G-7-ä Agza Ýurtlaryň Liderleri Italiýada Bir Ýere Jemlenişdi

Sammite hormatly myhman hökmünde gatnaşýan Prezident Erdoganyň gün tertibinde Gaza meselesi esasy orun eýeleýär.

2152866
G-7-ä Agza Ýurtlaryň Liderleri Italiýada Bir Ýere Jemlenişdi

ABŞ-dan, Ýaponiýadan, Kanadadan, Germaniýadan, Fransiýadan, Italiýadan we Britaniýadan ybarat dünýäde ykdysady taýdan ösen 7 ýurduň lideri düýn Italiýada bir ýere jemlenişdi.

Italiýada geçirilýän G-7-niň liderler sammitinde Ysraýylyň Gazadaky gyrgynçylygy, Russiýa-Ukraina söweşi sebäpli ýüze çykan halkara meseleler we ykdysady hyzmatdaşlyk, energetika we azyk pudagynda başdan geçirilýän kynçylyklar ara alnyp maslahatlaşylýar.

Sammite hormatly myhman hökmünde gatnaşýan Prezident Erdoganyň gün tertibinde Gaza meselesi esasy orun eýeleýär.

Prezident Erdogan sammitde etjek çykyşynda, Gazada hüjümleriň bes edilmegi üçin Türkiýäniň edýän tagallasyna we Ysraýylyň 8 aýdan bäri Gazada edýän gyrgynçylygyna ünsi çeker.



Degişli Habarlar