Ysraýyl Bilen Hizbullahyň Arasyndaky Çaknyşyklar Dowam Edýär

Ysraýyl, Liwanyň günortasynda ýerleşýän Hiýam etrapçasyna hüjüm gurady.

2129349
Ysraýyl Bilen Hizbullahyň Arasyndaky Çaknyşyklar Dowam Edýär

Gazada gyrgynçylyk edýän Ysraýyl, Liwana garşy guraýan hüjümlerini hem dowam etdirýär

Ysraýyl, Liwanyň günortasynda ýerleşýän Hiýam etrapçasyna hüjüm gurady.

Hüjümde fosfor bombasynyň ulanylandygy öňe sürülýär.

Eýran tarapyndan goldaýna Hizbullah hereketi Ysraýylyň hüjümlerine gaýtawul görkezdi.

Çaknyşyklarda Hizbullaha agza 2 adam ýogaldy.

Ysraýylyň harby goşuny bilen 8-nji oktýabrdan bäri serhet galasynda bolan çaknyşyklarda Hizbullaha agza 278 adam ýogaldy.

Beýleki tarapdan Hizbullahyň düýn Ysraýylyň Liwan serhedindäki Arap al Aramşe obasyna gurana hüjüminde ysraýylly 19 esger ýaralandy.

Ysraýylyň harby goşuny Liwan serhedindäki Arap al Aramşe obasyna uçarmansyz howa ulaglary bilen guralan hüjümde 6-sy agyr 14 esgeriň ýaralanandygyny mälim edipdi.



Degişli Habarlar