Din we jemgyýet 01

Din, medeni dünýämizi emele getirýän başlangyç adalgalardan biri.

212419
Din we jemgyýet 01

Din, medeni dünýämizi emele getirýän başlangyç adalgalardan biri. Ol adamzat döräli dowam edip gelýär. Adamzat taryhyna ser salanymyzda dine uýmaýan jemgyýetiň ýokdugyny görýäris. Taryhy döwürlerde bolşy ýaly taryhdan ozalky döwürlerde-de adam oglunyň käbir ynançlara eýe bolandygy geçirilen ylmy barlagdan belli bolýar. İne şular hem jemgyýeti esaslandyrýan başlangyçlardan biriniň dindigini ýüze çykarýar. Beýleki tarapdan pelsepe, hukuk, ahlak ýaly käbir gumanitar ylymlaryň gözbaşynyň hem dindigini kabul etmek ýerlik bolar. Wiktor Kuzin bu barasynda “ähli zat diniň töwereginde, ähli zat din üçin we ähli zat din bilen şekillendi” diýmek bilen, diniň jemgyýetiň içindäki ähmiýetine ünsleri çekýär. İne şol sebäpden diniň düýn bolşy ýaly şu günki günde-de öz ähmiýetini gorap saklaýandygyny aýdyp bileris.
Din diňe bir fiziki däl, eýsem yşga esaslanýan faktor. Jemgyýet bilen baglanşykly barlag geçirmek we jemgyýet barasynda maglumat almak isleýänler dini hem analiz etmelidirler. Şol sebäpli tapawutly taraplardan seljerilip bilinýän din faktory barasynda ýerlikli kesgitleme bermek gerek. Biziň arap dilinden alyp ulanýan din sözüniň köki barasynda dürli garaýyşlar bar. Şol çäkde din sözüniň arami-ibrani dilinden, gadymy Eýrandan ýa-da arapçadan alynandygy barasynda garaýyşlar bar. Emma sözün gelip çykyşy barasynda anyk netije alynyp bilinmeýär.
Din adalsy, söz we adalga hökmünde gündogarda we günbatarada dürli disiplinalarda dürli manylarda ulanylýar. Grek we latyn dillerinde diniň ýerine ulanylýan sözüň; gorky we çylşyrymly sarpa goýmak manysyny aňladýandygy görülýär. Eýranlylaryň “Azra” we “Ester” ýaly gadymy kitaplarynda höküm, emir we kanun manylarynda ulanylandygy bilinýär. Hinduizmiň mukaddes dili sanskritçede din adalgasynyň ýerine ulanylan sözüň hakykat, kanun, ýol, nyzam, dogrulyk we ýagşylyk ýaly manylary aňladýandygy nygtalýar.
Dürli gadymy medeniýetlerde ýokardaky manylarda ulanylan din sözüniň türk dilindäki ulanylşy arapça köküne esaslanýar. Emma din sözi şu günki günde ulanylýan görnüşinde arap dilinde birnäçe many aňladýar. Öz gurluşyna görä garşydaş manylara-da eýe bolandygy sebäpli din adalgasynyň manysy has giňdir.
Arap dilçi alymy Jöwheri diniň “adat, ýagdaý; jeza, baýrak, tabyn bolmak” ýaly manylarynyň bardygyny we adalga hökmünde diniň soňky manydan gelip çykýandygyny beýan edýär. Ragyp Al Yspyhany din sözüniň diňe tabyn bolmak we garşylyk manylaryny nygtap geçipdir. Terjimeçi Asym Efendi bolsa diniň otuzdan gowrak manysy barasynda aýdyp geçipdir. Olaryň diniň terminologik manylaryny ýakyndan gyzyklandyrýanlary şular: Jeza we garşylyk, Yslam, urp-adat, tabynlyk we boýun egmek, hasabat, häkimiýet we ýeňiş, häkimiýet we mülk, höküm we perman, makul ybadat, millet, şerigat.
Din sözüniň beýan edilen sözlük manylarynyň ýanynda yslam edebiýatynda giňden ulanylşy barada-da durup geçmek ýerlik bolar. Bu taýda ýalňyş kesgitleme bermezlik üçin yslam dininiň gözbaşy gurhana ýüz tutmak gerek. Gurhanda din sözi togsan iki ýerde agzalyp geçilýär. Üç aýatda-da dürli görnüşde ýer berilýär. Şol aýatlarda diniň şu manylarda ulanylandygy görülýär: tabynlyk, dolandyrmak-dolandyrylmak, höküm, çokunma, bitewi, yslam, şerigat, şeri jezalar, adat, garşylyk, hasap we millet.
Gurhanda din sözüniň agzalýan sürelerini nobatyna görä adalgany lingwistik taýdan seljerenler hem bolupdyr. Olaryň käbirlerine görä din sözüniň agzalýan aýatlarynyň ýarysyna golaýy yslamyň Mekge döwründe, beýleki ýarysy Medine döwründe iberilen aýatlarda agzalýar. Mekge döwrüniň başlarynda iberilen aýatlarda din adalgasy “gün” sözi bilen birlikde söz düzümi hökmünde ulanylypdyr. Manysy bolsa din güni, hasabat güni, jeza-sylaglanma güni görnüşinde. Din güni frazasy soňky ýyllarda gelen aýatlarda gaýtalanmaýar. Bu söz düzimi birinji döwürde gelen aýatlaryň umumy manysyna laýyklykda adamyň imanyna we amalyna görä hasap soraljak ahyret gününi aňladýar. Mekge döwrüniň ikinji ýarymynda gelen din bilen baglanşykly aýatlar seljerilende şol aýatlarda indi başlangyçda nygtalan jogapkärçilikden we hasabatdan, bitewilige we boýun egmä geçilendigi görülýär. Şoňa laýyklykda adam diňe allaga ybadat etmeli, oňa şirk goşmaly däldir. Din alla tarapyndan goýlan we adamlary oňa ýetirýän ýoldyr.
Medine döwründe Mekge döwründe ileri tutulan bitewilikden ummada, özüni allaga tabşyranlaryň jemagatyna geçirilýär. Emma bitewilik paganist jemgyýet bilen bolan gatnaşyklarda dolulygyna bir gapdala goýlup, hak din frazasy arkaly ýoýulan batyl dinlere garşy bu täze diniň berk esaslary nygtalypdyr. Döwrüň köp dinli gurluşynda allanyň öňündäki hakyky diniň şek-şübhesiz yslam dinidigi nygtalypdyr.
Şeýlelikde Mekge döwründe din adalgasy taryhyň akymyny we tebigatyň gidişini ugrukdyran, wagta we äleme höküm eden, dini orta goýan, hasabat gününi elinde tutýan allanyň awtoritary hökmünde beýan edilip bilinjek mazmuna eýe bolan bolsa, Medine döwründe şol mazmun giňeldilip, adamyň allaga bolan tabynlygynyň ömür boýy dowam etmegi, musulman jemgyýetiň öňündäki borçlaryny berjat etmegi, allanyň üýtgewsiz güýje we häkimiýete eýe bolmagy ýaly faktorlar hem diniň mazmunyna degişli edilýär.
Gurhan wahýiniň Mekge we Medine, iki döwründe-de din sözi diňe bir musulmanlaryň däl, başgalarynyň ynançlaryny-da beýan etmek üçin ulanylypdyr. Mysal üçin Mekge döwründe paganist ideologiýa garşy “Sizin diniňiz size, meniň dinim maňa” diýýän bolsa, Medine döwründe bolsa ähli adamlara ýüzlenip “ähli dinlerden ýokarda tutmak üçin pygamberini dogruçyllygyň ýolbeledi gurhan we hak dini bilen iberen oldur” diýilýär. İne şol jähtden yslam edebiýatynda yslam sözi bilen din sözi manydaş söz ýaly ulanylypdyr we ähli pygamberleriň getiren dinlerinin yslamdygy beýan edilipdir.
Din adalgasyny yslamy edebiýatlardaky manylaryny toparlar görnüşinde ine şeýle jemlemek mümkin:
1. Garşylyk, sylaglama, höküm we hasabat ýaly manylary aňladýar. Fatiha süresinin 4-nji aýady bilen nur süresiniň 25-nji aýaty şol manylary aňladýar.
2. Üstün çykmak, häkimiýet, ejizleme, basyş etmek ýaly manylary aňladýar. Nahl süresiniň 52-nji aýatyndaky “din daýyma şonuňkydyr” frazadaky din sözi şol manyda ulanylypdyr.
3. Tabynlyk, boýun egmek, hyzmat, ybadat ýaly manylary aňladýar. Bakara süresiniň 132-nji aýadyndaky “Alla siziň üçin din saýlady” frazasy din adalgasynyň şol manysyna mysal bolup durýar.
4. Adat, ýol, kanun, şerigat, millet, messep. “Meniň messebim we meşrebim şudyr” frazasyndaky din sözi muňa mysal görkezilip bilner.

Jemläp aýdanymyzda din, taryhyň iň irki döwürlerinden bäri dowam edip gelýän we mundan beýläk-de bar boljak sosial faktor. Din sözüne terminologik taýdan seredenimizde durmuşymyzyň görünýän we görünmeýän ähli ugurlaryny öz içine alýandygyna göz ýetirýäris. Din sözi dürli medeniýetlerde dürli adalgalar bilen beýan edilmek bilen birlikde, aňladýan manylary taýdan bir-birinden tapawutsyzdyr.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar