Gazada Ýogalanlaryň Sany 33 Müň 899 Adama Ýetdi

Ysraýylyň harby goşuny 194 günden bäri Gaza Sektoryny bombalaýar.

2128894
Gazada Ýogalanlaryň Sany 33 Müň 899 Adama Ýetdi

Ysraýylyň soňky 24 sagatda Gaza Sektoryna guran hüjümlerinde ýene-de 56 palestinaly ýogaldy.

7-nji oktýabrdan bäri Ysraýylyň Gaza Sektoryna guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 33 müň 899 adama ýetdi.

Ysraýylyň harby goşuny 194 günden bäri Gaza Sektoryny bombalaýar.

Palestinanyň Saglygy Goraýyş ministrliginden berlen beýannamada, Ysraýylyň soňky 24 sagatda Gaza Sektoryna garşy guran 6 hüjüminde 56 adamyň ýogalandygy, 89 adamyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Beýannamada, hüjümde ýogalanlaryň sanynyň 33 müň 899, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 76 müň 664 adama ýetendigi ýatladyldy.

 



Degişli Habarlar