Din we jemgyýet

Diniň zulum etmeklige bolan çemeleşmesi

319929
Din we jemgyýet

Zulum etmeklik: adamyň janyna, emlägine, dinine, namysyna we jemgyýetiň tertip-düzgünine kast edýän güýç ulanmagy we basyşy öz içine alýan hüjümlerdir. Şonuň bilen birlikde adama we jemgyýete fiziki hem-de ruhy taýdan ejir çekdirmek, gorkuzmak, boýun egdirmek, ezýet we gynama maksatly ýok ediji hereketler hem zulum etmeklik hökmünde häsýetlendirilýär. Şeýlelikde gözegçiliksiz, aşa, duýdansyz we käte ýerliksiz ýagdaýda adamlara ýa-da dürli zatlara fiziki taýdan zyýan ýetmeklik hem zuluma degişli.
Adamzat taryhynyň esasy meselelerinden biri zulum meselesi. Görnüşi we başlangyç sebäpleri taýdan köpugurly faktorlardan biri. Zulum, köplenç ylalaşykdan ýüz öwürýän adamlaryň meselelerini gysga ýoldan çözmek isleginiň netijesi hökmünde ýüze çykýar. Şeýlelikde zulum beýleki bir zulumyň habarçysy diýsegem ýalnyşmarys. Bir zulum beýleki zulumlara şert döredýär.
Zulumyň birnäçe görnüşi bar. Käte zulum özüni hökmany suratda bir tekste esaslandyrýar. Şol tekstiň mazmuny; dini ynanç, kult, däp-dessur ýa-da mukaddes kitap bolup biler ýa-da syýasy hem-de ideologik jarnama, şygar, manifesto we zulumy hakly görkezýän haýsydyr bir argument bolup biler. Sebäbi zuluma ýüz tutýanlar öz hereketlerini legallaşdyrjak esaslanma gözlärler. İne şeýle halatlarda adama legal şert döredýän tekst ýa-da esas döretmek gutulgysyz bolýar. Şol tekstiň taýarlanmagynda dürli jemgyýetçilik-ykdysady, taryhy ýa-da medeni sebäpler bilen dini argumentler özüni görkezýär. Şeýlelikde zulumy legallaşdyrýan şol tekst, zulum edýäniň anynda edilýän hereketi ýerlikli görkezýär. Şondan soň edýän işini ýerlikli we peýdaly hereket ýaly görmäge başlaýar.

 

Diniň zulum etmeklige bolan garaýşy ozaldan bäri uly mesele hökmünde görülýär. Soňky döwürlerde yslam dininiň zulum edijiligi goldaýandygy öňe sürülmäge başlandy. Esasanda günbataryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yslam dini zulum bilen bilelikde agzalýan dine öwrüldi. Mediada we käbir töwereklerde alynyp barylýan şol kampaniýa şeýle ulaldyldy welin, bütin dünýäde başdan geçirilýän ähli çaknyşyklaryň, basyşlaryň, diňe öz çäginde seljerilmeli wakalar däl, eýsem gurhan, Hezreti Muhammet we yslam bilen baglanşdyrylmaga synanşylýar.
Yslam bilen bagly alynyp barylýan giň gerimli kampaniýanyň ýeke-täk sebäbi käbir musulman toparlarynyň ýa-da adamlaryň zulumy ýada salýan hereketleri. Bu taýda dine uýýanlaryň edýän ýerliksiz hereketleriniň köp sanly sebäbi bar. Şolaryň başynda musulman dünýäsinde başdan geçirilýän syýasy we ykdysady kynçylyklar durýar. Mysal üçin musulman dünýäsinde ozal bäri kolonial we basybalyjy hüjümlere garşy alynyp barylýan göreşler musulman dünýäsinde görülýän köp sanly çaknyşyklaryň esasy sebäbi bolup durýar. Esasanda käbir sebitlerde daşary ýurtlaryň golastynda ýaşaýan musulman halklar özlerine edilýän basyşlara hüjümler bilen garşylyk görkezýärler. Basypalyjylyga garşy güýç ulanmak arkaly göreşmegi saýlap alýarlar.
Dindarlaryň güýç ulanmagynyň beýleki sebäbi bolsa tapawutly dinlere uýýanlara bolan nädogry garaýyşlar. Oňa orta asyrlarda günbatar dünýäsinde ýehudi-hristiýan gatnaşyklaryny mysal bermek ýerlikli bolar.
Dini ynançlaryň zulum etmä salgylanma hökmünde peýdalanylmagynda iň üns çekiji zat, güýç ulanýanlaryň dini tekstler bilen güýç ulanmaklygyň arasynda gurýan arabaglanşygy. Tas ähli dini tekstlerde güýç ulanmak bilen baglanşdyrylyp bilinýän beýanlara gabat gelmek mümkin. Gurhanda käbir ýerlerde güýç ulanmagy ýada salýan frazalar bar. Allanyň ýolunda ediljek söweşiň eýe bolan ähmiýeti nygtalýar. Şeýle frazalar güýç ulanmaklykda hamala diýsersiňiz şygar edinýär. Emma Gurhanyň başda durmagynda beýleki ähli mukaddes tekstler adamlara hormat goýmakdan we pespällikden söz açýar. Adamyň öldürilmegi däl, eýsem eýe çykylmagy ýa-da onuň ýaşadylmagy ündelýär. Gurhanda pitnä, baş-başdaklyga, zuluma we haksyzlyga garşy durulýar. Adamlara ýagşylygy buýurmaklary, erbetliklerden çetde durmaklary onuň esasy özboluşlyklarynyň hatarynda görkezilýär.
Aslyna seredilende jihad, Alla ýolunda edilýän ähli tagallanyň we hereketiň ady. Onuň iň ýokary mertebesi, adamyň ilki bilen öz-özündäki erbet düşünjeler bilen edýän göreşi. Soňky tapgyrda bolsa bütin dünýä ulgamlarynda bolşy ýaly yslamyň döwleti daşary güýçlerden goramak üçin alyp barýan tagallalarynyň adyna öwrülýär. Şeýlede “jihad” sözüniň manysy “uruş” däl. Alla ýolunda söweşmek hem jihadyň bir görnüşi bolmak bilen birlikde jihad sözi Allanyň dinini ähli ýerde wagyz etmek durmuşa geçirilýän ähli isleriň we hereketleriň adydyr.
Gurhanyň beýan etmegine görä güýç ulanylýan hereketlere gizişmek beýlede dursun, olardan çetde durulmaly. Ýagşylyk we takwada başgalaryna kömek edilip bilner. Ediljek iş günä we hüjüm bilen bagly bolsa kömek bermek gadagan edilýär. Uruş meýdanlarynda hem bolsa aýallara, eli ýarag tutmaýan garrylara, başpena soraýanlara, din adamlaryna, jerime bermegi kabul eden kitaply dinlere uýýanlar bilen mejusylara hüjüm etmezlik, agaçlary ýerliksiz ýakmazlyk, haýwanlary öldürmezlyk yslam tarapyndan hemaýat astyna alynýar. İne şeýle dini güýç ulanylýan wakalar bilen bilelikde görmek ýalňyş bolsa gerek.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar