Ukrainanyň goşunynyň Zaparožýe sebitine hüjüm gurandygy bellendi

Russiýa tarapyndan anneksiýa edilen Zaparožýe sebitindäki Tokmak şäherine Ukrainanyň goşuny tarapyndan guralan hüjümiň netijesinde 10 adam ýogaldy

2127339
Ukrainanyň goşunynyň Zaparožýe sebitine hüjüm gurandygy bellendi

Zaparožýe sebitiniň gubernatory Ýewgeniý Balitskiý, Telegram hasabyndan beren beýanatynda, Ukrainanyň goşunynyň sebitdäki Tokmak şäherine köp nilli raketalar bilen hüjüm gurandygyny habar berdi. 

Ýewgeniý Balitskiý hüjümiň netijesinde 10 adamyň ýogalandygyny, 13 adamyň ýaralanandygyny, 2 adamyň bolsa dereksiz ýitendigini beýan etdi. 

Hüjümiň netijesinde 5 ýaşaýyş jaýynyň bölekleýin häsýetde ýumrulandygyny aýdan Ýewgeniý Balitskiý, wakanyň bolan ýerinde gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigini mälim etdi. 

Ukrainanyň Donetsk, Lugansk, Zaparožýe we Herson sebitleri Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň 2022-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda gol çeken kararnamasy bilen bikanun ýagdaýda anneksiýa edilipdi. 



Degişli Habarlar