ÝB-ne Agza Ýurtlaryň Liderleri Brýusselde Duşuşar
ÝB-ne agza 27 ýurduň döwlet we hökümet baştutanynyň gatnaşmagynda şu gün başlajak ÝB-niň liderler maslahaty iki gün dowam eder.
2128917
ÝB-ne agza ýurtlaryň liderleri, ykdysadyýet, Ukrainada, Türkiýede we Ýakyn Gündogarda başdan geçirilýän soňky wakalary ara alyp maslahatlaşmak üçin Brýusselde bir ýere jemlenişýär.
Belgiýanyň paýtagty Brýusselde ÝB-ne agza 27 ýurduň döwlet we hökümet baştutanynyň gatnaşmagynda şu gün başlajak ÝB-niň liderler maslahaty iki gün dowam eder.
ÝB-ne agza ýurtlaryň liderleri iýun aýynyň 6-9-y aralygynda geçiriljek Ýewropa Parlament saýlawlarynyň öňüsyrasynda soňky gezek bir ýere jemlenşer.
ÝB-niň liderler maslahaty, ÝB Geňeşiniň başlygy Çarles Mişeliň ýolbaşçylyk etmeginde geçirler.
Degişli Habarlar
Owganystanda Metjide Guralan Hüjümde 6 Adam Ýogaldy
DEAŞ, wagtal-wagtal esasan şaýy Hazaralara garşy hüjümler guraýar.