Ukraina Russiýa degişli harby uçary ot açyp ýere gaçyrdy
Ukraina Donetsk sebitinde Russiýa degişli Su-25 kysymly harby uçary urup düşürdi
Ukrainanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda: "Rus harby uçarlar ýere gaçmaga dowam edýär. 110-njy Mehanizirlenen brigada degişli ukrainaly söweşijiler Donetsk sebitinde ýene-de 1 sany Rus Su-25 harby uçaryny ýere düşürdi. Bu bolsa maý aýynyň başyndan bäri 110-njy Mehanizirlenen brigada tarapyndan ýere gaçyrylan 4-nji rus harby uçar boldy" diýip habar berildi.
2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Russiýanyň döwlet baştutany Wladimir Putin, Ukrainanyň basylyp alynmagy barada buýruk beripdi, şeýlelik bilen Russiýa-Ukraina uruşy başlapdy.
Putin Kiýewiň NATO agza bolmagynyň öňüni almak we ony Russiýanyň täsiri astynda saklamak üçin ýurduň ýaragsyzlandyrylmagyny we nasistlerden saplanmagyny maksat edinýändigini habar beripdi.
Degişli Habarlar
Russiýanyň Parahatçylyk güýji Garabagdan çekildi
Garabagda ýerleşdirilen Russiýanyň Parahatçylyk güýjüniň sebitden çykmak tapgyry tamamlandy
Gazada Ýogalanlaryň Sany Artýar
Ysraýylyň 250 günden bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.