Din we jemgyýet 22

Ylahy kitaplaryň soňkusy bolan gurhan barasynda käbir maglumatlary dykgatyňyza ýetirmek isleýäris

88393
Din we jemgyýet 22

Gurhan sözüniň gelip çykýan köki barasynda dürli garaýyşlar bar. Terminologik manysy bolsa “Alla tarapyndan Jebraýyl arkaly soňky pygamber Hezreti Muhammede inderilen, sahypalara ýazylan, ählisi ýat tutulyp gürrüň berilen, okalmagy bilen ybadat edilýän, Pata süresi bilen başlap Nas süresi bilen gutarýan, başgalarynyň taýyny tapyp bilmedik arapja gudratly söz” diýip, häsýetlendirilýär. Şoňa laýyklykda Hezreti Pygambere inderilmedik kitaplara we sahypalara ýazylan Gurhanyň terjimesine ýa-da gurhanyň manylarynyň arap dilinde başga sözler bilen beýan edilen görnüşine, Hezreti Osmanyň hatyna gabat gelmeýän kytaplara we mukaddes hadyslara gurhan diýip bilmeris.
Gurhan Hezreti Muhammet 40 ýaşyna gelende inderilmäge başlanypdyr, tamamlanmagy Pygamber aradan çykýança 23 ýyl dowam edipdir. Bölekleýin inderilen Gurhanyň aýatlary, bir tarapdan kätiplere ýazdyrylan bolsa, beýleki tarapdan musulmanlaryň ýat tutmagyna aýratyn üns berilipdir. Hezreti Omaryň teklibi bilen Hezreti Abu Bekir döwründe ähli bölekleri bir kemsiz birleşdirlipdir. İki gapagyň arasynda ýygynda “Mushaf” ýagny sahypalar ady berilipdir. Şol kitap Abu Bekirden soň Omara, ol ýogalandan soň bolsa Hafsa gowrşulypdyr. Halyf Osman döwründe şol nusga köpeldilip, belli merkezlere ugradylypdyr.
Ählisi “Allanyň sözi” bolan gurhan, Hezreti Muhammediň gatnaşyk edýän gatlaklarynyň dürli hereketlerine, çemeleşmelerine, isleglerine, wakalara beýlekilere görä dürli döwürde aýat ýa-da süre görnüşinde inderilipdir.
Şol sebäpli temasynyň yzgiderli däldigi görülýär. Grafikasy sistematik eserlerde öwrenşilen gurluşa eýe däl. Mazmunyny emele getirýän temalar Mushafyň başyndan soňuna çenli beýan edilýär. Şeýlelikde gurhany şol tertipde okan adam, şol bir wagtda birinäçe temany gözden geçirer.
Ylahy kitaplaryň ählisi, wahýi gelen adamyň dilinde inderilipdir. Gurhan hem şol esasa laýyklykda arap dilinde inderilipdir. Metodunda gumanitar eserlerde görülýän kemiçilikleri görüp bilmersiňiz. Gurhanda ylahy maglumatlar barlygyň başlangyjy, adamyň ýaradylyşy we soňy hem-de gaýypdan habar bermek ýaly hususlar gadymy mukaddes kitaplarda-da bar. Gurhanyň gudraty onuň öz gurluşyna mahsus söz düzümi bilen bagly. Gurhanyň metodynyň özüne çekijiligi onuň hem şygyr hem-de proza özboluşlygyny özünde jemleýän ajaýyp poema emele getirýär. Gysga we manyly beýany saýlap alan bu kitapda az we uz sözlemek esas alynypdyr.
Şol kitap musulmanlaryň din we dünýä durmuşlary üçin başlangyç ýolbelet bolandygy sebäpli inderilen wagtyndan kyýamata çenli geljek möminler tarapyndan düşünilmeli. Musulmanlaryň däbinde tafsir ylymy şol jähtden iňňän möhüm hasaplanylýar. Eýsem özleşdiriş etabynda tafsir disiplinasyna degişli bolan düşündiriş tapgyry gurhana düşünmek üçin ilkinji we esasy başlangyç bolup durýar. Ähli sözler ýaly ylahy söz hem belli bir wagtyň dowamynda we ýerde, belli wakalar tapgyrynyň çäginde emele gelendir. Ol bolsa adama ýüzlenip bilmegiň ýolydyr. Ylahy söz diňe şol çäkde adam üçin düşnükli bolar. Eýe bolan ähmiýeti sebäpli wagtyň geçmegi bilen gurhanda beýan edilýän ygtykat, ahlak, syýasat, hukuk we ybadat ýaly mowzuklaryň her biri üçin dürli disiplinalar döredilipdir. Şol disiplinalar aýatlaryň sözlük manylary bilen birlikde baý milli däplere we ýaşalýan döwrüň şertlerine-de üns bermelidir. Yslamyň başlangyç döwürinden daşlaşyldygy saýyn duçar bolunýan meseleler, kynçylyklar köpelipdir, şoňa laýyklykda täze analiz usulyýetleri ýüze çykypdyr. Netijede täze netijeler ýüze çykýar.
Näme sebäp bilen bolsa bolsun, musulmanyň gurhany okamagy ähli taraplaýyn özbaşdak ybadat aýratynlygyndaky hereket hökmünde kabul edilipdir. Elbetde yslama düşünmek we onuň durmuş praktikasyna geçirilmegi üçin gurhanyň mazmunynyň bilinmegi hökmany. Getiren ýüzlenmesine düşünmek möhüm ähmiýete eýe. Emma şol düzgün gurhanyň okalmagynyň ybadat bolmagyna, gurhany okaýana şol hereketi sebäpli ejir we sogap berilmegine päsgel bolmaz. Gurhanda we hadyslarda gurhany okamaga we diňlemäge musulmanlaryň taryh boýy üns berendikleri görülýär. Olaryň medeni baýlyklaryndan birine öwrülen başlangyç ybadat görnüşi bolupdyr. Manysyna düşünip we ünsi bilen okalmasa hem ybadat hökmünde kabul edilipdir. Şol düşünje gurhanyň arap diliniň düzgünlerine görä okalmagynyň we kiçi ýaşdan başlap şol tälimiň berilmeginiň hökmanylygyny ýüze çykýar. Gurhanyň manysynyň we çagyryşynyň eýe bolan ähliumumylygy bilen birlikde ýer ýüzündäki ähli musulmanlara arap dilini öwrenmek we oňa düşünmek şertini goýmazdan, mukaddes kitaby okap we diňläp ybadat etme mümkinçiligini döredipdir. Gurhanyň hidaýet şuglasy bolmagy onuň okalmagy, manysyna düşünmek we ündeýän wagyzynyň ykrar edilmegi hem-de durmuşa geçirilmegi bilen mümkindir. Şonuň üçinem adamlary gurhan okamaga höweslendirmek, aradaky bökdençlikleri mümkingadar aýyrmak möhüm.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar