Pakistanda uçarmansyz howa ulagy bilen hüjüm guraldy

Ullah waka bilen baglanşykly derňew işiniň başladylandygyny mälim etdi

2139764
Pakistanda uçarmansyz howa ulagy bilen hüjüm guraldy

Pakistanda uçarmansyz howa ulagyndan atylan raketanyň öýleriň birine degmegi netijesinde aralarynda çagalar hem bolan 4 adam ýogaldy. 

Polisiýa gullugynyň resmisi Hidaýet Ullah, Pakistanyň Owganystana goňşy bolan Weziristan sebitindäki hüjüm bilen bagly beýanat berdi. 

Şahsyýetleri entek anyklanmadyk adamlar tarapyndan uçarmansyz howa ulagyndan raketa atylandygyny aýdan Ullah, ilkinji kesgitlemelere görä aralarynda çagalar hem bolan asuda ilatdan 4 adamyň ýogalandygyny habar berdi. 

Ullah waka bilen baglanşykly derňew işiniň başladylandygyny mälim etdi. 

Sebitiň ýaşaýjylary ýogalan adamlaryň jesetlerini harby bazanyň golaýyna alyp baryp, hüjümi protest etdiler. 



Degişli Habarlar