Ýaponiýada we Ekwadorda ýer titremeler boldy

Ýaponiýanyň paýtagty Tokionyň günortasyndaky Ogasawara adalarynyň suw giňişliginde ýerli wagt bilen sagat 09:39-da 6 bal ululygynda ýer titreme boldy

2142115
Ýaponiýada we Ekwadorda ýer titremeler boldy

Ýaponiýanyň Meteorologiýa agentliginiň habar bermegine görä, güýç merkezi Ogasawara adalarynyň suw giňişligi bolan 6 bal ululygyndaky ýer titremäniň ýeriň 50 km aşagynda emele geldi. 

Ýer titremeden soň sunaminiň boljakdygy barada duýduryş berilmedi.  

Ekwador döwletinde-de 5,2 bal ululygynda ýer titremesi boldy. 

ABŞ-nyň Geologiýa ylmy-derňew guramasy güýç merkezi El Oro welaýatynyň Pinas şäherçesi bolan 5,2 bal ululygyndaky ýer titremäniň ýeriň 88 km aşagynda emele gelendigini habar berdi. 

Ýer titremede adam pidalary we maddy zyýan çekilmedi. 



Degişli Habarlar