bilner. Emma olaryň arasynda iň netijeli boljak hyzmatdaşlyk: IŞID-den ejir çekýän Türkiýe bilen kürtleriň, türkmenleriň, araplaryň we hat-da hristianlaryň arasynda bolar. Suruçda guralan hüjümden soň we şeýle hüjümleriň gaýtalanmazlygy üçin Türkiýäniň ABŞ bilen dowam edýän hyzmatdaşlygyna parallellikde Siriýadaky degişli taraplar bilen hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi mümkin.
Has açyk aýdylanda Suruçda guralan hüjümden son Türkiýe bilen Siriýadaky IŞID-e garşy kürtleriň arasyndaky dialog güýçlendirilmeli. Şonuň üçin bir usulyýet, Türkiýäniň 2010-njy ýyldan bäri dowam edýän Çözgüt ýa-da parahatçylyk tapgyryny güýçlendirmegi bolup biler. Çözgüt etaby esasan Türkiýäniň içindäki terror guramasy PKK-ny ortadan aýyrmak maksady bilen aşladylypdy. Emma geçen ýylyň dowamynda käbir meseleler ýüze çykypdy. İndi bu etabyň Siriýadaky kürt toparlaryny hem öz içine aljak görnüşde IŞİD we şuňa meňzeş terror guramalaryna garşy güýçlendirilip, giňeldilmegi mümkin.
Hem Suruçdaky ýaly terror wakalarynyň öňüniň alynmagy hem-de IŞID-e garşy göreşmek maksady bilen Çözgüt etabynyň başlamagy üçin üç şert bar. Birinjisi: Türkiýe we siriýaly kürtler, PKK hem-de onuň baglanşykly bolan PÝD ýaly ähli terror guramalarynyň ýekirilmeli barada ylalaşylmaly. PKK bilen gatnaşygy bolandygy bilinýän PÝD-niň pozisiýasynyň sebitdäki güýji Türkiýäniň esasy aladalaryndan biri. Şol alada ortadan aýrylman halatynda ne Çözgüt etaby ne-de Türkiýe bilen kürtleriň arasynda hyzmatdaşlyk mümkin bolar.
Ikinjisi: Siriýadaky beýleki taraplaryň hem etaba degişli edilmegi möhüm. Ýagny diňe kürtler däl, şol bir wagtda IŞID howpuna sezewar bolýan türkmenler, araplar we beýleki ýerli toparlar hem hyzmatdaşlyk etmeli. Şeýlelikde sebitdäki şäherçelerden ýa-da şäherlerden etniki saplaýyş maksady bilen kürt däl halkyň sürgün edilmegine ýa-da ejir çekmegine ýol berilmeli däl. Şol çäkde PKK-nyň we PÝD-niň Siriýadaky aksiýalary bes edilmeli. Türkiýäniň terror guramasy IŞID-e garşy göreşýärkä terror guramasy PKK ýa-da ony goldaýan guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmegi mantyk taýdan dogry däl. Bir terror guramasy bilen beýleki bir terror guramasyny ýok etmek mümkin bolup bilermi eýsem? Şeýlelikde sebitdäki terrora garşy bolan halklar, toparlar we gatlaklar, kim bolsa bolsun, hyzmatdaşlyk edip, umumy howp bolan IŞID-e garly hyzmatdaşlyk etmeli.
Üçünjisi: hususan terror guramasy IŞID-e garşy göreşde, umuman Siriýa meselesine çözgüt ugrundaky tagallalar bilen baglanşykly halkara taraplar hyzmatdaşlyk etmeli. Bu taýda esasy faktor Amerikan hökümetiniň 2014-nji ýylda başladan IŞID -e garşy göreş strategiýasydyr. Türkiýe başyndan bäri şol strategiýa goldaw berip, esasanda ABŞ bilen hyzmatdaşlyk ylalaşygynyň çäginde terrora garşy harby we maglumat operasiýalarynyň depginini güýçlendirdi.
Jemläp aýdanymyzda Suruç etrabynda guralan hüjüm Türkiýe we IŞID-e garşy göreşiň çäginde öwrülşik nokadydyr. Eger ol çuňlaşan halatynda IŞID terrorynyň Türkiýede-de ýaýbaňlanma howpy ýüze çykar. Şol howpyň öňüni almagyň iň netijeli ýoly ýerli halklar bilen hyzmatdaşlyk etmek we olara degişli goldawy bermekdir.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar