Kuweýtde bolan ýangynda 39 adam ýogaldy

Kuweýdiň günortasyndaky Ahmedi welaýatynda bolan ýangynda 39 adam ýogaldy, köp sanda adam ýaralandy

2152118
Kuweýtde bolan ýangynda 39 adam ýogaldy

Resmiler Mankaf sebitindäki 2 aýry binada bolan ýangynda ilkinji kesgitlemelere görä 35 adamyň ýogalandygyny, ýaralanan 15 adamyň hem hassahanada bejergi astyna alynandygyny, ýaralanan 4 adamyň edilen ähli tagallalara garamazdan halas edilip bilinmändigini habar berdiler. 

Raýat goranyş we saglygy goraýyş toparlary 11 adamy halas etmegiň hötdesinden geldiler. 

Adam pidalarynyň aglabasynyň tüsseden ýogalandygy, ýangynyň bolsa näme sebäpli ýüze çykandygynyň bolsa derňelýändigi mälim edildi. 


Etiketkalar: #bina , #ýangyn , #Kuweýt

Degişli Habarlar