Din we jemgyýet

Ylahy dinlerdäki pygamber düşünjesi

294236
Din we jemgyýet

Ylahy dinlerdäki pygamber düşünjesi bilinýän hakykatlardan biri. Pygamberler taryh boýy jemgyýetçilik özgerlişikleriniň esasy öňbaşçylary hasaplanylýarlar. Şeýlelikde gepleşigimiziň bu sanynda bu tema barasynda durup geçmek isleýäris.
Adam ogly ýaradylaly bäri dowam edip gelýän pygamberlik derejesi adam bilen hudaýyň arasyndaky gatnaşyk ulgamynda hökmany serişdedir. Pygamberler ýer ýüzündäki janly wahýilerdir. Allanyň bendelerinden bolmasyny isleýän adam obrazynyň anyk nusgalarydyr. Pygamberlik derejesi işlenip, okap ýa-da başga bir görnüşde eýe bolunýan dereje däl. Biribar bendeleriniň arasyndan ýokary ukyplara eýe bolan adamlary ilçi hökmünde saýlar we şolaryň üsti bilen adamlara habar ugradar. İlçileriň beýleki adamlary wahýi bilen terbiýelemegini islär.
Adamlar pygamberleri görmeseler hem aň-düşünjeleri bilen allanyň bardygyna, birdigine ynanyp, ahlaky hakykatlary tapyp biljek ukyba eýe hem bolsalar sosial düzgün-tertibiň ýola goýulmagynda pygamberlik derejesiniň bolmagy hökmanydyr. Adam, ynsan bolandygy üçin käte duýgularyna we men-menligine asgyna gelmän biler. Diňe aňdan ybarat bolan çig güýji tapawutly ugurlarda peýdalanyp biler. Oňyn we ýaramaz taraplary bolan ynsan, yzgiderli häsýetde terbiýelenmäge mätäçdir. Edýän işleriniň ählisiniň netijesiniň nähili boljakdygyny bilmän biler. Şeýlelikde oňa dogry ýol görkezilmeli, ýagşy we ýaman zatlar düşündirilmeli, erbetliklerden çetleşdirilmeli, haýyrly işlere gönükdirilmeli. İne pygamberler şol jähtden adamlary terbiýeleýän, ýollaryny ýagtyldýan adamlardyr.
Aslyna seredilende pygamberler allanyň adama bolan rehnetiniň netijesidir. Öz başyna goýberilen adam ne bagty ne-de göreldeli hereketi tapyp biler. Ýaradylyşyna laýyklykda oňa ýolbelet, ýokary ukyply öňbaşçy gerek. Pygamberler ine şol nukdaý nazardan adamlaryň öňbaşçylarydyr.
Pygamberler wahýi getirip, allanyň isleglerine laýyklykda jemgyýetleri habardar ederler. Getiren habaryny adamlara ýetirmek üçin tagalla ederler we olary gönüden göni berjaý ederler. Has dogrusy wahýiniň maksadyny gönüden göni berjaý edip, görkezerler. Möminler oňa seredip musulmançylygy nähili berjaý etjekdiklerini we allarynyň özlerinden näme isleýändiklerini öwrenerler.
Pygamberlere iman etmek käbir tapawutlyklara seretmezden ähli ylahy dinlerde bar. Ýehudilikde hudaýyň pygamberiň üsti bilen gepleýändigi, Musadan öňki we soňky pygamberleriň ýaşap geçendigi ynanjyň özenidir. Emma yslamdan daşgary dinlerde käbir pygamberler barasynda pygamberlik derejesi bilen baglanşdyrylmasy mümkin bolmadyk tesizler öňe sürülýär. Hristianlyk özünden öňkileri ykrar edip, soňkylary ret edýär, şeýle-de pygamber adalgasyna başga manylar berýär. Yslam bolsa ähli pygamberleri ykrar edýär, pygamberlere iman etmegi musulmanlygyň şertlerinden biri hökmünde getirýär.
Yslam ynanjyna görä pygamberleriň arasynda bitewilik we yzgiderlilik bar. Pygamberler özlerinden öň gelenleri tassyklapdyr, soň geljekleri bolsa buşlapdyrlar. Aralarynda pygamberlik derejesi taýdan hiç hili tapawut goýmaýyşy ýaly, goýan düzgünlerinde-de mazmun taýdan haýsydyr bir tapawut görülmeýär. Olaryň ählisi allanyň birligine, ahyret gününe we pygamberleriň getiren ylahy taglymatlaryna ynanmaklygy ündäpdirler. Tapawutlyklar diňe döwrüň şertlerine we jemgyýetiň isleglerine görä üýtgeýän detallar bilen baglydyr. Ol hem adamyň sosial we psihiki gurluşyna, durmuşyň hakykatlaryna laýyk gelýän faktor. Şol ilçileriň her biri öz döwrüleriniň we kowumlarynyň isleglerini kanagatlandyrjak esaslary öwretmek üçin gelipdirler. Soňky pygamber Muhammet bolsa älemlere rehnet hökmünde iberilipdir. Ol haýsydyr bir kowuma ýa-da sebite däl, eýsem ähli döwürlere we bütin adamzada iberilen pygamberdir. İne şol sebäpli onuň goýan esaslary hem bütin adamzada niýetlenýär hem-de ýaradylyşa we tebigata laýyk gelýär.
Gurhanda beýan edilmegine görä käbir pygamberlere sahypalar görnüşinde kitap berilipdir. Eger şeýle bolsa her bir din hökmany suratda bir mukaddes kitaba esaslanýar. Şol tekstleriň iberilen halklary tapawutly hem bolsa adamlar üçindir. Adam Ata berilen sahypalar bilen Töwrat, İnjil we Gurhan mazmun taýdan biri-birinden tapawutly däl. Alla ysraýyl ogullaryna içinde bagtlylyk we nur bolan Töwrady inderipdir. Biri Merýemiň ogly İsa Töwrady tassyklap gelipdir, şeýle-de nur, ýol görkeziji we takwalara ündew hökmünde İnjili getiripdir. Hezreti Muhammet bolsa özünden öňküleri tassyklaýan Gurhan ündäpdir.
Allanyň dininiň soňky halkasy bolan yslam öňki pygamberleri we olaryň getiren ylahy taglymatlary ykrar edýär, pygamberleriň arasynda tapawut goýmazlygy allanyň dininiň esasy şerti hökmünde goýýar. Gurhanda köp sanly pygamberiň ady we özboluşlyklary gürrüň berilenden soň “İne pygamberler allanyň bagtly eden adamlarydyr. Senem şolaryň ýoluna uý!” diýilýär. Hezreti Pygamber ündeýän dini bilen ahlak taýdan-da täze bir habar berýär, öňden bar bolan ähliumumy ahlak ýörelgelerini dowam etdirýär.
Jemläp aýdanymyzda pygamberler bir tarapdan adaty ynsanlara meňzeýän hem bolsalar beýleki tarapdan özlerine mahsus käbir özboluşlyklary bar. Olar şol özboluşlyklarynyň saýasynda beýik alla bilen bendeleriniň arasynda ilçilik wezipesini berjaý edýärler. Şol dereje işlemek bilen eýe bolunýan dereje däl. Alla kime ilçilik wezipesini berjekdigini bilýär. İlçiniň öz döwrüniň iň akylly we iň gowy ahlaklysy bolmagy onuň esasy özboluşlygydyr. Eger-de bilkastlaýyn we oňa bagly bolmadyk sebäplerde ýalňyş ýüze çykjak bolan halatynda alla oňa dessine duýdurandyr. Pygamberleriň goralmagy olaryň borçlaryny ortadan aýyrmaýar. Onuň manysy şundan ybarat: pygamberiň günäden goralmagy ony boýun egmäge mejbur etmeýşi ýaly, günä etmeginiň hem öňüni almaz. Goranmaklyk allanyň eçilenlerinden biri bolup, ýagşylyk etmäge gönükdirer. Ýamanlykdan çetleşdirer. Emma ylahy synagy amala aşmagy üçin onda ýene-de ygtyýar bardyr.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar