Zelenskiý Russiýanyň 300 müň esgeri mobilizlejekdigini öňe sürdi

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Russiýanyň 1-nji iýundan başlap 300 müň esger mobilizlemegi meýilleşdirýändigini öňe sürdi

2124722
Zelenskiý Russiýanyň 300 müň esgeri mobilizlejekdigini öňe sürdi

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý Finlýandiýanyň Prezidenti bilen geçiren metbugat ýygnagynda: "1-nji iýundan başlap Russiýanyň goşmaça 300 müň esger mobilizlejekdigini aýdyp bilerin" diýip habar berdi. 

Mart aýynda Vyorstka gazedi hem: Harkowa hüjüm etmek üçin goşmaça 300 müň esgeriň mobilizlenjekdigini ýazypdy. Gazediň Döwlet baştutanyna we Goranmak ministrligine ýakyn bolan bir çeşmelere salgylanyp: "Meýilnama görä nobatda Harkow bar, emma şäher berk durar. Ol bolsa şäheriň töwereginiň gabaw astyna alynmagy bilen mümkin. 300 müň esger kem. Şol sebäpli 2-nji mobilizlenme üçin taýarlyklar tamamlandy" diýip ýazypdy. 

Russiýa Federasiýasynyň Döwlet baştutanynyň metbugat sekretary Dmitriý Peskow hem Zelenskiýniň beýanatynyň nädogrydygyny aýtdy. 



Degişli Habarlar