Din we jemgyýet 20

Din bilen ylymyň arasyndaky gatnaşyk

77535
Din we jemgyýet 20

Din bilen ylymyň arasyndaky gatnaşyk meselesi, düşünje taryhynyň dowamynda bolşy ýaly häzirki döwürde-de öz ähmiýetini gorap saklaýan meselelerden biri. Bu mesele eýe bolan ähmiýeti sebäpli diňe bir ylym, pelsepe we din bilen meşgullanýanlary däl, jemgyýetiň her bir gatlagyndan adamlary özüne çekmäge dowam edýär. Din-ylym gatnaşygy barasynda kelle döwen intellektuallaryň bu barasyndaky pikirleri umuman “çaknyşyk, bölünşik, utgaşyklk we dinileşme” ýaly dört bölüm görnüşinde seljerilipdir.
Çaknyşykçylaryň pikiriçe ylym we din, şeýle garşydaş we biri-birine garşydaş pikirlere wekilçilik edýärler welin, jemgyýetleriň öňünde çaknyşman bilmez. Sebäbi ylym, erkin pikiri, tejribä esaslanýan ylmy barlaglary we hakyky gymmatlyklara wekilçilik edýär. Din bolsa batyl ynanç, garaňkylyk, duýgyly gymmatlyklar we hoşniýetsizlik manylaryny aňladýar. Şol düşünjeleriň başynda pozitiwizm bilen ewolýusionist we filosofiki naturalizm durýar. Olar dini dolulygyna ret edýärler. Adamzadyň ösüşiniň ýeke-täk umydyny ylymda görýärler. Günbataryň koloniýasynda ýaşaýan musulman pozitiwistleri we naturalistleri hem şol dünýä garaýşy kabul edýärler. Döwrebaplaşma we swilizasiýa ýolunyň ýagtyldyjysy atlandyrylýan ylym bilen yslamyň biri-birine garşydygyny öňe sürüp, çaknyşykly ekolyň bizdäki beýanyny emele getirýärler. Şol intellektuallar ylymy diniň ýerine goýmaga synanşdylar.
Din bilen ylymyň biri-birinden aýry iki ugurdygy mälimdir. Bu çaknyşma tezisleriniň bir bölegi wahýi edilen teologiýa, beýleki bölegi bolsa tebigy ýa-da rasional teologiýa bilen baglydyr. Bu barasyndaky mysallar käte ylahy wahýi ýoly bilen inderilen mukaddes kitaplar, käte bolsa soňky din alymlary tarapyndan teoriýalaşdyrylan düzgünlerdir. Din bilen ylymyň çaknyşygy aslyna seredilende 16-njy asyrdan soň hristiýan günbatarda ýüze çykan adalga. Tersine yslam bilen ylymyň arasynda umuman alnanda taryh boýy uly bir meseläniň başdan geçirilmändigi bir hakykatdyr. Edil şonuň ýaly-da hristiýan ulamasynyň mukaddes kitaplaryna bolan garaýşy bilen musulman ulamasynyň gurhana bolan garaýşynyň arasynda-da uly tapawutlyklar bar. Eýsem ylym bilen çaknyşýandygy pikir edilýän diniň hristiýanlykdygy barasynda alymlaryň arasynda bir ylalaşyk bar diýsek ýalňyşmarys. Bu taýda üns berilmeli husus diňe ylymyň özboluşlyklaryny hem öz içine alýan görnüşde düşünmek, ylymda bolsa diniň funksiýasyny gözlemek, din bilen ylymy çaknyşdyrmagyň başynda durýan sebäplerden biridir.
Ýokardaky bölünmelerden birinjisi; bir taraply görnüşde bilim tarapynda durup, diniň garşysynda durýan bolsa, ikinjisi: iki ugura-da öz tarapyna aýratynlyk berýär. Şol nukdaý nazardan tarapsyz çemeleşýär. Üçünjisi we dördünjisi bolsa; esasan diniň tarapynda durýar. Birinji pikire görä din dolulygyna manysyz, gumanitar önüm bolýan bolsa, beýlekisine görä din öz içinde diýseň legal we gymmatly kabul edilýär. Ylym bilen diniň arasndaky gatnaşyklar ulgamyny düşündirjek iň amatly usulyýetý, din bilen ylymyň gurluşyna laýyklykda tebigy ýagdaýda aralarynda bar bolan belli we çäkli tapawutlyklaryň görülmegi hem-de kabul edilmegi bolmalydyr. Käbir bölüji çemeleşmeleriň tarapdarlarynyň pikiriçe din bilen ylymyň arasynda asla ýatdan çykarylmaly däl bolan tapawutlyklar bar we haýsydyr bir çaknyşygyň bolmazlygy üçin elmydama çetde tutulmaly däl. Şonuň bilen birlikde din bilen ylymyň gatnaşygyny kesgitleýän ýeke-täk faktoryň hem belli tapawutlyklarynyň ýokdugy öňe sürlüp bilner. Eýsem din bilen ylymyň arasynda tapawutlyklaryň bar bolşy ýaly birmeňzeşlikler we ýakynlyklar hem ýok däl.
Ähli zatdan ozal ylmy maglumat dolulygyna obýektiw, dini maglumat bolsa dolulygyna subýektiwdir diýilýän garaýyş hakykatyny beýan etmeýär. Ylymy pelsepedäki netijeler ylymyň başlangyç düzgünleriniň we gazananlarynyň tapawutly düşündirişlerini ýüze çykarýar. Birnäçe tarapdan köp sanly adamlaryň özlerine esaslanyp ylymyň esaslandyrandygyny öňe sürýän pelsepewi pikirleri we düşünjeleri esasan şübheli zatlardyr. Beýleki tarapdan ylym bilen din mejbury ýagdaýda biri rasional beýleki irrasional iki aýry zat däl, eýsem umumy özene eýedirler. Alym we dini öwreniji biri-birleri bilen utgaşmaýan, gapma garşy zatlar bilen meşgullanmakdan daşdadyrlar. İkisi hem dünýä we adamyň dünýädäki ýerine düşünmäge synanşýarlar. Hakyky taňry ähli zadyň rebidir. Biziň pikirimizçe teologiýa bilen ylym ilki aňda emele gelendigi üçin ikisini biri-birinden çürt kesik aýyrmak ýalňyş bolar.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar