Din we jemgyýet 04

Yslam dininiň getiren käbir ähliumumy gymmatlyklary

225512
Din we jemgyýet 04

Dinleriň hem özlerine mahsus käbir başlangyç düzgünleri we ýörelgeleri bardyr. Her ideologiýa we pelsepe ulgamy eýe bolan ýörelgeleri bilen beýlekilerden tapawutlanýar we garaşsyz ulgam hökmünde ýüze çykýar. Dinler hem eýe bolan ýörelgeleri bilen dini ulgam emele getirýärler we şolar bilen dine öwrülýärler. İne şol jähtden yslamyň hem beýleki dinlerden tapawutlanýan özüne mahsus ýörelgeleri bar. İman we yslam adalgalary bilen birlikde adamzadyň başlangyç gymmatlyklary hökmünde-de kabul edilip bilinjek käbir ýörelgeleriň bardygyny aýdyp bileris.
Yslam dininiň ornaşdyrmaga çalyşýan gymmatlyklarynyň başynda adamoglunyň hözirli durmuşda ýaşamagy gelýär. Gepleşigimiziň geçen sanlarynda-da nygtaýşymyz ýaly yslam dini, hususy ýa-da täze bir diniň ady bolman, Adam Atadan pygamberleriň soňkusy bolan Hezreti Muhammede çenli ýaşap geçen ähli pygamberleriň adamzada wagyz edilen we şol pygamberlere ynanlaryň ählisiniň tabyn bolan umumy dininiň adydyr. Şeýlelikde yslam dini adyndan hem belli bolşy ýaly parahatçylygyň, ynamyň we esenligiň kepilnamasydyr. İne şol sebäpden bolsa gerek, Hezreti Pygambere “Musulman kimdir” diýlip soralanda ol; “Musulmanlar, kimiň dilinden we elinden salamatda bolsalar, ine şol musulmandyr” diýip jogap beripdir. Yslam sözi, boýun egmek we tabyn bolmak manylary bilen hem azat görnüşde ýaradylan adamyň abraýyny we buýsanjyny kepillendirýär. Eýsem yslam dinine görä şertsiz boýun egilmeli awtoritar beýik ýaradan alladyr. Diniň belli döwürde belli gatlaklar tarapyndan ýoýulmagy we şoňa baglylykda jemgyýetlerde bozulmalaryň ýüze çykmagy din däl, eýsem şol dine uýýan adamlardyr.


Ýagşylygyň ýaýbaňlaşdyrylmagy, adamyň tebigatyna gabat gelmeýän erbetlikleriň ortadan aýrylmagy ylahy buýrukdyr. Mälim bolşy ýaly din, alla bilen adamyň arasyndaky özara gatnaşyga esaslanýar. Hiç hili araçy kabul etmeýär. Allanyň adama bolan gatnaşygynyň mazmuny şahsyň bagtlylygydyr. Şahslar bilen beýgelýän jemgyýetiň hözirli durmuşa eýe bolmagy. Dini teoriýalarda üstünde köp durulýan gowy işler adalgasynyň çägine seredilende olaryň ählisiniň gönüden göni adamyň bähbidine bolan zatlardygyna göz ýetirýäris. Şol gatnaşygyň adamdan allaga bolan tarapynyň mazmuny bolsa adamyň özüne edilen ýagşylyga oňyn çemeleşmeleri we nygmadyň gözbaşyna bolan wepalylygynyň beýanydyr. Şol iki taraply gatnaşygyň arasynda emele gelen atmosfera asudalyk, ynam, baglylyk atmosferasydyr. Biz bolsak ony iman häsýetlendirip bileris.

Yslam dininiň başlangyç ýörelgelerinden söz edilýärkä allanyň giňden bilinýän rahman we rahym sypatlary ýatlanmaly. Gynanma, söýgi, mähribanlyk, bol hödür-kerem we merhemet ýaly köp sanly oňyn manysy bolan şol adalga aslyna seredilende biziň üçin köp zat aňladýar. Eýsem rehnet we merhemet eýesi bolan alla, dünýämize rehnet we merhemet paýlamak üçin Hezreti Muhammedi ilçi hökmünde ýollapdyr. Ähli zat ozal barlyga mähirlilik duýgusy bilen garamagy talap edýär. Allanyň Hezreti Muhammet üçin “Biz siz älemlere diňe rehnet hökmünde ýolladyk” diýmegi, bütin dünýä berilýän ähliumumy ýüzlenmedir.
Yslam dininiň esasy ýörelgelerinden biri azatlykdyr. Yslamyň gözbaşy adama ygtyýar we karar bermek azatlygyny bermekdir. Beýik alla älem giňişligini dolandyrmak üçin iki görnüşli düzgün goýupdyr. Biri fiziki düzgünler bolup, olarda hiç kime goşulyşma hukugyny bermeýär. Allanyň goýan beýleki düzgünleri sosial düzgünlerdir. Olar sosial faktor bolan adamyň sosial durmuşyny düzgünleşdirmek üçin goýlupdyr. Emma adam ygtyýara eýe we azatlygy bolan faktordygy üçin şol düzgünleri ykrar edip etmezlikde erkindir. Sosial düzgünleriň iki çeşmesi bar. Biri allanyň adama beren aň-düşünjesi, beýlekisi wahýi arkaly gönderilen Gurhan. Adam sosial ulgamy gurýarka aň-düşünjäniň we wahýiniň ýolgörkezijiliginde bagtly durmuşa eýe bolar. Yslam dini her bir adama deň derejede dogry ýoly görkezýär, hiç kimi şol dogrulary kabul etmäge zorlamaýar.
Şübhesiz adamyň gulçylykdan halas edilip, azat bolmagy, ilki bilen teoriki, soňra bolsa iş ýüzündäki azatlyk bilen mümkin bolup biler. İne şol sebäpli yslamda pikir we pikirlenişi ýaly ýaşamak hukugy öňünde hiç hili päsgelçilik kabul etmeýär. Gurhan yslamyň zor bilen, basyş bilen däl, eýsem azat-erkin, pikir edilip we islege laýyklykda ykrar edilmegini salgy berýär. Eger şeýle bolman halatynda ýürekden ynanýan däl, eýsem göz boýaýan jemgyýetler emele geler.

Taryh boýy ideal jemgyýetleriň emele gelmegindäki esasy faktor adalat ýörelgesinin goralyp saklanmagydyr. Mälim bolşy ýaly pygamberleriň esasy borjy ýer ýüzünden pitnäniň we zulumyň aýrylmagyny, hakyň we adalatyň ornaşdyrylmagyny üpjün etmeklikdir. Gysgaça aýdylanda adalat, ýeke hudaýly dinleriň ýörelgesine öwrülipdir. Eýe bolan ähmiýeti sebäpli haka we adalada esaslanýan jemgyýetçilik ulgamynyň döredilmegi adamlaryň ygtyýarlaryna berilmeýär. İne şol sebäpli yslam dininiň adalat ýörelgesi şahsy hukukdan jemgyýetçilik hukugyna, ylahy jähtden ynsanperwer giňişlige, milli derejeden halkara derejä çenli uzap gidýär. Bir söz bilen aýdylanda durmuşyň ähli ugurlaryna ornaşypdyr.
Yslam dininiň getiren adalat ýörelgesine baglylykda dogruçyl we dürüst bolmak hökmany. Şol ýörelge yslamyň allanyň birdigini ykrar etmekden soň gelýän ikinji derejeli esasydyr. Bu barasnda Pygambere berilen buýruk iňnän möhüm. Sebäbi dogruçyllyk we dürüstlik her pursatda berjaý etmeli borjydyr. Gurhanda beýan edilmegine görä Rebimiz alladyr, diýip, dogruçyl çemeleşenlere, melekler gelip: “Gorkmaň, gynanmaň, size wada berilen jennet bilen bagtly boluň. Biz dünýä durmuşynda we ahyretde size dostdyrys” diýerler.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar